HABARLAR

Bagtyýar durmuşyň höziri

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni, tutuş ýurtda bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem ýatdan çykmajak şanly pursatlara beslenýär. Şu hepdäniň çarşenbe güni Hazar deňziniň kenaryny jähekläp oturan Türkmenbaşy şäherinde hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli edaralaryň işgärleri üçin has oňaýly durmuş şertlerini döretmek maksady bilen gurlan ýaşaýyş jaý toplumynyň dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylmagy hem ýylyň ýatdan çykmajak wakalarynyň hataryna goşuldy. Merdana, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň ýene bir güwäsine öwrülen, kenarýaka şäheriň binagärlik görküne görk goşan bu ymaratlaryň gurluşygyna gatnaşan, şeýle hem täze öýlere göçüp baran bagtyýar raýatlarymyz öz ýürek buýsançlaryny şeýle beýan edýärler. Baýram HOJAMYRADOW, «Ynamly hyzmatdaşlar» hojalyk jemgyýetiniň direktory:

Sazlaşykly ösüşleriň şuglasy

Eziz Diýarymyzda tutuş jemgyýetiň, hususan-da, nurana geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, olaryň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertleri hem-de giň mümkinçilikleri döretmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebit we dünýä derejesindäki iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmek babatda uly tejribä hem-de giň mümkinçiliklere eýedir. Halkara ýaryşlara işjeň gatnaşýan ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri we ýeňişleri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän beýik işleriň aýdyň netijesidir. Hormatly Prezidentimiziň 6-njy dekabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň on bir aýynda bilimli, ylymly, beden hem ruhy taýdan sagdyn ýaş nesilleri kemala getirmek ugrunda alnyp barlan işler, sport ulgamynda gazanylan buýsandyryjy üstünlikler barada aýratyn durlup geçildi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilimiň hilini ýokarlandyrmak, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Mekdep okuwçylarydyr talyplar halkara ders, internet bäsl

Watançylygyň buýsançly kelamy

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Hakyda göwheri» atly täze kitabyny okanyňda, onuň halkymyzyň şöhratly taryhyna bagyşlanan ajaýyp eserdigine göz ýetirýärsiň. Kitabyň ilkinji sahypalarynda alym Arkadagymyz bu hakykaty filosofik pikirleriň üsti bilen şeýle beýan edýär: «Adamzat taryhyna mahsus islendik ösüşiň gözbaşy hem, çürbaşy hem ynsanlar bilen bagly. Beýik ynsanlar beýik halky, beýik halklar bolsa beýik taryhy döredýärler». Kitabyň «Taryha syýahat» atly birinji babyndaky «Taryh şu ýerden başlanýar», «Änew medeniýeti», «Bürünç zamanynyň medeni ojaklary», «Beýik Seljuklar döwri», «Horezmşalar döwleti» ýaly bölümler okyjyny türkmeniň müňýyllyklara uzaýan ýolundaky şöhratly menzillere alyp gidýär. «Ruhy miras» diýlip atlandyrylan ikinji bapdaky «Zehin aýdyňlygy, paýhas käni», «Oguznama» – dünýä baýlygy», «Täsin söhbediň beýany», «Hazyna eýesine hazynadar diýerler», «Döwletliniň döwlet gözbaşy», «Gadymy heňňamyň aýdymy» ýaly bölümlerde türkmen halkynyň durmuş filosofiýasynyň ajaýyp ýörelgeleri, milli gymmatlyklar barada giňişleýin söhbet edilýär.

Şanly geçmişiň beýany

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede uludan bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şatlykly wakalara, şanly senelere, hoş habarlara beslenýär. Golaýda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze eseriniň elimize gowuşmagy şanly ýylymyzdaky ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Alym Arkadagymyzyň ýiti zehininden döreýän eserler diňe bir halkymyz däl, eýsem, dünýä ýurtlarynyň okyjylary üçin hem ähmiýetli gollanma öwrülýär. Milli Liderimiziň şöhratly geçmişimize bolan buýsanja, milli mirasymyza we medeniýetimize hormat-sarpa eýlenen «Hakyda göwheri» atly eseriniň türkmen hem-de iňlis dillerinde neşir edilmegi türkmen halkynyň abraýynyň dünýä dolmagyny şertlendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitaby türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň waspnamasy bolmak bilen, zähmetsöýer ilimizi täze belentliklere ruhlandyrýar.

Paýhas ummanynyň ägirdi

Magtymguly Pyragy halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen dünýägaraýşyny ajaýyp şygyrlaryna siňdiren, ata-babalarymyzyň oý-hyýallaryny, ahlak we edep ýörelgelerini jahana ýaýan beýik söz ussadydyr. Köňülleriň we döwürleriň şahyry hasaplanýan Magtymguly Pyragy adamzadyň iň tämiz duýgularynyň waspçysydyr, dünýä edebiýatynyň taryhynda watansöýüjilik, parahatçylyk, hoşniýetlilik ýaly ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyryjydyr. Akyldaryň şahsyýetine, mirasyna dünýä derejesinde örän uly hormat hem sarpa goýulýar.  Akyldaryň özboluşly köpöwüşginli edebi mirasy külli adamzat üçin gymmatly hazynadyr. Şahyryň öňe süren ruhy ýörelgesi, adalatlylyk, erkinlik, halallyk bilen bagly durmuşy garaýyşlary şu gün hem juda gymmatly bolmagynda galýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar diňe bir ýurdumyzda däl-de, dünýäniň çar künjeginde bir-birine ulaşdy. Şanly senede Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilmegi bolsa has-da buýsandyryjy waka bolup, bu ägirt ýadygärlik halkymyzyň öz beýik ogluna buýsanjynyň çäksizdigini ýene bir ýola görkezdi. Bu seýilgäh toplumy

Gulhan pälwan

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň demirgazygyndaky Tilkiçyrla obasynda öz döwründe toýlarymyzyň bezegi bolan milli göreşimizde il-ulsumyzy guwandyryp bilen Gurbanmuhammet Hojarepow (halk arasynda ýörgünli ady Gulhan pälwan) ýaşaýar. Bir aý çemesi mundan öň – 16-njy noýabrda Kakadurdy Atalyýew hem-de Türkmenistanyň at gazanan artisti, bagşy Baýramguly Hojamgulyýew üçümiziň, şol oba sary ýola rowana bolmagymyzyň hem düýp sebäbi Gulhan pälwan bilen ýakyndan tanyşmak bilen baglydy. Biz Gökdepe obasyndan pälwanyň ýegre dosty Geldi Poşany hem alyp, Tilkiçyrla obasyna ugradyk. Aslynda, men Gulhan pälwany gaýybana tanaýardym. Il-sylagly, orny törde bolan Geldi Poşa pälwanyň we Kakadurdy Atalyýewiň beren gyzykly gürrüňleri mende bu pälwan bilen has içgin tanyşmak höwesini döretdi. Ine, bu gün bolsa biz Garagum sährasynda önüp-ösen meşhur pälwan bilen duşuşmaga barýarys.

Welaýatlardan habarlar

TMÝG-niň Magtymguly etrap geňeşi etrabyň polisiýa bölümi bilen bilelikde 1-nji, 2-nji, 13-nji, 19-njy orta mekdeplerde wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Täze ýyl baýramyny mynasyp garşylamak, tertip-düzgüni berjaý etmek mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynyň özenini düzdi. Duşuşykda ýaşuly nesliň berýän öwüt-ündewleri ýetginjekler üçin görelde mekdebi bolup hyzmat edýär. Özüňi edep-terbiýeli alyp barmagyň, göreldeli okap, mugallymlaryň berekellasyny almagyň ene-atalar üçin iň uly sowgatdygy edilen çykyşlarda aýratyn nygtaldy.

Türkmenistan — nebitgazyň Watany

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmenistan — nebitgazyň Watany» atly dabaraly maslahat geçirdik. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan nebitgaz senagatynyň uly ösüşleri başdan geçirýändigi, ýurdumyzyň ýangyç-energetika serişdeleriniň gorlary babatda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigi barada buýsanç bilen gürrüň edildi. Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Nebitgazym — hazynam

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň we Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramaklarynda «Nebitgazym — hazynam» atly dabaraly çäre geçirildi. Oňa nebitgaz pudagynda zähmet çekýän adamlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çärede hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz we geologiýa pudagynda durmuşa geçirilýän giň möçberli işler, bu ugurda öňde durýan wezipeler, täze taslamalar barada giňişleýin gürrüň edildi hem-de ata Watanymyzy bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde belentden ýaňlanan aýdym-sazlarda, tanslarda ata Watanymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleriniň, ajaýyp döwrümiziň, zähmet adamlarynyň waspy ýetirildi.

«Akylly» şäherde jaý toýlary tutuldy

Ýurdumyzda bellenilýän şanly baýramçylyklar mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilýän dabaralary täze şähere göçüp gelen maşgalalaryň jaý toýlary bilen utgaşdyrmak asylly däbe öwrüldi. Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralandyrylan günlerinde hem bagtyýar ildeşlerimiziň birnäçesine «akylly» şäherden jaýly bolmak bagty miýesser etdi. Şanly sene mynasybetli jaý toýlary ähli amatlyklar üpjün edilen, iki gatly jaýlardan ybarat bolan kottej toplumynda ýaýbaňlandyryldy. Dabara Arkadag şäheriniň we onuň etraplarynyň häkimlikleriniň, beýleki edaralarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, şäheriň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. Medeniýet we sungat işgärleri joşgunly aýdym-sazly çykyşlary bilen täze jaýlara göçüp gelen maşgalalaryň şatlygyny has-da belende göterdiler. Dabara gatnaşyjylar halkymyzyň eşretli durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda döwlet derejesinde uly alada edilýändigi üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.