HABARLAR

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy

Aşgabat, 17-nji oktýabr (TDH). Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu gatnaşyklar ähli döwürlerde hem halklaryň arasynda dostlugyň, özara düşünişmegiň köprüsi bolup hyzmat edýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilmegini munuň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar. Şu gezekki döredijilik çäresi bolsa iki döwletiň taryhy we ruhy gymmatlyklary umumy bolan halklarymyzyň dostlugyny berkitmegi, köptaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýändiginiň güwäsine öwrüldi.

DOSTLUGY WE GÖZELLIGI WASP EDIP

Dmitriý MASLEÝEW,Moskwa Döwlet akademiki filarmoniýasynyň solisti, sazanda:

Dana şahyryň diwany

illeri we dilleri ýakynlaşdyrýar Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda geçirilen Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň gyrgyz dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy akyldar şahyrymyzyň şanly ýubileýine bagyşlanan tutumly çäreleriň üstüni ýetirdi. Biz dabarada söz sözlän doganlyk halkyň wekilleriniň birnäçesiniň çykyşlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Müdimi dostluk

Görnükli söz ussady, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara çäreleriň her bir pursady Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň halkara derejedäki şöhratyny çuň mazmun bilen baýlaşdyrýan beýik işlerini dabaralandyrýar. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň  10-njy oktýabrda ýurdumyza  bolan resmi saparynyň wakalarynda hem muny aýdyň görmek bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň «Laçyn» seýilgähinde bina edilen gazak halkynyň beýik şahyry, görnükli medeniýet we sungat işgäri Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylmagy hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ajaýyp mysaly boldy. Beýikligi 7 metrden geçýän bu heýkelde gazak şahyrynyň halklary dostluga,  ynsanlary ýagşylyga, haýyrly işlere çagyrýan keşbi ussatlyk bilen döredilipdir.

Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň mejlisi

Aşgabat, 16-njy oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary S.Ziýozodanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi. Mejlisiň barşynda iki ýurduň arasyndaky özara erk-islege daýanýan gatnaşyklaryň soňky ýyllarda hil taýdan täze mazmuna eýe bolandygy nygtaldy. Ýokary we Hökümet derejesindäki özara saparlardyr duşuşyklaryň geçirilmegi yzygiderli häsiýete eýe boldy. Munuň özi netijeli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge ýardam edýär.

Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy özbek dilinde neşir edildi

Aşgabat, 16-njy oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň özbek diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň we Özbegistanyň Ylymlar akademiýalarynyň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Institutyň eýwanynda guralan sergide Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň amaly-haşam sungatynyň we medeni mirasynyň nusgalary ýerleşdirilen diwarlyklar görkezildi.

«Türkmenistan — gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» atly halkara ylmy duşuşyk

Änew, 16-njy oktýabr (TDH). Şu gün Milli «Ak bugdaý» muzeýinde meşhur alymlar, arheologlar, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýeleri Wadim Massonyň we Wiktor Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» atly halkara ylmy duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň guramagynda geçirilen foruma türkmen we rus alymlary gatnaşdylar. Italiýanyň, Çehiýa Respublikasynyň alymlary oňa sanly ulgam arkaly goşuldylar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda rus arheologlarynyň Watanymyzyň taryhyny öwrenmekdäki goşantlaryna ýokary baha berilýär. Akademikler Wadim Masson we Wiktor Sarianidi dürli ýyllarda Magtymguly adyndaky halkara baýrak, beýleki döwlet sylaglary bilen sylaglandylar. Olaryň eserleri ýurdumyzda köpçülikleýin neşir edildi, açyşlary bolsa gadymy dünýäniň taryhy baradaky mekdep kitaplaryna girizildi. Masson we Sarianidi hakyndaky maglumatlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň eserlerinde-de öz beýanyny tapdy.

Dostlukly gatnaşyklaryň binýadyny berkidip

Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet günleri açyldy Aşgabat, 16-njy oktýabr (TDH). Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu döredijilik çäresi iki dostlukly döwletiň strategik hyzmatdaşlygynda medeni-ynsanperwer ulgama aýratyn ähmiýet berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Oba hojalygynyň möhüm meseleleri halkara barlaglaryň üns merkezinde

Daşoguz, 16-njy oktýabr (TDH). Şu gün Daşoguz welaýatynyň edara ediş merkezinde ýerleşýän Türkmen oba hojalyk institutynda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly halkara ylmy-taslama bäsleşigi öz işine başlady. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň esasy çäreleriniň birine öwrülen zehin bäsleşigine sanly ulgam arkaly gatnaşmak üçin ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyryldy. Iki günläp dowam etjek bäsleşigiň öňüsyrasynda Watanymyzyň ösüşlerini, milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry bolan oba hojalygy pudagynyň gazananlaryny şöhlelendirýän sergi guraldy. Soňra bäsleşik barada maglumatlary özünde jemleýän wideoşekiller görkezildi. Munuň özi umumy maksatlara ýetmek üçin ylmyň we bilimiň özara baglanyşygynyň aýdyň beýany boldy.

Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň mejlisi

16-njy oktýabrda paýtagtymyzda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary S.Ziýozodanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi. Mejlisiň barşynda iki ýurduň arasyndaky özara erk-islege daýanýan gatnaşyklaryň soňky ýyllarda hil taýdan täze mazmuna eýe bolandygy nygtaldy. Ýokary we Hökümet derejesindäki özara saparlardyr duşuşyklaryň geçirilmegi yzygiderli häsiýete eýe boldy. Munuň özi netijeli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge ýardam edýär.