HABARLAR

Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar AŞGABAT, 26-njy fewral (TDH). Şu gün wideoaragatnaşyk arkaly Mejlisiň wekilleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament assambleýasynyň mejlisine gatnaşdylar. Her ýyl geçirilýän bu çäre ilkinji gezek wideomaslahat görnüşinde guralyp, oňa 57 ýurtdan parlamentarileriň 270-e golaýy gatnaşdy.

Gündogaryň merjeni sen, Aşgabat!

Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony ösdürmek boýunça maslahat geçirdi 24-nji fewralda milli Liderimiz paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi, şäheri gurmagyň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümini, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyny öz içine alýan täze taslamalar bilen tanyşdy.

Binagärlik sungatynyň dürdänesi

Mälim bolşy ýaly, 24-nji fewralda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň häkimliginde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda belleniljek Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek we ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi. Onda milli Liderimiz şäheri gurmagyň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümini, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyny öz içine alýan täze taslamalar bilen tanyşdy. Munuň özi Aşgabady ösdürmek we onuň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Aşgabady ösdürmek boýunça bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda gurulýan ak mermerli durmuş maksatly binalar we beýleki desgalar Aşgabadyň gözelligine gözellik goşýar, halkymyzyň ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy toýlanjak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem paýtagtymyzda şeýle maksatly desgalaryň ençemesini ulanmaga bermek meýilleşdiril

Kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär

Öňňin Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Duşuşygyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz maslahat geçirip, Mejlisiň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm wezipeleri boýunça pikir alyşdy.

«Altyn kölüň» ýalkymy

halkymyzyň bagtyýar durmuşyny şuglalandyrýar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:— Biziň borjumyz iň gözel we arassa, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly şäher hökmünde paýtagtymyzyň belent abraýyny saklamakdan ybaratdyr. Şonuň üçin biz Aşgabady has-da gözelleşdirmelidiris. Ony döwrümiziň nyşany bolan ajaýyp şähere öwrüp, çagalarymyza we agtyk-çowluklarymyza miras galdyrmalydyrys. «Geçeniň dowamaty geljekde» diýýän bagtyýar halkymyzyň her bir ýyly eşret-hözire beslenip, her bir watan raýaty geljekki ýyllara ertekiniň hakykata öwrülişi hökmünde garaýar. Bu, hakykatdan-da, şeýle.

Arkadagyň sungat eseri

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 24-nji fewralynda paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlap geçiren maslahatynyň dowamynda täze taslamalaryň birnäçesi bilen tanyşdy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy tarapyndan Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna bagyşlanyp taýýarlanan nyşanyň taslamasynyň tassyklanmagy milli Liderimiz tarapyndan bu baýramçylyga berilýän ähmiýetiň näderejede uludygyndan habar berýär. Sungat eseriniň islendigine syn etseň, ony döreden adamyň kalbynyň, duýgusynyň, pikiriniň sazlaşygyna göz ýetirmek bolýar. Bu bolsa esere has içgin düşünmäge ýardam berýär. Guşuçar belentlikden paýtagtymyzy synlasaň, gözüňi gamaşdyrýan gözelligi görýärsiň. Ol gözellik —Gahryman Arkadagymyzyň özboluşly sazlaşygy emele getirip duran kämil sungat eseri — ady aýdymlarda belent ýaňlanýan Aşgabat.

Döwrebap ösüşler — ýurduň kuwwaty

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň, şeýle-de ata Watanymyzyň ýüregi bolan, paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni halk bähbitli, döwlet ähmiýetli ösüşlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň geçirýän mejlislerinde hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, ýurdumyzy, paýtagtymyzy ösdürmek meselelerine garalýar we oňyn çözgütler kabul edilýär. Biz munuň şeýledigine gündelik şaýat bolýan wakalarymyzyň, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, häzirki wagtda durmuş-ykdysady ulgamyň ähli ugurlarynyň täze tehnologiýalar esasynda sanly ulgama yzygiderli geçirilmegi babatda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris.

Döwre buýsanç - zähmete hyjuw

Ýazly DÄDEBAÝEW,Daşoguz welaýat kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi: — 12-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz geljekde ýurdumyzyň çäginde ýokanç däl keselleriň öňüni almak, olary bejermek üçin giň mümkinçilikleri döretjek Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezini, saglygy goraýşyň epidemiologiýa, molekulýar mikrobiologiýa we biologiýa, immunologiýa, bakteriologiýa, gen inženeriýasy, biotehnologiýa, ekologiýa we biologiýa howpsuzlygy ýaly ugurlarynda düýpli ylmy-barlag işlerini alyp barjak Wirusologiýa, bakteriologiýa we epidemiologiýa ylmy-önümçilik, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezlerini we beýleki saglygy goraýyş maksatly desgalary gurmak hakynda aýtdy. Mundan başga-da, ilaty derman serişdeleri bilen doly üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda derman öndürýän birnäçe täze önümçilikler gurlar.

Saýlaw ulgamynyň hukuk binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz demokratik ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Öz ösüşinde täze belentliklere galýan ýurdumyzda kanun çykaryjylyk işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilip, milli parlamentiň iki palataly gurluşyny döretmegiň hukuk esaslarynyň döredilmegi Türkmenistanyň täze taryhyna uzak geljegi nazarlaýan taryhy ähmiýetli waka bolup girdi. Esasy Kanunymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatadan — Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybaratdygy beýan edildi. Şonuň ýaly-da, Halk Maslahatynyň düzümine welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde gizlin ses bermek arkaly saýlanylýan her welaýatdan we Aşgabat şäherinden sekiz agzanyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýän sekiz agzanyň girýändigi görkezildi. Saýlaw kodeksine üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze döredilýän Halk Maslahaty palatasynyň agzalarynyň saýlawlaryny guramagyň we geçirmegiň hukuk esaslary berkidildi. Şunda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň gizlin ses bermek arkaly göni däl (gytaklaýyn) saýlaw hukugynyň esasynda welaýat halk maslahatlarynyň mejlislerin

Ýalkym saçýan ak binalar nesillere miras galar

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyran, hakydalara hemişelik keşdelenen şatlykly wakanyň bolup geçenine entek köp wagt geçenok. Okyjy meniň haýsy wakanyň gürrüňini edýändigimi bilesi gelip, geçen günleri aňynda aýlaýandyr. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni şatlykly, ýatdan çykmajak wakalara beslenýär. Meniň gürrüňini edýän şatlykly wakam gaty köp maşgalanyň öýli bolmak, onda-da ähli amatlyklar döredilen jaýlarda ýaşamak hakyndaky arzuwlarynyň wysaly, ýagny gözel paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyrynyň açylyp, ulanylmaga berlen gününiň şowhuny, öýli bolan ildeşlerimiziň buýsançly sözleri, bagtyýar bakýan gözleri hakynda. Teleýaýlymlaryň üsti bilen ençeme gezek açylan binalar hakyndaky gepleşikleri synlan hem bolsam, «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýen pähime uýup, öz gözüm bilen görüp, Beýik Binagäriň — Gahryman Arkadagymyzyň çyn yhlasyndan dörän gözelligi ýakyndan synlasym geldi.