HABARLAR

Hal­ka da­ýa­nyp, hal­kyň ha­ty­ra­sy­na

Halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň iň ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy bo­lup dur­ýan Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty wa­tan­daş­la­ry­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­niň, jem­gy­ýe­tiň je­bis­li­gi­niň has-da ber­ki­dil­me­gi­ne uly go­şant goş­ýar. Mu­ňa biz onuň ata Wa­ta­ny­my­zy mun­dan beý­läk-de gül­le­dip ös­dür­mä­ge, ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da go­wu­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li iş­le­rin­de, her ýyl mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly to­ýu­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­ýän mej­lis­le­rin­de il-ýurt bäh­bit­li mö­hüm çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gin­de aý­dyň göz ýe­tir­ýä­ris. 24-nji sent­ýabr­da paý­tag­ty­myz­da­ky Mas­la­hat köş­gün­de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si hem bu ha­ky­ka­ty no­bat­da­ky ge­zek açyp gör­kez­di. Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­lyk baý

Ga­raş­syz­lyk — bar­ly­gy­myz, bag­ty­myz

Hä­zir­ki ta­ry­hy pur­sat­lar­da Ga­raş­syz­ly­gy­myz, onuň göz­baş­la­ry hem esas­la­ry ba­ra­da ýat­la­mak ýa­kym­ly. Dog­ru­sy, bu mu­kad­des­lik ba­ra­da he­mi­şe pi­kir et­me­li, oňa he­mi­şe gu­wan­ma­ly we ol ha­kyn­da­ky pä­ki­ze duý­gy-dü­şün­je­le­ri he­mi­şe aňyň­da hem ýü­re­giň­de gö­te­rip gez­me­li. Se­bä­bi bi­ziň öz­baş­dak mil­let, öz­baş­dak döw­let­li halk hök­mün­dä­ki her bir üs­tün­li­gi­mi­ziň, ýe­ňiş­le­ri­mi­ziň hem ga­zan­ýan ab­raý-mer­te­bä­mi­ziň göz­ba­şyn­da Ga­raş­syz­ly­gy­myz du­ran­dyr. Şon­suz bi­ziň öňe git­me­gi­miz müm­kin bol­maz­dy. Ga­raş­syz­lyk di­ňe bi­ziň öz­baş­dak döw­le­ti­mi­ziň bar­ly­gy­ny däl, oza­ly bi­len, öz­baş­dak halk hök­mün­de bi­ziň özü­mi­ziň bar­ly­gy­my­zy aň­lad­ýan­dyr. Ga­raş­syz­lyk — bar­ly­gy­myz. Ga­raş­syz­lyk — bag­ty­myz. * * *

Ga­raş­syz­lyk ýo­ly bi­len be­ýik gel­je­ge!

Şu gün — 27-nji sent­ýabr­da ag­zy­bir we je­bis hal­ky­myz Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­ly­gy­ny aý­ra­tyn ru­hu­be­lent­lik, şat­lyk bi­len gar­şy­la­ýar. Şan­ly baý­ram my­na­sy­bet­li Wa­ta­ny­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň be­lent dö­re­di­ji­lik ru­hu­ny, öz­ger­di­ji güý­jü­ni ala­mat­lan­dyr­ýan da­ba­ra­lar ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýar. Döw­let mün­be­ri top­lu­my­nyň öňün­de ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­ly har­by ýö­riş­de bol­sa Wa­ta­ny­my­zyň go­ra­nyş kuw­wa­ty, hal­ky­my­zyň pa­ra­hat we asu­da dur­mu­şy­nyň, mu­kad­des ser­het­le­ri­niň hem-de Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň ga­za­nan­la­ry­nyň go­ra­gyn­da du­ran türk­men es­ger­le­ri­niň ýo­ka­ry hü­när us­sat­ly­gy, ba­şar­jaň­ly­gy açy­lyp gör­ke­zi­ler. Ga­raş­syz­lyk gü­ni ýur­du­my­zyň özyg­ty­ýar­ly ösü­şin­dä­ki şöh­rat­ly ýo­lu­nyň şu ge­zek­ki tap­gy­ry­nyň je­mi­ni jem­le­ýän we tä­ze me­ýil­na­ma­la­ry düz­ýän sep­git­dir. Wa­tan­daş­la­ry­myz Ga­raş­syz­ly­gyň 33 ýyl­ly­gy­ny baý­ram et­mä­ge my­na­syp taý­ýar­lan­dy­lar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz watandaşlar! Hormatly adamlar!

