HABARLAR

Dostluk. Hoşniýetlilik. Ynanyşmak

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýurtlary, iri halkara guramalar bilen dostlukly gatnaşyklary häzirki wagtda barha okgunly häsiýete eýe bolýar, hoşniýetlilik, açyklyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kabul edişlikleri, telefon arkaly söhbetdeşligi aýdyň görkezýär. ■ 25-nji noýabrda döwlet Baştutanymyz hem-de Gahryman Arkadagymyz Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi kabul etdiler.

Parahatçylyk we howpsuzlyk — umumadamzat gymmatlygy

27-28-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly ikinji Aşgabat maslahaty geçirilip, ol Türkmenistanyň Mejlisi hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy tarapyndan bilelikde guraldy. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we deputatlary, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem foruma ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Başlygy Pia Kauma, assambleýanyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, halkara bilermenler, Awstriýanyň, Germaniýanyň, Daniýanyň, Italiýanyň, Kipriň, Norwegiýanyň, Polşanyň, Rumyniýanyň, Fransiýanyň, Horwatiýanyň, Şwesiýanyň, Belarusuň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Ukrainanyň görnükli jemgyýetçilik hem-de syýasy işgärleri, parlamentarileri wekilçilik etdiler. Foruma gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi okgunly ösýän Türkmenistana bolan gyzyklanmanyň artýandygyny, halkara jemgyýetçiligiň howpsuzlygy, durnuklylygy we ählumumy durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetini we ornuny ykrar edýändigini nobatdaky gezek tassyklady.

Türkmen — hytaý: innowasiýalar we täze tehnologiýalar

26-27-nji noýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçirildi. Foruma iki dostlukly ýurduň alymlary, professorlary, hünärmenleri we beýlekiler gatnaşdy. Foruma gatnaşyjylar 25-nji noýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň we Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň barlaghanalarynyň işleri bilen tanyşdylar. Şeýle hem alymlar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda geçirilen Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý kiçi komitetiniň II mejlisine gatnaşyp, özara pikir alyşdylar. Mejlisiň ahyrynda türkmen-hytaý tarapy ylmy hyzmatdaşlyk etmek babatda iki Ylalaşyga gol çekdiler.

Parlament diplomatiýasy berkeýär

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ählumumy howpsuzlygy, özara ynanyşmagy, abadançylygy we ynsanperwerligi üpjün etmek maksady bilen, dünýä ýurtlary we halkara hem-de sebitleýin guramalar bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn yzygiderli ösdürýär. Häzirki wagtda ýurdumyz 2014-nji ýyldan bäri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen syýasy, ykdysady, daşky gurşawy goramak hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýär.

Durnukly ösüş ugrunda

Gadymyýetde halklary we medeniýetleri baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşen türkmen topragy häzirki döwürde-de yklymlary biri-birine baglaýan ulag-üstaşyr merkeze öwrülýär. Ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça döwrebap düzümleri bilen tanalýan ýurdumyzyň mümkinçilikleri halkara giňişliginde uly gyzyklanma döredýär. 26-27-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly III halkara maslahat we sergi bu hakykaty ýene bir gezek tassyklady. Dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 600-e golaý wekili Aşgabatda jemlän iri halkara forumda ulaglaryň özara baglanyşygyny ýokarlandyrmak, strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek, durnukly, inklýuziw ulag ulgamlary boýunça netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak, pudaga «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanlylaşdyrmak, ekologik taýdan arassa logistikany goldamak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bizem halkara foruma gatnaşyjylaryň käbirleriniň beren gyzykly gürrüňlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Li SININ,Hytaý Halk Respublikasynyň «CRRC Ziyang» kompaniýasynyň baş direktorynyň orunbasary we esasy inženeri:

Azyk howpsuzlygynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk

“Alstom” Aşgabatda şahamçasyny açmaga gyzyklanma bildirýär

“Alstom Transport” halkara kompaniýasy Türkmenistanda şahamçasyny açmaga gyzyklanma bildirýär. Bu barada kompaniýanyň Türkmenistan, Özbegistan, Azerbaýjan we Gruziýa boýunça dolandyryjy direktory Elşan Zeýnalow çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024” atly halkara forumda mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. Onuň bellemegine görä, Türkmenistanyň okgunly ösüş depgini şahamçany açmak babatda çözgüdiň kabul edilmeginde esasy şert boldy. Täze şahamça kompaniýanyň sebitiň möhüm bazarlarynda ornuny berkitmäge ýardam eder.

Parlament diplomatiýasy: asuda we bitewi geljegi nazarlap

27-28-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň bilelikde guramagynda «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Başlygy, Parlament Assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, Assambleýa agza ýurtlaryň parlament edaralarynyň, halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de professor-mugallymlar, talyplar gatnaşdylar. Maslahatyň mejlislerinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, abadan geljegi gurmak üçin ýaşlarda raýdaşlygy kemala getirmek ýaly giň ugurlarda parlamentara hyzmatdaşlygy berkitmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Maslahata gatnaşyjylaryň bu babatdaky pikir-garaýyşlaryny ýazga geçirip, okyjylara ýetirmegi makul bildik.  

Türkmenistan — halkara zähmet guramasy: durmuş abadançylygynyň bähbidine

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeler ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny» kabul etmegi zerur hasaplaýaryn. Bu Konsepsiýa iş üpjünçiligi boýunça halkara guramalar, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde, hususan-da, Halkara Zähmet Guramasynyň konwensiýalaryna goşulmakda möhüm ädim bolar diýip pikir edýärin» diýip belledi. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň bu abraýly edarasy bilen hyzmatdaşlygyň ýurdumyz üçin möhüm ähmiýete eýediginiň ýene bir aýdyň mysaly boldy. Şu jähetden ugur alyp, Halkara Zähmet Guramasynyň işi, düzgünleridir ugurlary barada giňişleýin söhbet etmegi makul bildik. Halkara Zähmet Guramasy (HZG) BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümi hökmünde zähmet gatnaşyklaryny we durmuş üpjünçilik meselelerini düzgünleşdirýän köptaraplaýyn halkara edaradyr. Ol 1919-njy ýylda Wersal parahatçylyk şertnamasynyň esasynda Milletler Bileleşiginiň ýanynda özbaşdak gurama hökmünde döredildi. Guramanyň Düzgünnamasynyň 2-nji m

Türk­me­nis­tan — Öz­be­gis­tan: se­bi­ta­ra gat­na­şyk­la­ry pugtalandyryp

20-21-nji no­ýabr­da Türk­me­na­bat şä­he­rin­dä­ki «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň II se­bi­ta­ra fo­ru­my hem-de öz­bek ha­ryt­la­ry­nyň mil­li ser­gi­si ge­çi­ril­di. Bu çä­re­le­riň açy­lyş da­ba­ra­sy­na ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­niň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri­niň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri, Öz­be­gis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry gat­naş­dy­lar. Ser­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­syn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, şu ge­zek­ki fo­rum Türk­me­nis­ta­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň se­bit­le­ri­niň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň dür­li ugur­lar bo­ýun­ça üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýän­di­gi­niň gü­wä­si­dir. Hä­zir­ki wagt­da iki goň­şy ýurt dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şiň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na, ta­rap­la­ryň mil­li bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän hyz­mat­daş­ly­gy has-da pug­ta­lan­dyr­ýar. Şeý­le hem bi­le­lik­dä­ki giň ge­rim­li tas­la­ma­la­ryň üs­t