HABARLAR

Sebitleri toplumlaýyn ösdürmek maksady bilen iş tejribesi alşyldy

20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça welaýatlaryň häkimleri, şeýle hem beýleki käbir ýolbaşçylar Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, dürli ugurlarda iş tejribesi bilen tanyşdylar. Welaýatlaryň häkimleri, medeniýet ministri, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň rektory paýtagtymyzda, soňra Mary welaýatynyň häkimliginde milli Liderimiziň öňde goýan degişli wezipelerini toplumlaýyn ýerine ýetirmek boýunça işleriň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Watan goragçylarynyň gününe

Mertebe mukaddesligi Baky Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan Türkmenistan döwletimiz dünýä ýüzünde parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmäge, dostana gatnaşyklary ösdürmäge hem-de olaryň täze derejelere çykarylmagyna saldamly goşant goşup gelýär. Bu babatda milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýar. Muny Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň ählumumy ykrary bilen üstümizdäki ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem tassyklaýar. Döwletimiziň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasy hem baky Bitaraplyk derejesiniň talaplaryna doly laýyk gelýär. Belent Serkerdebaşymyzyň alyp barýan syýasaty netijesinde ol ýurdumyzda hem-de halkara giňişliginde parahatçylygy, howpsuzlygy, özara ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilendir.

Paýhasdan nurlanýan ak şäher

2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi döwletimizde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagynyň asylly däbe öwrülendigini tassyklaýar. Munuň özi, 2019-njy ýylyň sentýabrynda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Rezolýusiýasyndan gözbaş almak bilen, halkymyzyň abadançylygyny, raýatlaryň watançylyk ruhuny, amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny has-da ýokarlandyrýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde maksatnamalaýyn özgertmeler durmuşa geçirilip, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen ägirt uly işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň: «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda bina edilýän täze önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport desgalary, belent ýaşaýyş jaýlary diňe bir ak şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda, halkymyza edilýän durmuş hyzmatlarynyň giň gerimli, ýokary hilli bolmagynda hem möhüm orna eýedir» diýip

Mukaddes borja wepalylyk

Welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýurdumyzda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli baýramçylyk sergisi açyldy. «Watany goramak mukaddes borjumyzdyr» atly bu wagtlaýyn sergini muzeýiň işgärleri we welaýatymyzyň harby bölümleriniň wekilleri bilelikde guradylar. Birnäçe günläp dowam etjek bu sergide hormatly Prezidentimiziň watançylyk mowzugyndaky kitaplaryna, Watan goragçylary we harby gullukçylar bilen okuw-türgenleşik döwründe düşen fotosuratlaryna aýratyn orun berildi. Bulardan başga-da ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini esaslandyrmakda we Garaşsyzlyk ýyllarynda Milli Goşunymyzy pugtalandyrmakda alnyp barlan işlere degişli maglumatlaryň uly toplumy ýerleşdirildi. Watanymyzyň şöhratly taryhyna, syýasy we harby durmuşyna degişli özgertmeleri, soňky ýyllarda ýurdumyzyň serhetçileriniň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň işlemekleri we bagtyýar ýaşamaklary üçin döredilýän şertleri, bu ugurda gazanylýan üstünlikleri, şeýle-de mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň ömür we söweş ýoluny beýan edýän dürli görnüşli suratlar we ýazgylar hem sergä gelenleriň ünsüni özüne çekýär. Sergide görkezilen harby gullukçylaryň irki döwürlerde ulanan harby esbaplary, geýen egin-eşikleri, Watan Gahrymanlarynyň döşüni bezän orde

Parahatçylygyň aýdyň ýoly

2021-nji ýyly „«Türkmenistan — — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan etmek hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary ýurdumyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagynyň asylly däbe öwrülendigini tassyklady. Munuň özi, halkymyzyň abadançylygyny raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwuny şöhlelendirýär. Şonuň bilen birlikde Türkmenistanyň Mejlisiniň bu Kararynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň giň halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek hem--de dünýä ýaýmak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli Türkmenistana uly buýsanç we wepalylyk ruhunda terbiýelemek wezipelerini amala aşyrmakda uly ähmiýeti bar. Hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli künjekleri ösýär we özgerýär. Ykdysady taýdan güýçli we kuwwatly döwletde şäherleriň we obalaryň ösmegi, özgermegi bolsa, adam hakyndaky aladadan nyşandyr.

Ähli reňkleriň başlangyjy ak reňkde!

Ynha, indi her gezek gözüň düşende, buýsançly kalbyňa ganat bekledýän Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» eserindäki Ýer togalagynyň daşyndan aýlanyp, ak ýol çekip barýan guşuň — parahatçylygyň ilçisi hökmünde bütindünýä söýgüsini gazanan ak kepderiniň şekili bu eýjejik guşuň halkyň ruhy dünýäsine girip, hemişelik orun alşy, şeýle-de «ak ýol» diýen aňlatmanyň giň hem-de nurana many öwüşginleri barada oýlandyrýar. Eýsem, nirede asudalyk we parahatlyk bolsa, şol ýerde gowulyklaryň hem şowlulyklaryň, rowaçlyklaryň jeminden hasyl bolýan ak ýollar ynsanlary ösüşlere, parlak geljege tarap ynamly öňe äkidýär. Şol ak ýol bolsa milli Liderimiziň adybir eserinde belentden beýan edilen baky Bitaraplygymyzdyr. Ýaşaýşyň buşlukçysy

Dostlugyň we agzybirligiň ýoly

Milli Liderimiz «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly eserinde: «Biziň eziz Diýarymyzyň geljegini has-da rowaçlandyrmak hakyndaky düýpli aladalarymyzyň esasynda Watanymyza iňňän uly söýgimiz, tutanýerlilik hem-de maksadaokgunlylyk bilen ýaýbaňlandyran beýik ynsanperwer ýörelgelerimiz bardyr. Şular hem sagdyn durmuşy söýmäge, bagtyýar ýaşaýşy kemala getirmäge, dostluga hem-de agzybirlige gönükdirilen tutumly maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmegimiziň esasy şertidir» diýip, dünýäde ösüş arkaly parahatçylygy gazanmakda sport diplomatiýasynyň ähmiýetiniň uludygyny nygtaýar. Arkadagly eýýamymyzda ata Watanymyz Türkmenistan ähli arzuwlary hasyl bolýan bagtyýar adamlaryň ýurduna, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň we halkara derejeli sport çäreleriniň geçirilýän mekanyna öwrüldi.

Kitaphana — göwher däne Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde ýurdumyzda kitaphana ulgamy döwrebap ösüşlere eýe boldy

2017-nji ýylyň 20-nji martynda «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 1-nji fewralynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beren görkezmesi esasynda kitaphanalara internet ulgamy ornaşdyryldy.

Rowaçly menziller

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň paýtagtyny we sebitlerini ösdürmek babatynda dünýä nusgalyk guwandyryjy işleri durmuşa geçirýär. Şol maksat bilen, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda, Diýarymyzyň obalarynda, şäherçedir şäherlerinde dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna aýratyn üns berýär. Medeni-durmuş, önümçilik maksatly döwrebap desgalaryň, nusgalyk obadyr şäherçeleriň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi bilen ýurdumyzyň sebitleri günsaýyn täze keşbe beslenýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda täze, döwrebap obalaryň we şäherçeleriň ençemesiniň gurluşyklary alnyp barylýar. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag, Owadandepe, Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşlikleriniň çäginde şeýle döwrebap obalar gurulýar. Mundan başga-da Gökdepe etrabynyň çäginde Ahal welaýatynyň döwrebap dolandyryş merkeziniň gurluşyk işleri güýçli depginde dowam edýär. Bu zatlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň her bir welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatdaky maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň alamatydyr. Türkmen halky Arkadagly döwrümiziň her bir ýylynda dürli maksatly desg

Arkadagyň dünýä nusgalyk syýasaty

Ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň ägirt uly gorlary ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, iri gaýtadan işleýän önümçilikleri döretmek we ösdürmek babatynda ileri tutulýan taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleriniň goruna dünýäde baý ýurtlaryň hatarynda bolmagy nebitiň we gazyň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmaga, energiýa serişdeleriniň eksportynyň çäklerini tapgyrlaýyn giňeltmäge gönükdirilen energetika strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işleriň geçirilmegi ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga, ýakyndaky we alysdaky döwletler bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, uglewodorod serişdelerini iberijiler we sarp edijiler üçin amatly şertleriň döremegine, Türkmenistan üçin täze sarp edijileriň bazarlaryny açmaga oňyn şertleri döredýär we ýurdumyzda işlemek isleýän daşary ýurt maýa goýujylaryň gyzyklanmalaryny has-da artdyrýar. Şu ýylyň 15-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desga ulanmaga berildi. Garagum sährasynyň bu welaýata degişli çäginde ýerleşýän «Malaý» ýatagyndan 1986-njy ýyldan bäri tebigy gaz çykarylyp gelinýär. Sebitiň ilatl