HABARLAR

Türkmenistan — Mongoliýa: döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolunda

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi Aşgabat, 12-nji oktýabr (TDH). Şu gün Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde iki dostlukly ýurduň Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, Mongoliýanyň Prezidenti Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşdy, şeýle hem beýleki daşary ýurtly belent mertebeli myhmanlar bilen bilelikde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp paýtagtymyzda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşdy.

Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda döwletara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh 2024-nji ýylyň 10 — 13-nji oktýabry aralygynda Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrdy. 2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh (mundan beýläk — taraplar) dostlukly, açyk we işjeň ýagdaýda resmi gepleşikleri geçirdiler hem-de syýasat, ykdysadyýet, oba hojalygy, ulag, logistika, syýahatçylyk, bilim, medeniýet ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem taraplar iki ýurduň raýatlarynyň arasynda gatnaşyklary berkitmegiň, sebitde we halkara giňişlikde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen-mongol işewürlik maslahaty

Aşgabat, 12-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi. Munuň özi Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda söwda-ykdysady, saglygy goraýyş, ulag-logistika, oba hojalygy, gaýtadan işleýän senagat ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen möhüm çäredir. Foruma iki ýurduň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, iki tarapdan hususy kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, Türkmenistan kuwwatly ykdysadyýeti bolan döwlete öwrüldi. Ähli pudaklarda uly ösüşleriň gazanylmagy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy munuň aýdyň netijesidir.

Arkadag şäherinde ÝUNESKO-nyň şahadatnamasyny gowşurmak dabarasy boldy

Arkadag şäheri, 12-nji oktýabr (TDH). Şu gün Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda maslahat geçirildi. Onda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýurdumyzda türkmen halkynyň milli buýsanjy hasaplanýan ahalteke bedewleriniň baş sanynyň artdyrylmagy, olaryň dünýädäki şan-şöhratynyň belende galdyrylmagy ugrunda döwlet derejesinde edilýän alada oňyn netijelerini berýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň beýanydyr.

Magtymgulynyň goşgular ýygyndysynyň ermeni dilindäki neşiri tanyşdyryldy

AŞGABAT, 12-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ermeni diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan we onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalary, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň käbir ýolbaşçylary, institutyň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Bu ýerde dabara mynasybetli sergi guraldy. Onda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, muzeý gymmatlyklary görkezildi. Suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň eserleri myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlar dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi

12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda Aşgabatda ilkinji gezek Türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi. «Mizan» täjirçilik merkezinde geçirilen bu işewürlik maslahatynyň maksady Türkmenistan bilen Mongoliýanyň işewürleriniň arasyndaky söwda-ykdysady, önümçilik, farmasewtika-lukmançylyk, ulag-logistika, oba hojalygy, azyk önümçiligi we gaýtadan işlemek ýaly ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmakdan we ösdürmekden ybarat boldy. Ýurdumyzdan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, Mongoliýanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de Mongoliýanyň Milli söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen Türkmen-mongol işewürlik maslahaty işjeň häsiýete eýe boldy. Umumy plenar mejlisiniň geçirilmegi bilen başlanan bu çäre iki ýurduň eksport-import we maýa goýum, şeýle-de işewürlik hyzmatdaşlygyna, ulag we logistika pudagyndaky mümkinçiliklerine bagyşlanan bölümler boýunça dowam etdi. Türkmen-mongol işewürlik maslahatynda oňa gatnaşan iki ýurduň wekilleriniň birnäçesiniň çykyşlaryna orun berildi. Çykyşlarda Türkmenistan bilen Mongoliýanyň ara

Katar Gazagystana maýa goýar

Katar Gazagystanyň ykdysadyýetine 20 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýar. Gazagystan Respublikasynyň Senaty bu baradaky ylalaşygy makullady diýip, «Kazinform» habar berýär. «Bu ylalaşyk telekommunikasiýa, energetika, nebithimiýa we beýleki pudaklarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, şeýle-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir» diýlip, çeşmede bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Aşgabat, 11-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentine çakylygy kabul edip, Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ýubileýi mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Dostlukly ýurduň Baştutany halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, şeýle möhüm çäräniň iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky möhüm ähmiýetini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Aşgabat, 11-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma işjeň gatnaşandygy üçin Pakistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, myhmanyň şu gezekki saparynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmakda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Aşgabat, 11-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy. Hormatly Prezidentimiz çakylygy kabul edip, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşýandygy üçin goňşy ýurduň döwlet Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi hem-de ony Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen ýene-de bir gezek mähirli gutlap, ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.