HABARLAR

Ýatkeşligi terbiýelemek hakynda

«7/24. tm» №26 (213), 24.06.2024 Ýatkeşlik — psihikanyň iň möhüm wezipeleriniň biri. Ol tejribe toplamaga, geçmişe we şu güne dolanmaga mümkinçilik berýär.

Akyldar şahyryň döredijiliginde adalatlylyk taglymaty

Akyldaryň şygyrlary ýaşaýşyň gözbaşyndan başlap, şu günümize, hatda geljege düşünmekde hem gymmatly çeşme bolup durýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan bu ýylda sarpasy belent tutulyp dünýä derejesinde abraýy arşa galan türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegi bolsa onuň dünýä halklary tarapyndan beýik akyldar şahyr hökmünde ykrar edilmeginiň subutnamasy boldy. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi adam durmuşynyň her bir pursadyny açyp görkezmekde iňňän ähmiýetli terbiýe beriji ensiklopediýa bolup hyzmat edýär. Şahyryň ýaşan döwründäki we ondan soňky dörän edebiýatymyzyň görnükli wekilleri hem şahyryň döredijiliginiň ugurlaryny dowam etdiripdirler. Şol nukdaýnazardan hem, Magtymguly Pyragyny türkmen şahyrlarynyň köpüsiniň halypasy diýsek ýalňyşmarys. Sebäbi onuň pelsepewi garaýyşlary döwürdeş şahyrlaryň we ondan soňky edebiýat wekilleriniň döredijiligine hem täsir edipdir.

Ýaş nesil hakda alada — abadan geljegiň binýady

Halkymyz çaganyň milli hem ruhy gymmatlyklardan gözbaş alýan däp-dessurlar esasynda terbiýelenmegine aýratyn ähmiýet berip, ony asyrlarboýy kämilleşdiripdir. Döwürleriň we durmuşyň synagyndan geçen gadymy däpler esasynda çagalara bolan garaýşyň milli edep-ahlak mekdebini döredipdirler. Çagada ýaşlykdan zähmet endiklerini kemala getirmekde, olarda edeplilik, lebzihalallyk ýaly ahlak sypatlaryny terbiýelemekde binýatlaýyn ýörelgeler hyzmat edipdir. Ata-babalarymyz çagalara irki ösüş döwründen zähmet çekmegi, hünäre hormat goýmagy öwredip, zähmete bolan söýgini şol döwürdäki milli oýunlaryň üsti bilen döretmegi başarypdyrlar. Çünki çaga üçin oýunlar özboluşly täsirli, terbiýeçilik ähmiýetli mekdep bolupdyr. Mysal üçin, palçykdan dürli şekiljikleri ýasamak ýaly oýunlara güýmenmekleri çagalarda irki döwürden döredijilige ukyby, zähmetsöýerligi we agzybirligi terbiýeläpdir. Olar ulaldygyça-da, kem-kemden maşgala zähmetine çekilip, guşlara, mallara seretmek ýaly ýumuşlar arkaly, zähmet endikleri kemala getirilipdir. Şeýlelikde, zähmetiň bar ýerinde berekediň, agzybirligiň bolýandygyny aňlaryna berk siňdirmek bilen, «Çekseň zähmet, ýagar rehnet», «Hünärli zor, hünärsiz hor», «Işleseň, il tanar», «Bir okana bar, birem — dokana» diýen ýaly pä

ARKADAG ŞÄHERI — BAGTYŇ ŞÄHERI

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Şonuň netijesinde, ýurdumyzda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyz gülläp ösýär. Oba-şäherlerimiziň keşbi tanalmaz derejede özgerýär. Paýtagtymyz Aşgabady görmäge göz gerek. Sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň döremegi türkmen topragynda durmuşyň haýran galdyryjy derejede öňe gidýändiginiň, guwandyryjy ösüşlerimiziň aýdyň güwäsidir. Milli Liderimiz Arkadag şäherine iş saparlaryny yzygiderli amala aşyrýar. Bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taslamalary, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeler, önümçilik desgalarynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşýar. Degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatlaryny geçirýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda, esasan, önümçilik toplumlarynyň bina ediljekdigine görä, şu ugra häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň gönükdiri

Türkmenistan – sport ýurdy

Türkmenistan – sport ýurdy. Bu jümläniň Ýer ýüzünde uly ykrarnama eýedigine ýurdumyzda dürli ýyllarda guralan iri halkara ýaryşlaryň hem-de döwletimiziň öňe süren umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Dünýäniň çar künjeginden müňlerçe janköýerleriň ünsüni eziz Diýarymyza gönükdiren şol ýaryşlar, sporty, sagdyn durmuş ýörelgesini dabaralandyrýan başlangyçlar yklymlary, halklary ýakynlaşdyrmak bilen birlikde, sportuň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şöhratly wakalardyr. Hormatly Prezidentimiziň: «Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň halkara sport abraýy täze derejelere ýetdi. Dünýäde iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmäge ukyply ýurt hökmünde ykrar edilen ata Watanymyzda dürli ýaryşlaryň, şol sanda halkara derejedäki bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi sport boýunça özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň ajaýyp nyşanydyr» diýen dürdäne sözleriniň uly ykrarnama eýe bolan hakykatdygyna biz ýurdumyzda geçirilen ýaryşlara gatnaşanlaryň we sport muşdaklarynyň hoşallyklara beslenen sözlerini diňlänimizde hem aýdyň şaýat bolýarys.

Galkynýan göwünleriň goşa ganaty

Toýlaryň toýlara, baýramlaryň baýramlara ulaşýan döwründe ýaşamagyň, okamagyň, işlemegiň, döretmegiň, gurmagyň özi uly bagtdyr. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen uly ösüşlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýatdan çykmajak dabaralara besleýän baýramlarynyň biri-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günüdir. «Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzyň medeni durmuşynda şanly waka – Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni dabaraly bellenilýär. Bu goşa baýramyň bilelikde bellenilmeginiň özboluşly manysy bardyr. Magtymguly Pyragynyň belent daglardan şaglap gaýdýan boz bulaklar ýaly arassa duýgulara, arşy belentlige göterilen beýik pikirlere baý edebi mirasy çeper döredijilik bilen meşgullanýan medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler, suratkeşler, heýkeltaraşlar, bagşy-sazandalar, kompozitorlar, artistler üçin nusgalyk mekdepdir» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Şu sözlerden hem görnüşi ýaly, Magtymguly Pyragy döredijilik işgärleri, medeniýet we sungat ulgamynyň wekilleri üçin ýol görkeziji şamçyragdyr, görelde mekdebidir.

Talyp türgenimiziň üstünligi

Ýurdumyzyň sport älemindäki üstünliklerine mynasyp goşant goşup gelýän ýaş dzýudoçy Serdar Rahymow ýokary okuw mekdebimiziň göreldeli talyplarynyň biridir. Ol ýakynda Duşenbede geçirilen Uly tuwulga ýaryşynyň dünýä tapgyrynda altyn medala mynasyp bolmak bilen, türkmen sportunyň taryhynda ajaýyp netije gazandy. Täjigistanyň paýtagtynda guralan bu abraýly bäsleşikde Olimpiýa oýunlarynyň hem-de dünýä çempionatlarynyň baýrak eýeleriniň çykyş edendigini hem bellemek gerek. Talyp türgenimiziň olaryň arasynda hormat münberiniň ýokarky basgançagyna çykmagy guwandyryjydyr. 66 kg agramda çykyş eden Serdar Rahymow bäş tutluşyk geçirip, ählisini öz peýdasyna tamamlady. Netijede ol kadetleriň arasynda Aziýa Kubogy — 2019-nyň kümüş medalçysy B.Ulziibaýarany (Mongoliýa), Panamerikan oýunlary — 2023-niň wise-çempiony Ž.Fraskadorany (Kanada), Bakuwda geçen Uly tuwulga — 2022-niň kümüş medalynyň eýesi M.Halifaýewi (Täjigistan), ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa Kubogy — 2019-nyň ýeňijisi B.Wajiýewi (Özbegistan), soňky ýyllarda geçirilen abraýly ýaryşlaryň birnäçe gezek baýrak eýesi O.Jebowy ahmyrda goýdy.

Gujurly gollar

Şol günler paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly stadionynyň agyr atletika zaly adatdakydan köp adamly boldy. Bu ýere gelenler pauerlifting we armrestling – el göreşi boýunça geçirilen şäher çempionatynyň çekeleşikli bäsleşikleriniň şaýady boldy. Berkarar döwletimizde sport ulgamynyň ösüşine uly üns berilmegi netijesinde bu sport görnüşleri-de köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Bu çempionat hem onuň aýdyň mysalyna öwrüldi. Ýeri gelende aýtsak, pauerlifting – üç güýjüň bäsleşigi diýmegi aňlatsa, armrestling sözi gol, el göreşi diýmekdir. Diňe paýtagtymyzyň çäginde «Atletika» sport klubuna degişli zallarda, Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 14-nji sport mekdebinde, Aşgabat Energetika orta mekdebiniň ýöriteleşdirilen zalynda bu sport görnüşleri hereket edýär. Türkmenistanly türgenler diňe bir ýurt derejesinde däl, eýsem, halkara ýaryşlaryna-da gatnaşyp, medally orunlary eýeleýärler. Bu ugurda tejribeli türgenleriň ençemesi zähmet çekýär. Şu ýerde pauerlifting, armrestling ýaly täsin we gyzykly sport görnüşleriniň ençemesiniň meşhurlyga eýe bolmagynda uly iş bitiren halypa tälimçiler, sport ussatlary Ahmet Pirowowyň, Igor Zeýnalowyň atlaryny belläp geçsek ýerlikli bolar.

«Dürdänedäki» şatlykly günler

Tomusky dynç alyş möwsüminde bagtyýar çagalaryň döwrebap dynç almagy, wagtlaryny peýdaly, şadyýan geçirmegi üçin ýurdumyzda hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hem şolaryň biridir. Dag etegindäki ajaýyp tebigatly, sapaly howaly ýerde gurlan merkeziň daş-töweregi bagy-bossanlyga bürenendir. Çagalaryň şatlykly sesleri uzaklardan eşidilýär. Olaryň bir topary sportuň dürli görnüşleri, birnäçesi oýun oýnamak, kitap okamak bilen meşgullanýarlar. «Dürdänede» sport meýdançasy, kinozal, mejlisler zaly, amfiteatr, kitaphana, naharhana we suw howuzlary çagalaryň hyzmatynda. Bu ýerdäki ene-atalara niýetlenilen myhmanhana hem amatly şertler bilen üpjün edildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy O.Kononenkony doglan güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko şanly 60 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. «Siz ömrüňizi kosmosy öwrenmäge, älem-jahana akyl ýetirmäge we ylmy ösdürmäge bagyşladyňyz. Biz Türkmenistanda siziň uçuşyňyzy hem-de üstünlikleriňizi ruhubelentlik bilen synlaýarys. Kosmosda bolýan wagtyňyzda hem siziň Türkmenistana bolan söýgiňizi we aýratyn ünsüňizi görmek bizi begendirýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz gutlag hatynda belledi.