HABARLAR

Mizemez doganlyk gatnaşyklarynyň ösüşlere uzaýan ýollary

6-njy awgustda Hazaryň kenarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy boldy. Foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagyndaky ýokary derejedäki forum «Awaza» Kongresler merkezinde geçirildi. Şol gün ir bilen hormatly Prezidentimiz «Awaza» Kongresler merkezine ugrady. Milli Liderimiz merkeziň eýwanynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň forumyna gatnaşmak üçin gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowy, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi hem-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmony nobatma-nobat mähirli, doganlarça garşylady.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça bilelikdäki beýannama

(2021-nji ýylyň 6-njy awgusty, Türkmenbaşy şäheri) 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy boldy, duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, Türkmenistanyň Prezidenti we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti gatnaşdylar.

Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — BIZIŇ BILELIKDE ÇÖZÜP BILMEJEK MESELÄMIZ ÝOKDUR

Dostluk suprasy: düşünişmek, ynanyşmak, ylalaşmak ýörelgesi

«Salam dost!», «Salam dogan!» diýen jümlelere telim gezek gabat gelip, ildeşlerimiz bilen özara pikir alşyp duran myhmanlar bu gün biziň «döwletli ojagymyzda» — Türkmenistanymyzda duz datdylar, türkmeniň myhmansöýerliginiň hezzet-hormatyny, hoşallygyny duýdular hem-de köňül matlaplaryny utgaşdyrdylar. Ösüş ugrundaky tagallalarda özara ynanyşmak ýörelgesine eýeribem, biri-biriniň dostluk goluny mäkäm gysdylar, bir ylalaşyga geldiler. Ine, şeýle ylalaşyklaryň başy Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bilen badalga alyp, taryhy pursatlar bilen tamamlandy. Ýöne pursatlar tamamlansa-da, gatnaşyklarymyz ebedidir. Muňa biz ajaýyp Awazanyň goýnuna — dostluk suprasynyň başyna jemlenen dost-doganlarymyzyň göwnaçyk, hoşniýetli gatnaşyklaryndan hem ýene bir ýola göz ýetirdik. Mundan birnäçe aý ozal konsultatiw duşuşygyna gatnaşýandygymyz hakynda aýdanlarynda, ilki bilen serime dolan ýakymly ýatlamalar meni 2019-njy ýylyň noýabr aýyna alyp gitdi. Şol pursatlar edil, şu günki gün ýaly ýadymda. Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäheri. «Huş kelibsiz!» diýip, hormatly Prezidentimizi mähirli garşylaýan doganlyk özbek halky. Biz dost-doganlarymyzyň arasynda. Şonda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň ikinji konsultatiw duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyg

MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ MILLI ÖNÜMLERINIŇ HALKARA SERGISI

6-njy awgustda hormatly Prezidentimiz hem-de belent mertebeli myhmanlar — Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri sebitiň ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisine baryp gördüler. Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz porty biziň döwletimiziň we goňşy ýurtlaryň ykdysady üstünlikleri babatda ähmiýetli wakanyň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwaly

6-njy awgustda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen sebitiň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde guralan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwalyna gatnaşdylar. Milli Liderimiz festiwalyň geçirilýän ýerine gelip, özüni garşylan Awazada geçirilen wekilçilikli foruma — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjy zenanlary mähirli mübärekledi.

Halkara hyzmatdaşlygyň ösüş ýolunda

Geljegi uly hyzmatdaşlyk

Geçen anna güni «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy geçirildi. Onda sebitiň döwletleriniň söwda-ykdysady, maýa goýum, senagat we ulag-kommunikasiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gabatlanyp geçirilen foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň hökümetleriniň agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, maliýe guramalarynyň, hususy işewürligiň, beýleki degişli düzümleriň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Zenanlaryň bagtyýarlygy

6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça guralan iri halkara çäreleriniň çäklerinde Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogy geçirildi. Oňa sebitiň ýurtlarynyň 5-siniň wekilleri, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça sebitleýin edarasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Zenanlaryň dialogynyň gün tertibine zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik işlerine gatnaşmagy, özgertmeleri, şol sanda gender deňligini üpjün etmek, olaryň hukuklaryny, bähbitlerini goramak babatyndaky meseleler girizildi.

Berekediň ajaýyp baýramy

6-njy awgustda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen sebitiň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde guralan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwalyna gatnaşdylar. Milli Liderimiz festiwalyň geçirilýän ýerine gelip, özüni garşylan Awazada geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjy zenanlary mähirli mübärekledi. Döwlet Baştutanymyz olara sebitiň zenanlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek hem-de bu ugurda ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça alyp barýan uly we möhüm işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.