HABARLAR

Bu gün dünýäň nazarynda Awaza

Merkezi Aziýa dünýäniň aýrylmaz bir bölegi bolsa, Türkmenistan ýurdumyz Merkezi Aziýa döwletleriniň ygtybarly we durnukly hyzmatdaşydyr. Muňa ýurdumyzyň iň bir gözel künjekleriniň biri bolan Awazada geçiriljek giň möçberdäki çäreler we Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy hem doly şaýatlyk edýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde Gahryman Arkadagly ýurdumyz, dünýä ähmiýetli duşuşykdyr çäreleriň geçirilýän mesgenine öwrülen Awaza toý donuny geýdi. Hazar deňzi — ykdysady ösüşleriň gözbaşynda durýan, dünýä çykarýan, maksatdyr arzuwlary, ýürekleri bir bolan halklary birleşdirýän we bir saçagyň başynda jem eýleýän deňiz! Mahlasy, baýlyklaryň mekany bolan bu deňiz hakynda aýtmaga hem-de guwanmaga zat diýseň kän!..

Merkezi Aziýa: sungatlar sözleşende, köňüller birleşýär

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara ähmiýetli möhüm wakalaryň birbada altysynyň geçiriljek güni barha ýakynlaýar. Şolaryň hatarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti hem bar. Adyna üns beriň: dabaraly baýramçylyk konserti. Eýýäm şundan görnüşi ýaly, sebitiň ýurtlary bu uly çärelere doly taýýarlykly barýarlar. Bu ýerde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň hem, sebitiň döwletleriniň zenanlarynyň dialogynyň hem, Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumynyň hem, Merkezi Aziýa döwletleriniň milli önümleriniň halkara sergisiniň hem, Merkezi Aziýa halklarynyň milli tagamlarynyň festiwalynyň hem örän guramaçylykly geçiriljekdigini, netijeli boljakdygyny arkaýyn aýtsa bolar. Hawa, bu çäreleriň hatarynda bilelikdäki dabaraly baýramçylyk konsertiniň aýratyn ähmiýeti bar. Hormatly Prezidentimiz: «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýip belleýär. Diýmek, medeniýetler sözleşende, köňüller birleşýär. Onsoňam, bu bäş döwletiň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň halklary asyrlaryň dowamynda dost hem dogan bolup ýaşaşyp gelendirler. Olary biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşdyrýan çuň kökler bar. Ol kökler köp müňýyllyk taryhy, garynd

Durnukly ösüş — parahatçylygyň girewi

Durnukly ulag ulgamyny ösdürmek, üstaşyr ulag geçelgeleriniň täze ugurlaryny kesgitlemek we ýola goýmak babatdaky meseleler tutuş dünýä üçin örän derwaýysdyr. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren täze başlangyçlary we bu ulgamda düýpli meseleleriň çözgüdine çemeleşmeler baradaky pikirleri bu gün dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Esasan-da, soňky ýyllarda Türkmenistanyň sebitiň ulag hyzmatdaşlygynda öňdebaryjy ýurt hökmünde öz ornuny pugtalandyrmagy bilen baglanyşykly amala aşyrylýan halkara taslamalarda diýseň uly işler edildi. Netijede, Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman görnüşinde dikeldilmegi diňe bir ykdysady babatda däl, eýsem, geosyýasy, medeni, ynsanperwer gatnaşyklar we Merkezi Aziýanyň söwda dolanyşygynyňdyr eksport — import mümkinçilikleriniň kadalaşdyrylmagy babatda-da Türkmenistana hem-de sebitiň beýleki döwletlerine oňyn täsir edýär. Elbetde, ähli hereketler ilki bilen ýurduň ykdysady mümkinçiliklerine täsir edýän bolsa-da, döwletiň abadançylygy, ertirki günleriň eşreti we halkara gatnaşyklaryň rowaçlygy üçin döwlet syýasatynda geosyýasy meseleler has wajyp bolup durýar. Şonuň üçin hem milli Liderimiz halkara ähmiýetli başlangyçlary we taslamalary öňe sürende Türkmenistanyň, ilki bilen, sebitdäki, soňra-da dünýädäki geos

Merkezi Aziýa: duşuşyk ýeri — Awaza

Milli Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan Türkmenistan sebit hyzmatdaşlygyny berkidýär Şu ýylyň 6-njy awgustynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy wakalarynyň biriniň taryha girjekdigini öňünden aýdyp bolar. Şol gün Türkmenistan özüniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda sebit ähmiýetli çäreleriň birbada altysyny geçirmegi meýilleşdirýär.

Sport – dostlukly gatnaşyklaryň köprüsi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: «Parahatçylyk söýüji syýasaty alyp barýan Bitarap döwletimiz Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolmak bilen, halkara Olimpiýa hereketini ösdürmek, sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça hem anyk başlangyçlary öňe sürýär. Parahatçylygy, dostlugy, oňyn hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam berjek bu başlangyçlar dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar» diýen parasatly sözlerindenem görnüşi ýaly, halklaryň we ýurtlaryň arasynda parahatçylygy, dostlugy, oňyn hyzmatdaşlygy berkitmekde sportuň örän uly ähmiýeti hem-de orny bardyr. Muňa döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherine iberilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň amala aşyran saparynyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn möhüm duşuşyklaryň mysalynda hem bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirmek boldy.

Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri: oňyn hyzmatdaşlyk ýoly bilen

28-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hamelini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al-Nahaýýanyň we BAE-niň şeýhler maşgalasynyň agzalarynyň hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi hemişelik Bitaraplyk derejesine daýanýan parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli syýasaty alyp barýan we durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanda Birleşen Arap Emirliklerine wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, birek-birege hormat goýmak we deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiz Birleşen Arap Emirlikleriniň ýokary ýolbaşçy düzümine hoşniýetli sözlerini ýollap, diplomaty bu jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we oňa bilelikdäki iş boýunça köpýyllyk tejribä hem-de dürli ugurlarda ägirt uly mümkinçiliklere daýanýan ik

Merkezi Aziýa: Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň möhüm ugry

Bu günki gün baky Bitarap Türkmenistan işjeň daşary syýasaty durmuşa geçirmek bilen, dünýä geosyýasatynda möhüm orun eýeleýän Merkezi Aziýa we Hazarýaka sebitlerinde durnuklylygy berkitmäge çalyşýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwletimiz agzalan sebitlere Ýewraziýanyň günorta guşagyndaky strategiki durnuklylygyň berk bölegi, Ýewropa we Aziýa ýurtlary üçin geljegi uly ykdysady hyzmatdaş, yklym ähmiýetli iri energetika we ulag-üstaşyr merkezi hökmünde garaýar. Öz nobatynda bu garaýyş Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň esasyny düzýär. Şu jähetden, Merkezi Aziýa sebitinde ählumumy ösüşi üpjün etmek babatda milli Liderimiz oňyn halkara başlangyçlary öňe sürýär we bu meselelere aýratyn üns berýär. Muňa döwlet Baştutanymyzyň 17-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny we olar bilen bagly çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk toparyny döretmegi doly güwä geçýär. Häzirki wagtda Merkezi Aziýada ykdysady we durmuş taýdan depginli ösüşi gazanmak, sebitiň döwletleri we goňşy ýur

Ilçi işe başlady

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hamelini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al-Nahaýýanyň we BAE-niň şeýhler maşgalasynyň agzalarynyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Ol öz ýurdunyň umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady. Ilçi hemişelik Bitaraplyk derejesine daýanýan parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli syýasaty alyp barýan we durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanda Birleşen Arap Emirliklerine wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

Ýokary derejeli kabul edişlik

28-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hamelini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al-Nahaýýanyň we BAE-niň şeýhler maşgalasynyň agzalarynyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Halkara ähmiýetli tagallalar

Ýewropanyň we Aziýanyň möhüm çatrygynda ýerleşen ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli ulanmak hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Bu gün Türkmenistanda dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulmaga, «Gündogar — Günbatar» hem-de «Demirgazyk — Günorta» ugurlary boýunça ýollaryň birleşdirilmegine, şeýle hem degişli düzümleriň işiniň kämilleşdirilmegi boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmegine aýratyn üns berilýär. Gadymy döwürlerde yklymlary we medeniýetleri baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine gönükdirilen döwletara üstaşyr geçelgeleriň döredilmegi Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlaryna amatly çykalgany üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi milli ulag birleşikleriniň umumy bähbitlerini utgaşdyrýan Halkara awtomobil ulaglary birleşigi hem-de Ýewropa Bileleşiginiň we hyzmatdaş ýurtlaryň arasynda «Ýewropa — Kawkaz — Aziýa» ulag geçelgesini (TRASEKA) gurmak boýunça halkara hyzmatdaşlyk maksatnamasyny amala aşyrmagy, şeýle hem tutuş dünýä boýunça ýük daşamak bilen meşgullanýan logistik guramalar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeliligini üpjün eder. Munuň üçin ulagyň ähli görnüşleriniň —