HABARLAR

Hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri

Ykdysady kuwwaty boýunça dünýä döwletleriniň «Uly ýigrimiligine» (G20), jemi içerki önüminiň göwrümi babatda öňdebaryjy onluga girýän Türkiýe ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşydyr. 4—6-njy dekabr aralygynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi, şeýle hem onuň çäklerinde guralan Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahaty doganlyk ýurduň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň hem-de birleşmeleriniň 70-den gowragynyň gazananlary bilen tanyşmaga we tejribe alyşmaga mümkinçilik berdi. Sergide uzak ýyllardan bäri ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk edýän kompaniýalaryň alyp barýan işleri, şeýle hem halk hojalygynyň pudaklaryny ösdürmekde peýdalanylyp bilinjek çemeleşmeler baradaky taýýarlan ýazgymyzy okyjylara hödürleýäris. Elektron enjamlaryny we hojalyk tehnikalaryny öndürmekde baý tejribe

Milli gymmatlyklaryň goragynda

Düýn — 6-njy dekabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» myhmanhanasynda sebitleýin duşuşyk geçirildi. Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesi boýunça üçünji sebitleýin maslahatyna Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa, Beýik Britaniýa, Ýaponiýa ýaly ýurtlardan bilermenleriniň birnäçesi gatnaşdy. Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça bilermenleriň çykyşlary diňlenildi.

Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary boýunça halkara maslahat

Aşgabat, 5-nji dekabr (TDH). Şu gün Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly iki günlük halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Utgaşykly görnüşde geçirilýän foruma Türkmenistanyň, şeýle-de daşary ýurtlaryň 30-dan gowragyndan dil bilimi hem-de daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça iş alyp barýan professor-mugallymlar, bilermenlerdir hünärmenler, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Şu gezekki maslahat we onuň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan sergi bilim ulgamynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda guralan çäreleriň üstüni ýetirdi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäklerinde milli bilim ulgamynyň toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylýandygyny, orta we orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň ýokary derejesiniň üpjün edilýändigini bellemek gerek. Sanly ulgamy ösdürmegiň we daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, ýurdumyzda mekdebe çenli bilim edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bi

Türkiýe we Türkmenistan täze ýol kartasyny tassyklamagy we söwda dolanyşygyny 5 milliard dollara ýetirmegi meýilleşdirýär

Türkiýäniň söwda ministri Omer Bolat žurnalistlere beren interwýusynda Türkiýe bilen Türkmenistanyň ýakyn ýyllarda özara söwda dolanyşygynyň mukdaryny iki esse artdyrmak üçin öz öňlerinde uly maksat goýandyklaryny aýtdy. O.Bolat 70-den gowrak türk kompaniýasynyň önümleri görkezilişe çykarylan Aşgabatdaky Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisinde özara söwda dolanyşygynyň häzirki mukdarynyň ýeterlik däldigini we ýurtlaryň ýyllyk 5 milliard dollarlyk sepgidi nazarlaýandyklaryny nygtady. — Iki doganlyk ýurduň döwlet Baştutanlarynyň garaýyşlaryna laýyklykda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrarys. Özara söwda dolanyşygynda ýyllyk 2,5 milliard amerikan dollar ýeterlik däl. Orta möhletde söwda dolanyşygynyň ýyllyk mukdaryny 5 milliard amerikan dollaryna ýetirmegi maksat edinýäris. Geljek ýylyň fewral-mart aýlarynda Ankarada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 8-nji mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Onuň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça täze ýol kartasy kabul ediler – diýip, ministr belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Aşgabat, 5-nji dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda özara bähbitlilige, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri dostlukly ýurduň Prezidentine şu gezekki telefon arkaly söhbetdeşligi geçirmek başlangyjy üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň türkmen we özbek halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň beýany bolup durýandygyny aýtdy.

Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary boýunça halkara maslahat

Aşgabat, 5-nji dekabr (TDH). Şu gün Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly iki günlük halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Utgaşykly görnüşde geçirilýän foruma Türkmenistanyň, şeýle-de daşary ýurtlaryň 30-dan gowragyndan dil bilimi hem-de daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça iş alyp barýan professor-mugallymlar, bilermenlerdir hünärmenler, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Şu gezekki maslahat we onuň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan sergi bilim ulgamynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda guralan çäreleriň üstüni ýetirdi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäklerinde milli bilim ulgamynyň toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylýandygyny, orta we orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň ýokary derejesiniň üpjün edilýändigini bellemek gerek. Sanly ulgamy ösdürmegiň we daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, ýurdumyzda mekdebe çenli bilim edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bi

Bitewülik berekedi

Gahryman Arkadagymyzyň Saud Arabystany Patyşalygyna iş sapary barada söhbet Mukaddes Käbä zyýarat

Hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary

Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň abraýly bilim we ylmy merkezleri, ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly tagalla edýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda «Saglygy goraýyş, bilim we sport: Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahatyň geçýän günlerinde Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ýokary bilimiň döwlet býujet bilim edarasy bolan Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekilmegini hem görkezmek bolar. Resminamada halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, hünäri kämilleşdiriş we gaýtadan hünär taýýarlygy okuwlarynda okatmak ýaly möhüm ugurlar öz beýanyny tapdy. Ylalaşygyň çäklerinde, 18 — 26-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynda russiýaly kärdeşlerimiziň alyp barmagynda ýurdumyzyň pedagogik işgärleri üçin hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlary guraldy.

Hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

Öňňin Söwda-senagat edarasynda öz işine başlan Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi düýn öz işini dowam etdi. Türk kompaniýalarynyň 70-den gowragynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenlerini bir meýdança jemlän serginiň ikinji gününde täze önümleriň, döwrebap tehnologiýalaryň mahabat-tanyşdyrylyş çäreleri geçirildi. Biz hem serginiň çäklerinde türkiýeli işewürleriň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň alyp barýan işleri barada beren gürrüňlerini ýazga geçirdik. Adem TAÝFUN,«Hilal Alüminyum» kompaniýasynyň marketing boýunça dolandyryjysy:

Alyslara uzaýan menziller

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýar. Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy hökmünde gatnaşmagy bolsa ýurdumyzyň dostluk ýollarynyň geriminiň has giňelmegine şert döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň 29-njy noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Wengriýanyň paýtagtynda geçirilen 16-njy mejlisine, şeýle-de BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (COP16) çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynda geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmagy-da taryhy kökleri asyrlaryň aňyrsyna uzaýan gatnaşyklarda täze sahypa boldy. Kökleri bir halklaryň halkara guramasynyň ýoly öz gözbaşyny 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabryndan alyp gaýdýar. Şol taryhy senede, Türki dilli döwletleriň Baştutanlarynyň Nahiçewanda geçirilen sammitinde döredilen gurama Azerbaýjan, Türkiýe, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan hemişelik agza, Wengriýa bolsa synçy derejesinde goşuldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bolsa bu gurama 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda synçy hökmünde kabul edildi. Bu guramanyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň Gahryman Arkadagymyzyň başl