Türkmenistan — BMG: wajyp wezipeler, täze çemeleşmeler
Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň 75-nji ýubileý mejlisinde eden wideoýazgy çykyşynda: «Türkmenistanyň Bitaraplygy — munuň özi syýasatda, ykdysadyýetde, daşky gurşawy goramak işinde, ählumumy azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde deňhukukly, hormat goýmak, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk, Ýer ýüzüniň tebigy serişdelerini adalatly we netijeli paýlamak, bosgunlara, göçe-göçlükde ýaşaýanlara we raýatlygy bolmadyk adamlara kömek we goldaw bermek, häzirki zaman dünýäsiniň ençeme beýleki möhüm meselelerini çözmek üçin çagyryşdyr hem-de şertleriň döredilmegidir» diýip, Bitaraplygyň türkmen nusgasyna beren anyk kesgitlemesini ýurdumyzyň daşary syýasy işiniň, halkara giňişlikde ileri tutýan garaýyşlarynyň esasy çelgisi hasaplamak bolar. Milli Liderimiziň 5-nji iýulda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen geçiren duşuşygy baradaky söhbedimizde-de hut şu jümläni esas edip almagy maksadalaýyk hasapladyk. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatyna yzygiderliligiň, toplumlaýynlygyň hem öňdengörüjilikli çemeleşmäniň mahsusdygyny geçilen ýyllaryň tejribesi aýdyň görkezýär. Türkmenistan soňky 15 ýyla golaý wagt bäri, daşary syýasatyny-da şeýle çemeleşme bilen amala