HABARLAR

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn duşuşyklar

Gatnaşyklar berkidilýär

Golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-belarus geňeşmeleri geçirildi. Oňa Belarus Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Wladimir Makeý gatnaşdy. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşygyň gün tertibine syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri girizildi. Şunda däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýokary derejedäki özara gatnaşyklaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Geňeşmeleriň dowamynda BMG, ÝHHG, GDA ýaly abraýly sebit we halkara düzümleriniň ugry boýunça gatnaşyklaryň netijeliligi bellenildi. Hususan-da, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň netijeli ugry bolan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde özara gatnaşyklar meselesi barada aýdyldy.

Türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary

Belent mertebeli Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň 14 — 15-nji ýanwarynda ýurdumyzyň Lebap welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy. Şonda milli Liderimiziň olaryň işine ak pata bermegi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzyň ilkinji günleriniň şanly wakalary bolup, ähli türkmenistanlylary guwandyrdy. 14-nji ýanwarda Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanylmaga berilmegi, şeýle hem Kerkiden Owganystanyň Şibirgan şäherine çenli ugur boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň we ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe goýberilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdylar.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

AŞGABAT, 26-njy ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-belarus geňeşmeleri geçirildi. Oňa Belarus Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Wladimir Makeý gatnaşdy. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşygyň gün tertibine syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri girizildi. Şunda däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýokary derejedäki özara gatnaşyklaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Hazaryň uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde täze sahypa

Öz gözbaşyny taryhyň irki zamanlaryndan alyp gaýdýan türkmen-azerbaýjan goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklary häzirki döwürde barha pugtalanýar. Muňa 21-nji ýanwarda Aşgabatda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy hem aýdyň delildir. Iki döwletiň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny täze derejä çykarjak bu möhüm waka aýratyn ähmiýet berip, türkmen we azerbaýjan Liderleri onlaýn görnüşinde derwaýys resminamanyň kabul edilmegini mübäreklediler. Hormatly Prezidentimiz onlaýn görnüşindäki wideoşekil arkaly duşuşyga gatnaşýandygy üçin azerbaýjanly kärdeşine minnetdarlyk bildirip, şu günüň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryndaky örän wajyp gündügini belledi. Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda iki döwletiň Hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmäge, iki iri energetika döwletiň ägirt uly özara mümkinçiliklerini açmaga,

Parahatçylyga we ynanyşmaga esaslanýan hyzmatdaşlyk

Ýakynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň hoşniýetli gatnaşyklarynda taryhy waka boldy. Dost-doganlyk nyşany hökmünde halkara taslamalaryň, ýagny Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmegi şu ýylymyzyň turuwbaşdan öz adyna mynasyp şatlykly wakalar bilen başlanandygyny habar berdi. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen ýurdumyzda öndürilen önümlerden ybarat ynsanperwer ýükler ýüklenen ilkinji otlynyň Akina demir ýol bekedinden Andhoý demir ýol bekedine tarap ugur almagy çuňňur many-mazmuna eýe boldy. Bu wakalar Türkmenistan döwletimiziň Aziýa sebitindäki geosyýasy ornunyň has hem berkeýändiginiň we hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň tutuş dünýä ýüzünde barha dabaralanýandygynyň ýene-de bir ykrarnamasy boldy.

2020-nji ýylyň dekabry: Milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen

Dekabr aýy türkmen Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramynyň nyşany astynda geçen 2020-nji ýylda Garaşsyz ýurdumyzda bitirilen işleriň jemini jemledi. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk ýörelgeleri Milletler Bileleşiginiň goldawyna mynasyp bolan bu hukuk derejesiniň özenini düzýär. Geçen aýda halkara derejede geçirilen çäreler munuň subutnamasyna öwrüldi. Şolaryň hatarynda onlaýn tertibinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen işjeň syýasatynyň çäklerinde ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan guralan syýasy geňeşmeler, işewür gepleşikler, iri we mowzuklaýyn maslahatlar, sergiler hem-de forumlar bar.

Hazarda açylýan täze gözýetimler

türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň möhüm çelgisine öwrüler Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde okan döwrümizde ýurdumyzda geçirilýän iri halkara çäreler bilen baglylykda, köplenç, meýletinçilik işine gatnaşýardyk. Indi-indiler onuň diňe bir meýletinçilik etmek däl, eýsem, tejribäňi artdyrmak, saýlan hünäriň amaly taraplaryny kämilleşdirmek, täze adamlar bilen tanyşmak hem pikir alyşmak üçin özboluşly mekdep bolandygyna göz ýetirýärin. Paýtagtymyzda geçirilen halkara forumlaryň birinde türkiýeli we azerbaýjanly žurnalistler özara gürrüňleriniň arasynda nämedir bir sowal bilen ýüzlendiler. Iňlis dilinde jogap bermekçi bolup, ýaňy söze başlanymdan, azerbaýjanly žurnalistiň: «Türkmençe gürläberiň, düşüneris!» diýmesine birtüýsli geň galanym edil häzirki ýaly ýadymda...

Hazar — dostlugyň deňzi

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda gol çekilen nobatdaky Ähtnama hem muny doly tassyklaýar Hazar — dostlugyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň deňzidir. Dünýäde geosyýasy we geoykdysady taýdan örän möhüm orun eýeleýän bu deňiz bäş sany kuwwatly senagat döwletlerini birleşdirýär. Häzirki zaman şertlerinde olaryň özara dostlugy we düşünişmegi bolsa, Hazarýaka bäşliginiň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň işjeň ösdürilmeginde äşgär duýulýar. Muňa sebitiň iki dostlukly ýurdy bolan Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ynanyşmaga ygrarlylyk esasynda ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Ulag ulgamy ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ulag-logistika ulgamynda sebitara we halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, üstaşyr-ulag geçelgelerini giňeltmek ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Döwletimiz dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň esasy şertleriniň birine öwrülýän ulag ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek ugrunda özara bähbitli halkara başlangyçlary öňe sürüp, hyzmatdaşlar bilen bilelikde sebit we yklym ähmiýetli taslamalary yzygiderli durmuşa geçirýär. Munuň şeýledigini 2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde üçtaraplaýyn geçirilen duşuşyk aýdyň mysal bolup durýar. Bu maslahatda döwlet Baştutanymyz Owganystanyň hem-de Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlary bilen käbir garaýyşlaryny paýlaşdy we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeň ýola goýmak boýunça anyk teklipleri öňe sürdi. Öňe sürlen teklipler, ýagny, birinjiden, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda gol çekilen Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesi («Lapis Lazuli») hakyndaky Ylalaşyga esaslanyp, Bitewi logistik merkezi döretmegi teklip etmegi; ikinjiden, ýük daşamalarynyň netijeliligini