Uzak möhletleýin gatnaşyklaryň oňyn netijesi
Bilşimiz ýaly, Türkmenistany we Türkiýäni köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Bu bolsa häzirki döwürde ýokary derejedäki hökümetara dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin berk esas bolup hyzmat edýär. Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň strategik söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Şunuň bilen birlikde, ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, maýa goýumlar ulgamlarynda netijeli ikitaraplaýyn we sebit derejesindäki gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz iki ýurduň ykdysady kuwwatyny nazara almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça giň mümkinçilikleri döredýärler. Şeýle gatnaşyklaryň oňyn netijesi hökmünde, 4-nji dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň nobatdaky sergisiniň öz işine başlandygyny bellemek bolar. Sergä gatnaşmak üçin ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň we hususy kärhanalaryň ençemesi öz diwarlyklary arkaly öndürýän önümlerini we hyzmatlaryny sergä gatnaşyjylara hödürledi. Serginiň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen d