HABARLAR

Täzelikler

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň wekilleriniň guramaklarynda Çärjew, Farap, Dänew Darganata etraplarynda etrap bilim bölümleriniň işgärleriniň, çagalar baglarynyň müdirleriniň gatnaşmaklarynda ýörite okuw maslahaty geçirildi. Onda körpeleriň arasynda arassaçylyk düzgünleriniň doly berjaý edilişini gözegçilikde saklamak, sagdyn iýmitlenmegi guramak boýunça olaryň ene-atalary bilen düşündiriş işlerini yzygiderli ýola goýmak dogrusynda gürrüňdeşlik geçirildi. Arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmekligiň körpeleriň maşgala agzalarynyň arasynda ýokanç keselleriň öňüni almakda uly ähmiýete eýedigi düşündirildi. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan şu mowzukdan taýýarlanylan gollanmalaryň 3-si, şeýle-de ýangyn howpsuzlygyny berjaý etmek boýunça ýörite düzgünnama hem paýlanyldy.

Pyragynyň arzuwlan zamany geldi

Ajaýyp we gaýtalanmajak döredijiligi bilen edebiýat meýdanynda öçmejek yz galdyran türkmen nusgawy edebiýatynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi aýratyn özüne çekijidir. Nusgawy şahyrlarymyza uly sarpa goýýan milli Liderimiz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine hem ýokary baha berýär. Arkadag Prezidentimiziň ýiti zehininden syzylyp çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserinde hem akyldar şahyryň dana setirlerine uly orun berilýär. Akyldar şahyrymyz ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň gazananlaryny akyl-paýhas eleginden geçirip, dür dänesi kimin eserleri döredip, türkmen jemgyýetiniň we nusgawy edebiýatynyň taryhynda uly özgerişlikleriň başyny başlapdyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Magtymguly akyldar halkymyzyň akyl-paýhasa bolan yhlasly ymtylmasyny beýik derejä göterdi» diýip ýerlikli belleýär. Bagtyýarlyk zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öňe süren garaýyşlaryny öwrenmek we dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak bilen baglanyşykly tutumly işler amala aşyrylýar. Şahyryň umumadamzat ruhy-medeni hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň ençemesinde okalýar. Dünýä belli gündogary öwreniji alymlar we akylda

Parlak geljegimiziň ýoly

Ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyz her ýyl uly dabara bilen bellenilýär. Bu şanly sene mähriban Watanymyzyň ýyl-ýyldan gülläp ösýändigini, kuwwatly, abraýly döwlete öwrülýändigini äşgär edýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylanlar hakynda oýlananyňda, ilki bilen gurlan belent-belent binalar, desgalar göz öňüňe gelýär. Elbetde, olar biziň durmuşymyzy, ýaşaýyş şertlerimizi ýokary derejelere ýetiren ägirt uly ösüşleriň anyk netijeleridir. Ýurtbaştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygy bilen eziz Diýarymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda, uzak bolmadyk möhletde tanalmaz derejede ösdi, özgerdi. Bu gün obalarymyzyň, şäherlerimiziň ajaýyp keşbi, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanýandygyndan habar berýär we göwünleri galkyndyrýar. Munuň özi mähriban Arkadagymyzyň öz halkynyň arzuw- islegini, bähbitlerini ähli zatdan ileri tutup alyp barýan syýasatydyr.

Halkymyzyň saglygynyň goragynda Türkmenistan “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy

18-nji ýanwarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Russiýanyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde Gamalei adyndaky ylmy-barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy hem-de degişli şahadatnamany berdi. Şeýlelikde, Türkmenistan Merkezi Aziýada bu sanjymy öz çäginde ulanmagy resmi taýdan makullan ilkinji döwlet boldy hem-de ony hasaba alan döwletleriň birinji onlugyna girdi.

Belent sepgitleriň ýyly bolar

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýyly üstünliklere beslenen ýyllaryň biri boldy. Bu ýylda Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuny uly dabara bilen belledik. Halkara derejesinde maslahatlar geçirildi. Şeýle ruhubelentlik bilen Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda halkymyz 2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyna gadam basdy. Bularyň özi biziň halkymyzyň bagtyýarlygynyň, Watanymyzyň rowaçlygynyň nyşany. Elbetde, 2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly hem Diýarymyz üçin uly ösüşleriň ýyly bolar. Çünki, hormatly Prezidentimiz türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda ýokary derejedäki arzuwlar bilen ýüzlendi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny bellejek ýylymyzda-da şeýle üstünlikleriň boljakdygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistan döwletimiziň ösüşlerinde, esasy iki sany sütün bolan mukaddes Garaşsyzlygymyz hem-de hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz esasy orun tutýar.

Döwletiň daş ýarsyn!

2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ady bilen bagly oýlanmalar Şu ýazgylary men hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp eserindäki şeýle setirler bilen başlamagy müwessa bildim: «Beýik geografiki açyşlar döwrüniň syýahatçylaryna ägirt uly bolup görnen hem bolsa, älem giňişligi özleşdirilýän häzirki zamanda, iş ýüzünde Ýer togalagy o diýen uly bolmadyk saýýara bolup çykdy. Dürli kontinentlerde ýerleşýän ýurtlar birek-birege has ýakynlaşdylar. Şeýle bolansoň, bizden müňlerçe kilometr uzakda bolup geçýän çökgünlikler bize-de azda-kände öz täsirini ýetirýär. Şonuň üçin hem meniň çykyşlarymda we kitaplarymda häli-şindi duş gelýän «hoşniýetli goňşuçylyk» diýen jümläni ulanamda, men diňe bir Türkmenistan bilen serhetdeş ýurtlary göz öňünde tutmak bilen çäklenmän, eýsem, Orta Aziýadan uzakda ýerleşýän döwletleri hem göz öňünde tutýaryn. Adamzadyň medeni ösüşiniň häzirki döwri älem giňişligini özleşdirip, maglumat we beýleki IT-tehnologiýalaryň ýokary depginli ösmegine getiren nobatdaky ylmy-tehniki rewolýusiýasynyň täsiri bilen biziň hemmämizi birek-birege baglanyşykly edip goýdy. Özi hem, bu ýagdaýda geň görer ýaly zat

Goňşa barýan ýol

2. DÜNÝÄ ÝAÝYLÝAN NUR Eýsem, deňli-derejeli ýaşaýyş üçin nämeler gerek?!

Geljegi nazarlaýan gatnaşyklar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan oňyn Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasaty halkara parahatçylygy üpjün etmegiň, hoşniýetli goňşuçylygyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bähbitlerine ýardam etmäge gönükdirilendir. Bu günki gün ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek, energetika we kommunikasiýa ulgamlary boýunça durmuşa geçirýän taslamalaryna hem dünýä bileleşigi aýratyn gyzyklanma bildirýär. Milli Liderimiziň bu ugurlarda ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň biragyzdan goldanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli Kararnamalary bilen berkidilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde ýurdumyz hem-de tutuş sebit üçin uly ähmiýete eýe bolan taryhy wakalara şaýat bolduk. 14-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda iri düzümleýin desgalaryň birbada üçüsi — Akina — Andhoý demir ýoly, Kerki — Şibirgan elektrik geçirijisi hem-de Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy ugurlary boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy açylyp, ulanylmaga berildi. 15-nji ýanwarda bolsa d

Taryhy başlangyçlaryň rowaçlygy

14-nji ýanwarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmagynda Akina — Andhoý menzilleriniň aralygyndaky, uzynlygy 30 kilometrlik demir ýoluň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kW, uzynlygy 153 kilometr bolan elektrik geçirijiniň, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň açylyp, ulanmaga berilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň sene ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljak taryhy wakalar boldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji aýynda bolup geçen bu taryhy wakalar halkymyzda uly seslenme döretdi. Şu mynasybetli, ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa toplumynyň guramagynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň mejlisler jaýynda, gurluşyk we senagat toplumynyň guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde, nebitgaz, oba hojalyk hem-de maliýe we ykdysadyýet toplumlarynyň guramagynda olaryň degişli mejlisler jaýlarynda maslahatlar geçirildi.

Yklymlara uzaýar dostluk ýollary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Bütin dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy we durnukly ösüşi gazanmakda halkara bileleşiginiň tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldaýan, öňdengörüji we maksada gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýan döwlet hökmünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň abraýyny belende galdyrýarys. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her bir ýylymyzy mynasyp şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz hem uly üstünlikleri, ösüşleri bilen geldi. Ýylyň aýratynlygyny alamatlandyrjak bu başlangyç göwünlere ganat, täze üstünliklere badalga bolup, halkymyzyň ruhuny ýokary göterdi, köňüllerde buýsanç döretdi. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, birek-birege ynanyşmak ýörelgelerine ygrarly halkymyzyň asuda, abadan, bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen işler, uzak geljegi nazarlaýan belent maksatlar ýyla badalga boldy. Dünýäde Türkmenistanyň at-abraýy has-da belende göterildi.