HABARLAR

Gym­mat­ly gol­lan­ma

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli düýpli ylmy-ensiklopedik kitabynyň nobatdaky XVI jildiniň neşir edilmegi geçip barýan ýylyň şanly wakalarynyň birine öwrüldi. Milli Liderimiziň ensiklopedik işi halk lukmançylygynyň gadymy däpleri bilen gyzyklanýan okyjylar köpçüligi, lukmanlar, şeýle hem ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsini öwrenýän hünärmenlerdir talyplar üçin gymmatly gollanmadyr. Gahryman Arkadagymyzyň düýpli ylmy gözlegleriň netijelerine daýanýan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly eseri ýankitabymyza öwrüldi. Bu ylmy-ensiklopedik işinde Gahryman Arkadagymyz okyjylary dermanlyk ösümlikler bilen akademik nukdaýnazaryndan tanyşdyrýar. Olaryň suratlary, biologik aýratynlyklary, ösýän ýerleri, tebigy gorlary, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, taýýarlanyş we ulanylyş usullary baradaky maglumatlar yzygiderlilikde beýan edilýär.

Täze ýylyň şowhuny

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda guralan baýramçylyk gepleşiginde öz beýanyny tapdy Ýetip gelýän Täze ýyl baýramynyň bosagasyndaky günlerde ýurdumyzyň ähli sebitlerini baýramçylyk şowhuny gurşap alýar. 2025-nji ýyly mynasyp garşylamak maksady bilen ýaýbaňlandyrylýan dabaraly çäreler bolsa türkmen topragynda höküm sürýän baýramçylyk ruhuny goşalandyrýar. Golaýda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda guralan şowhunly baýramçylyk gepleşigi hem täze 2025-nji ýyla bagyşlandy. Ony Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilelikde gurady. Şowhunly baýramçylyk gepleşigi «Gahryman Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly beýik ýurdumda, Täze ýylyň şowhuny bagt paýlaýar ilimde» diýen şygar astynda ýaýbaňlandyryldy.

Akyldaryň şygyrlarynda tebigatyň waspy

Halkymyz ähli döwürlerde ene topragy sarpalap, tebigata aýawly çemeleşipdir, onuň gözelliklerinden ylham hem-de ruhy güýç alypdyr. Şonuň üçin-de, söz ussatlarymyzyň şygyrlarynda tebigatyň gözelligi, onuň ynsan bilen arabaglanyşygy giňden beýan edilýär. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragy hem türkmen tebigatynyň ajaýyplygyny, onuň syrlaryny öz goşgularynda çeper beýan edip, keremli mekanyň waspyny dünýä ýaýan söz ussadydyr. Akyldar şahyryň ynsanperwerlige ýugrulan filosofik garaýyşlary ynsanda Watana bolan söýgi, tebigata we onuň baýlyklaryna aýawly garamak hem-de geljekki nesiller üçin aýap saklamak ýaly asylly duýgulary döredýär. Tebigat, tebigy hadysalar bilen bagly setirler Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden eriş-argaç bolup geçýär. Şahyr öz goşgularynda tebigatyň syrlaryny dana pikirleriň üsti bilen beýan etmegi başarypdyr. Tebigatyň kanunalaýyklygy esasynda bahar pasylynyň, Nowruzyň gelmegi bilen, topraga ýylylygyň girip, onuň ýagyş-ýagmyrdan ganýandygy, daş-töweregiň ýaşyl dona bürenip, ýaşaýşyň täzelenýändigi akyldaryň «Duman peýda» atly goşgusynda beýan edilýär:

Gulhan pälwan

(Soňy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Gulhan pälwan 1966-njy ýylda Aşgabadyň pagta obasynda Çary gyzy Ogulgözel bilen durmuş gurýar. Olaryň Maýa, Dünýägözel, Jeren we Täzegül, Pirguly hem-de Amanmuhammet atly ogullary bolýar. Ähli ugurda diýen ýaly kyblasynyň ýolundan ýörän Pirguly Gulhanyň pälwançylyk kesbini hem üstünlikli dowam etdirýär. Ol hem kakasy ýaly berk bedenli we uly güýjüň eýesi bolup, toý göreşlerinde abraý alýar. Ilkinji toý göreşindäki tutluşygyny Garagum sährasynyň Goňurajy obasynda Gökdepäniň Ahal obasyndan bolan Gully pälwan bilen ikinji dörtlükde geçirýär. Bu göreşde göterme emelinden başarnykly hem öz wagtynda peýdalanan Pirguly ýeňiş gazanýar we eýe bolan uly baýragy bilen kyblasyny çäksiz begendirýär.

Türgenlerimiziň üstünlikleri surat eserlerinde

Ähli ulgamlarda okgunly ösüşlere eýe bolýan eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitleriniň sungatyň dürli ugurlary boýunça döredilýän eserlerde giňden beýanyny tapmagy bu ulgamyň wekilleriniň türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde gazanylýan beýik üstünliklere çäksiz buýsanjynyň nyşanydyr. Bu hakykat türkmen sportunyň ýeten belent derejesi, türgenlerimiziň ajaýyp üstünlikleri, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek ugrunda durmuşa geçirilýän ähmiýetli çäreler hakynda aýdylanda hem şeýledir. Milli sportuň galkynyşynyň nakgaşçylyk sungatynyň eserlerinde hem kämil derejede beýan edilmegi bolsa olaryň taryhyň sahypalarynda mynasyp ornuny tapmagynda uly orny eýeleýär. Çünki şeýle eserler uzak ýyllaryň dowamynda aýawly saklanyp, taryhyň ähmiýetli wakalaryny şol döwrüň gaýtalanmajak öwüşgini bilen geljek nesillere ýetirýär.

Bagtyýarlygyň gözbaşy

Milli sportuň sazlaşykly ösüşi, bedenterbiýe we köpçülikleýin sagaldyş hereketiniň dabaralanmasy Watanymyzda ähli üstünligiň sakasy hasaplanýan sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmegiň möhüm tapgyrydyr. Çünki saglyk bagtyýar ýaşamagyň gözbaşydyr. Halkymyzyň bu hakykata aýdyň düşünýändigi bolsa ildeşlerimiziň şeýle çärelere köpçülikleýin gatnaşmagynda öz beýanyny tapýar. Munuň özi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmekdäki ähmiýetli çärelerinde giňişleýin şöhlelendi. Iri halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanan türgenlerimizi sylaglamak dabaralary, ajaýyp bäsleşikler hem-de köpçülikleýin sagaldyş çäreleri watandaşlarymyzyň köp sanlysynyň işjeň gatnaşmagynda geçdi. Şeýle çäreleriň iň naýbaşylarynyň biri hem noýabryň başynda Saglyk ýolunda guralan köpçülikleýin ýörişdir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli guralan ýörişe hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy bolsa bu wakanyň has möhüm ähmiýete eýe bolmagyny üpjün etdi. Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesi jemgyýetimiz üçin sagdynlyga çagyryş, bagtyýarlyga çakylyk boldy.

Welaýatlardan habarlar

Go­laý­da Da­şo­guz şä­he­ri­niň «Ga­raş­syz­lyk» sport des­ga­syn­da 2010-njy ýyl­da dog­lan we şon­dan ki­çi ýaşly og­lan-gyz­la­ryň ara­syn­da ýe­ňil at­le­ti­ka bo­ýun­ça Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň bi­rin­ji­li­gin­de et­ra­by­my­zyň tür­gen­le­ri üs­tün­lik­li çy­kyş et­di­ler. Et­ra­byň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň dü­zü­min­de çy­kyş eden­le­riň 100-den gow­ra­gy­nyň bi­ziň mek­de­bi­mi­ziň tür­gen­le­ri­di­gi aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir. Ýa­ryş­da ýe­ňil at­le­ti­ka­çy­la­ry­my­zyň iki­si 1-nji, bä­şi­si 2-nji, bä­şi­si bol­sa 3-nji orun­la­ry eýe­le­me­gi ba­şar­dy­lar.

ÝAŞLARYŇ ÝÜREK BUÝSANY

Gurban MYRADOW, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Türkmenistan — Malaýziýa: dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypa

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi 19-njy dekabrda Malaýziýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy

19-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gyş paslynyň säheriniň irki pursatlarynda Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljak binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri gyş paslynyň tenekar howaly ir säherinde Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumynyň gurulmagy meýilleşdirilýän ýerine geldi. Türkmenistanyň içeri işler ministri M.Hydyrow Gahryman Arkadagymyza Awtomobil sport toplumynyň binalarynyň taslamalarynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi.