HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 8-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi hem-de söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň salamynydyr Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglaryny hem-de parahatçylyk, bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Çar ýana uzaýar dostluk ýollary

Türkmenistan yklymlary birleşdirýän ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, ýurdumyzyň ösüşiniň bähbitlerine laýyk gelýän özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmakda bar bolan mümkinçilikleri netijeli durmuşa geçirýär. Sebitleriň we yklymlaryň arasynda dostluk hem-de hyzmatdaşlyk köprülerini pugtalandyrýan Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda ulag diplomatiýasy aýratyn orun tutýar. Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýän hem-de Garaşsyz ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçirijilik mümkinçiligini artdyrýan bu ýollar Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş ummany we Günorta Aziýa ugry boýunça möhüm halkara geçelgä öwrülýär. Ýurdumyzyň ulag ugurlaryny mundan beýläk hem diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen, Hazar we Gara deňizleriniň, Orta Aziýa hem-de Ýakyn Gündogaryň arasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçilikleri öwrenilýär. Garaşsyz Türkmenistan Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda ýerleşmek bilen, ulag babatda onlarça halkara konwensiýalaryň agzasy, halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri boýunça baglaşylan birnäçe halkara şertnamalaryň gatnaşyjysy bolup durýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanda paýtagtymyzyň täze Halkara howa menziliniň, Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolun

Türkmenistan — BSGG: oňyn tejribe, netijeli hyzmatdaşlyk

Ýer ýüzüniň ähli ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gazetimiziň redaksiýasy Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetirijisi Tasnim ATATRA käbir sowallar bilen ýüz tutdy. — Türkmenistan bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada gürrüň beräýseňiz!

Ha­zar — kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gyň mer­ke­zi

Türk­me­nis­tan ge­og­ra­fik taý­dan amat­ly çäk­de — Mer­ke­zi Azi­ýa we Ha­zar deň­zi se­bi­tin­de ýer­leş­mek bi­len, Ýew­ra­zi­ýa­nyň iri söw­da ýol­la­ry­ny bir hal­ka bi­rik­dir­ýän Ha­zar­ýa­ka gi­ňiş­lik­dä­ki ägirt uly te­bi­gy baý­lyk­la­ryň me­ka­ny hök­mün­de ta­nal­ýar. Bu se­bi­tiň yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­ri di­ňe bir ulag we ener­ge­ti­ka däl, eý­sem, söw­da, se­na­gat, ma­ýa go­ýum we sy­ýa­hat­çy­lyk bi­len hem bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ag­za­lan ugur­lar bo­ýun­ça bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri ne­ti­je­li peý­da­lan­mak Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň her bi­ri üçin yk­dy­sa­dy taý­dan örän bäh­bit­li­dir. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz «Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­nyň 2017 — 2023-nji ýyl­lar üçin Kon­sep­si­ýa­sy­na» la­ýyk­lyk­da üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň Ha­zar ug­ru­ny has-da iş­jeň­leş­dir­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi Türk­me­nis­ta­nyň Ha­zar­ýa­ka se­bi­ti söw­da, se­na­gat, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, ulag we sy­ýa­hat­çy­lyk ul­gam­la­ry bo­ýun­ça ösen mer­ke­ze öwür­mek ba­bat­da alyp bar­ýan iş­le­rin­d

Dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine eýerip

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Buýrugynyň esasynda özara hormat goýmak we özara kömek bermek ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistan dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna ynsanperwerlik ýüküni ugratdy. Goňşy ýurtlar bilen netijeli, ynanyşmak gatnaşyklaryny ösdürmek Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy ýörelgeleriniň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletli geljege gönükdirilen hemişelik dostlukly we oňyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Iki ýurduň halklarynyň arasynda taryhy taýdan ýola goýlan gatnaşyklar häzirki döwürde täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

ÝUNESKO: özara hyzmatdaşlygyň taryhy, şu güni we geljegi

Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamy BMG-niň özünden we onuň bilen baglanyşykly işleri alyp barýan maksatnamalar, gaznalar we ýöriteleşdirilen edaralar diýlip atlandyrylan guramalaryň 30-dan gowragyndan ybaratdyr. Bu guramalar BMG-niň çäklerinde öz işlerini alyp barýandyklaryna garamazdan, özbaşdak agzalyk düzüme, ýolbaşçylara we býujete eýedir. Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary onuň bilen bilelikde işleýän özbaşdak guramalar bolup, olaryň BMG bilen özara gatnaşyklarynyň tertibi ýörite ylalaşyklarda beýan edilendir. Bu ylalaşyklar BMG-niň çäklerinde hereket etmäge kanuny esas bolup hyzmat edýär.

Abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk

Milli Liderimiz Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatyna gatnaşdy 31-nji martda döwlet Baştutanymyz Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýewiň çakylygy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen (Türki geňeş) resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Moskwa sapary türkmen-rus gatnaşyklarynyň köpugurly häsiýete eýedigini tassyklaýar

Bilşimiz ýaly, 30-njy martda hormatly Prezidentimiz Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň wekiliýeti 30-njy martdan 2-nji aprel aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine iş saparyna ugradyldy. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklaryny, iki ýurduň daşary işler ministrleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek iş saparynyň esasy maksady boldy. Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge bolan gyzyklanmalary Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň 30-njy martda geçirilen duşuşygynda tassyklanyldy. Topara Russiýa tarapyndan başlyklyk ediji, Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň sazlaşykly ösýändigini, şunda döwletara aragatnaşyklaryň netijeli guraly bolan hökümetara topara möhüm ornuň degişlidigini nygtady.

Özara bähbitli gatnaşyklar ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiziň 30-njy martda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzyň wekiliýeti 30-njy martdan 2-nji aprel aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine iş saparyna ugradyldy. 30-njy martda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Bu topara türkmen tarapyndan başlyklyk ediji, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem-de wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy M.Mişustin bilen bolan duşuşykda Russiýanyň aýry-aýry sebitlerini, iri senagat we medeni merkezlerini öz içine alýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdylar. Hökümetara toparyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, türkmen-rus we rus-türkmen işewürlik geňeşleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly teklipler öňe sürüldi. Bu işe iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň çekilmeginiň möhümdigi bellenildi.

Dostluk däplerine eýerip