HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Hafizowiç KAMILOWA Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, milli däp-dessurlary ösdürmekde hem-de ruhy ýakynlyk gatnaşyklary bilen bagly iki doganlyk halkyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Hafizowiç Kamilowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz watandaşlar!Hormatly adamlar! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da artdyrýan şanly sene — Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Hafizowiç KAMILOWA Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, milli däp-dessurlary ösdürmekde hem-de ruhy ýakynlyk gatnaşyklary bilen bagly iki doganlyk halkyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Hafizowiç Kamilowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly.

Şanly toýdan Şa serpaýynyň eýeleri

Düýn Arkadag şäheriniň häkimliginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlar bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, «akylly» şäherde zähmet çekýän işgärler, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabara bilen bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna mynasyp bolmak uly bagtdyr we mizemez döwletlilikdir. Şeýle ajaýyp döwrümizde ildeşlerimiziň ençemesiniň döwlet sylagyna ― «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna mynasyp bolmagy buýsançly wakadyr. Bu her bir adamyň zähmetine bildirilen uly ynamdyr, geljekki üstünliklere ruhlandyrýan, ata Watanymyza bolan söýgimizi has-da artdyrýan ylhamdyr. Dabarada gursaklary buýsançdan doly ildeşler

Dur­mu­şyň be­ze­gi, döw­rüň buý­san­jy

Mil­li Li­de­ri­miz ge­çen ýyl­lar­da yla­hy ze­hi­nin­den, pä­him-paý­ha­syn­dan dö­rän yl­my- fi­lo­so­fik we çe­per eser­le­ri­niň en­çe­me­si­ni hal­ky­my­za peş­geş etdi. Yn­ha, go­laý­da bol­sa Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Ha­ky­da göw­he­ri» at­ly tä­ze ki­ta­by ne­şir edi­lip, ulus-ili­mi­ze go­wuş­dy. Bu gym­mat­ly eser ýur­du­myz­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň şan­ly 29 ýyl­ly­gy­nyň ulu­dan toý­la­nyl­ýan gün­le­rin­de türk­me­nis­tan­ly­lar üçin aja­ýyp sow­gat bol­dy. Köp­ýyl­lyk şöh­rat­ly ta­ry­hy bo­lan hal­ky­myz uzak geç­miş­de dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň ös­me­gi­ne ön­jeý­li go­şant goş­dy. Da­na pe­der­le­ri­mi­ziň dö­re­den bi­na­gär­lik eser­le­ri, sün­nä­läp kä­mil­leş­di­ren se­net­çi­lik, se­ýis­çi­lik däp­le­ri, ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň ne­pis el iş­le­ri umu­ma­dam­zat me­de­ni­ýe­ti­niň gen­ji-ha­zy­na­sy­na öw­rül­di. Nus­ga­wy şa­hyr­la­ry­my­zyň şu gün­ki ne­sil­le­re gal­dy­ran ede­bi mi­ra­sy hem pä­him-paý­has çeş­me­si hök­mün­de dün­ýä halk­la­ry­nyň ara­syn­da giň meş­hur­ly­ga eýe bol­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň tä­ze ese

Kalba dolan ak alkyşlar

Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­myz­da ulu­dan tu­tul­ýan da­ba­ra­lar älem iç­re ýaň sal­ýan şan­ly wa­ka­la­ra ut­gaş­ýar. Yn­ha, toý-baý­ra­ma bes­len­ýän şu gün­le­ri­miz­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň ömür we dö­re­di­ji­lik ýo­lu­ny yl­my esas­da çuň­ňur öw­ren­mek­de, onuň ede­bi mi­ra­sy­ny dün­ýä ýaý­mak­da aý­ra­tyn uly hyz­mat­la­ry bi­ti­ren wa­tan­daş­la­ry­my­zyň bir­nä­çe­si­ni Türk­me­nis­ta­nyň «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy­na» at­ly ýu­bi­leý me­da­ly hem-de ýa­dy­gär­lik ny­şan­lar top­lu­my bi­len sy­lag­la­mak ba­ra­da­ky res­mi­na­ma­la­ra gol çek­di. Şeý­le be­lent döw­let sy­la­gy­na my­na­syp bo­lan­la­ryň ha­ta­ryn­da we­la­ýa­ty­my­zyň we­kil­le­ri hem bar. Ola­ryň kä­bi­ri ýü­rek buý­san­jy­ny şeý­le be­ýan ed­ýär.

Beýik akyldara, yhlasly we döredijilikli zähmete sarpa

Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna we Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlaryna mynasyp bolan ildeşlerimize sylaglary gowşurmak dabarasy geçirildi. Ýokary ruhubelentlige beslenen dabarada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adama hem-de onuň yhlasly we döredijilikli zähmetine uly sarpa goýulýandygy, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgeler esasynda raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaklyga gönükdirilen tutumly işleriň alnyp barylýandygy, ildeşlerimiziň sylaglanmagynyň bolsa döredijilikli zähmetini Watana gulluk etmäge bagyşlan adamlara goýulýan sarpanyň nyşanydygy barada aýratyn nygtaldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabaralara beslenmegi dana şahyra goýulýan belent hormatyň güwäsidir. Bu günki gün edebi mirasy umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna giren şahyryň şygyrlary dünýä halklary tarapyndan söýlüp okalýar» diýlip, dabarada buýsanç bilen bellenildi. Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy dekabry) Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Täze edara binasy ulanmaga berildi

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk senesiniň uludan toýlanýan günlerinde dürli maksatly döwrebap binalaryň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi täze taryhy eýýamyň bagtyýarlygynyň özboluşly subutnamasy bolup durýar. Welaýatymyzyň Gyzylarbat etrabynyň pensiýa gaznasynyň bölüminiň täze edara binasynyň açylyş dabarasy hem munuň güwäsidir. Etrap merkeziniň gözel ymaratlarynyň hataryny artdyran, daş-töweregine mydama gök öwsüp oturýan bag nahallary ekilen döwrebap edara binasynyň açylyş dabarasyna etrap häkimliginiň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, ýaşuly nesliň wekilleri, elleri baýdakly, al-elwan gülli talyplar, köp sanly ýerli ýaşaýjylar ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar.

Ýurt garşy alsyn!

Hazar deňziniň kenaryny jähekläp oturan Türkmenbaşy şäherinde 4 gatly, 60 öýli, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň bäşisiniň dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylmagy ýurdumyzyň raýatlarynyň netijeli zähmet çekmegi hem-de oňat ýaşamagy üçin oňaýly şertleriň döredilýändiginiň buýsançly subutnamasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda täze binagärlik we şähergurluşyk keşbini kemala getirmek, şeýle hem ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli edaralaryň işgärleri üçin has oňaýly ýaşaýyş şertlerini döretmek maksady bilen gol çeken Kararynyň çäklerinde gurlan binalaryň açylyş dabarasy uludan tutuldy.