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabry) Eziz watandaşlar!

Garaşsyzlyk — guwanjym

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýy mynasybetli welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde «Garaşsyzlyk — guwanjym» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler oňa gatnaşyjylary baýram bilen tüýs ýürekden gutladylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň beýik ösüşlere eýe bolýandygyny,  mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny agzybir halkymyzyň uly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýandygyny buýsanç bilen bellediler. Ajaýyp zamanamyzda mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň, saglygy goraýyş edaralarynyň sanynyň yzygiderli artmagynyň Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli tutumlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny nygtadylar. Halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda uly alada edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

YKRARA MYNASYP ZEHINLER

Mälim bollşy ýaly, Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň baýramçylygy mynasybetli şu günler ýurdumyzda dabaraly çäreler giň gerime eýe bolýar. Bu ajaýyp baýramçylygyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, žurnalistler, yazyjy-şahyrlar, aýdymçy-sazandalar, mahlasy, milli medeniýetimizin we sungatymyzyň ösmegine önjeýli goşant goşan zehinleriň aglabasy Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri boldular. Bu bäsleşigiň ýenijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we pul sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şa serpaýyna mynasyp bolanlaryň aglabasynyň dörediji ýaşlar bolmagy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara uly ynam bildirýändiginiň aýdyň mysalydyr. Gursagyny Şa serpaýlary — altyn güýzüň ýalkymy bilen utgaşýan altyn zynjyr bezäp duran döredijilik işgärleriniň zybanynda Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri belentden ýaňlanýar.Ýeri gelende, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileriniň arasynda biziň «Dünýä edebiýaty» żurnalymyzyň redaksiýasynyň jogapkär kätibi Gülşat Orazmyradowanyň hem bolmagy, döredijilik işgärlerimiziň ählisiniň kalbynda çäksi

Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlandy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli etrap häkimligi we etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde «Dilnäz-Gülnäz» toý mekanynda «Garaşsyzlyk berdi bu beýik bagty» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresini geçirdik. Oňa etrabyň il sylagly ýaşululary, mährem eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary, edara-guramalaryň öňdebaryjy işgärleri gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresi ýokary ruhubelentlige beslendi. Onda medeniýet we sungat ussatlarynyň ajaýyp aýdym-sazly çykyşlaryna, baýramçylyk gutlaglaryna giň orun berildi. Watanymyzyň bagtyýarlygy, halkymyzyň agzybirligi wasp edilip ýerine ýetirilen joşgunly çykyşlar zähmetkeşleriň watansöýüjilik duýgularyny we zähmet joşgunyny has-da belende galdyrdy.

Garaşsyzlyk bagt getirdi halkyma

Ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň, Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň we welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramaklarynda «Garaşsyzlyk bagt getirdi halkyma» atly baýramçylyk çäresi geçirildi. Saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen baýramçylyk çäresinde çykyş edenler bu ýere ýygnananlary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramy bilen mähirli gutladylar. Ýurt Garaşsyzlygy gazanylandan bäri geçen ýyllaryň içinde ata Watanymyzyň ýeten belent sepgitleri, gazanylan üstünlikler dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler.

Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna

Ajaýyp senäniň buýsanjy Şu günler Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň baýramy mynasybetli aýdym-sazly dabaraly çäreler giň gerime bolýar. Golaýda etrapdaky “Alkyş” toý mekanynda-da şeýle çäreleriň biri geçirildi. “Garaşsyzlyk bagt getirdi Diýara” atly bu çäräni TKA-nyň etrap birleşmesi TDP-niň, TAP-niň etrap komitetleri, TMÝG-niň etrap geňeşi we etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde gurady. Baýramçylyk çäresine ýokarda atlary agzalan guramalaryň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar.