HABARLAR

TÜRK­ME­NIS­TAN — BSG: äh­mi­ýet­li hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi

Hä­zir­ki wagt­da ata Wa­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­ga aý­ra­tyn uly üns ber­ýär. Bu gu­ra­ma bi­len gel­je­gi uly hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek ba­bat­da ýur­du­myz uly iş­le­ri alyp bar­ýar. Muňa de­giş­li ugur­da Türk­me­nis­ta­na Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­na go­şul­ýan ýurt («iş­jeň syn­çy») de­re­je­si­niň be­ril­me­gi aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ge­çen 2023-nji ýyl­da Türk­me­nis­tan bi­len ne­ti­je­li we yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş bo­lup dur­ýan Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li we­ki­li­ýe­ti ýur­du­my­za iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy. Onuň çäk­le­rin­de we­ki­li­ýet ýur­du­myz bi­len bu dü­zü­miň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy has-da iler­let­mek ba­bat­da bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak mak­sa­dy bi­len, pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ry­nyň bir­nä­çe­sin­de du­şu­şyk­la­ry ge­çir­di. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, ola­ryň ha­ta­ryn­da Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet, Da­şa­ry iş­ler, Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­lik­le­ri, Mer­ke­zi bank h

Dok­tor Az­gar­hil Man­gal, «Man­gal Trans­port & Ship­ping GmbH» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy.

— Men Türk­me­nis­tan­da ama­la aşy­ryl­ýan her bir işe uly gu­wanç bi­len se­red­ýä­rin. Hä­zir­ki wagt­da Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­na gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän bir­ža­lar, bank­lar köp. Bu ba­bat­da Bü­tin­dün­ýä ban­ky­ny my­sal al­sa­k, ýe­ter­lik­mi­kä diý­ýä­rin. Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň müm­kin­çi­li­gi uly. Bal­kan we­la­ýa­ty se­na­gat taý­dan ös­ýän se­bit. Gy­ýan­ly şä­her­çe­sin­de ön­dü­ril­ýän po­lie­ti­len we po­lip­ro­pi­len önüm­le­ri­ni, Ga­ra­bo­gaz şä­he­rin­dä­ki kar­ba­mid önüm­le­ri­ni eks­por­ta äkit­mek üçin uly güýç ge­rek. Şo­nuň üçin hem dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ulag-lo­gis­ti­ka kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ün­si Türk­me­nis­tan­da. Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan dün­ýä ýurt­la­ry bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy, ulag-lo­gis­ti­ka, ma­ýa go­ýum ýa­ly ugur­lar­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň çuň­laş­dy­ryl­ma­gy­na we hyz­mat­daş­ly­gyň ugur­la­ry­nyň gi­ňel­dil­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýär. Ýur­duň döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň ama­la aşyr­ýan dur­muş ugur­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­tan bu ugur­

Türkmenistan we Awstriýa ulag boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitledi

Ýakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Awstriýa iş sapary amala aşyryldy. Saparyň çäklerinde Federal Prezidentiň ofisiniň, Ýewropa we daşary işler ministrliginiň, Zähmet we ykdysadyýet ministrliginiň, Awstriýanyň Federal ykdysady palatasynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Sanly bilim ulgamy barha kämilleşýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda alnyp barylýan işleri döwrebap ösdürip, öz milli köklerimiz esasynda guramak, ösüp gelýän ýaş nesli ata-babalarymyzyň göreldesinde terbiýelemek mugallymlaryň öňündäki esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ýurdumyzda sanly bilim esasynda üznüksiz bilim üçin giň mümkinçilikler döredilip, okatmagyň usullary yzygiderli baýlaşdyrylýar. Innowasion usulda sanly bilim we dünýä tejribesi okuw işine ornaşdyrylýar. Bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalary ýokary hilli elektron göterijilerdäki maglumatlar esasynda kämilleşdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly dolandyryş ulgamyna geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şol sanda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy” esasynda mekdeplerde, bilim edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak işiniň gerimi barha giňeýär. Innowasion tehnologiýalardan işjeň peýdalanmak başlangyç synplarda berilýän bilimiň okuwçylar tarapyndan aňly-düşünjeli özleşdirilmeginiň bir serişdesidir. Olar sapagyň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga, çaganyň işjeňligini artdyrmaga täsir edýär. Başlangyç synplarda multimedia tagtasynd

«Geljegiň logistikasy» atly maslahat geçiriler

4-nji aprelde Sankt-Peterburgda dabe öwrülen «Geljegiň logistikasy» atly maslahat guralar. Bu logistika we üpjünçilik zynjyryny dolandyrmak boýunça professional hünärmenler üçin möhüm wakadyr. Çäre «Author Boutique Hotel» meýdançasynyň Wladimirskiý geçelgesiniň 9-njy jaýynda geçirilýär. Maslahatda logistika pudagynyň ösüşindäki häzirki meseleler we ugurlar ara alnyp maslahatlaşylar, şeýle hem logistika proseslerini optimizirlemek üçin täze tehnologiýalar we çözgütler hödürlener. Gatnaşýanlar tejribe alyşmak, täze işewür gatnaşyklary gurmak we işewürligi ösdürmek üçin gymmatly bilimleri alyp bilerler.

Türkmenistan we Panama Respublikasy ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň ýollaryny maslahatlaşýar

14-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Panama Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolando Enrike Barrou Noaddan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ermeni paýtagtyndaky duşuşyklar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldarynyň we nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli onuň döredijiligini giňden öwrenmäge hem-de wagyz etmäge bagyşlanyp, daşary ýurtlarda ylmy-amaly maslahatlar, duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. 11-12-nji martda Ýerewan şäherinde Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň hem-de Ýerewan döwlet uniwersitetiniň bilelikde guramagynda «Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi» ady bilen geçirilen halkara ylmy maslahat bu ugurdaky işlerde nobatdaky ädim boldy. Maslahata türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen birlikde Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary, talyplary, ýerli medeniýet we sungat ussatlary, ýurtdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarydyr işgärleri gatnaşdylar. Ermeni topragynda beýik türkmen şahyrynyň edebi mirasyny, hususan-da, onuň gymmatly filosofik garaýyşlaryny, edebiýata getiren täzeçilliklerini wagyz etmäge, oňa halkara jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge bagyşlanan maslahaty Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Gündogary öwreniş fakultetiniň türkologiýa kafedrasynyň müdiri A.Safarýan alyp bardy. Özara pikir alyşmakda hem-de tejribe paýlaşmakda aýratyn ähmiýetli bolan ylmy çä

Köpýyllyk hyzmatdaşlyk işjeň ilerledilýär

14-nji martda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumany kabul etdi. Myhman ýewropaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady. Hormatly Prezidentimiz hem Türkmenistanyň özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda abraýly maliýe guramalary we banklar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Sport ulgamyndaky gatnaşyklar ösdüriler

14-nji martda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň sport ministri W.Leonowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary ýurdumyzda bolmagynyň çäklerinde «Türkmen atlary» döwlet birleşiginde boldular. Dostlukly ýurduň wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde duşuşyklar hem geçirildi. Olaryň dowamynda ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn esasda ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Geçirilen gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasynda atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerine garaldy. Bellenilişi ýaly, sport ulgamy, aýratyn-da, atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Dünýä meşhur ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda halkara derejedäki at çapyşyklary we atçylyk sportuna degişli bäsleşikleri guramak üçin döredilen şertler ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýär. Bular barada aýtmak bilen, myhmanlar atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň uly geljeginiň bardygyny nygtadylar.

Astrahanda «Hazar sebitiniň ulag logistikasy 2024» atly forum açylar

2024-nji ýylyň 23 — 25-nji aprelinde «Hazar sebitiniň ulag logistikasy 2024» atly III halkara forumy geçiriler. Ähmiýetli maksatnamany Astrahan oblastynyň senagat, söwda we energetika ministri Ilýa Aleksandrowiç Wolynskiý açar.   Çärede 250+ tarapyň, şeýle hem kompaniýalardan 100-den gowrak gatnaşyjynyň bellige alynmagyna garaşylýar.