HABARLAR

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL Önümçilik görkezijileri ýokarlanýar

Alkyş Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Begenç HANYÝEW,Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň «Gyzylgum» daýhan birleşiginiň at çopany, Türkmenistanyň at gazanan itşynasy: — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda, Türkmen alabaýynyň baýramynyň uludan toýlanýan günlerinde meniň ykbalymda ýatdan çykmajak waka boldy. Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, maňa-da «Türkmenistanyň at gazan itşynasy» diýen hormatly at berildi. Munuň üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýaryn.

Akguş — «ýylyň türkmen edermen alabaýy»

Gojaman Köpetdagyň etegindäki tebigatyň ajaýyp künjeginde bina edilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli guralan esasy toý dabaralary ýurdumyzda milli gymmatlyklara goýulýan belent sarpany ýene bir ýola äşgär etdi. Toplum ir säherden şowhunly toýhanany ýada saldy. Hatara dikilen türkmeniň ak öýleri, merjen paýtagtymyza we Arkadag şäherine, şeýle-de welaýatlarymyza degişli sergi bölümlerinde görkezilen gymmatlyklar uly toýa özboluşly bezeg berdi. Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren sahna oýunlary, hoş owazly aýdym-sazlardyr joşgunly tanslar bu tohum itleriň janköýerlerine ruhy lezzet paýlady. Soňra Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Biz dabaranyň gidýän ýerinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşikde ýeňiji bolan Akguş atly alabaýyň eýesi, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Ýanbaş ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjysy, hususy itşynas Rasul Kerimow bilen söhbetdeş bolduk. Şonda ol şeýle gürrüň berdi.

Waspy dünýä dolan

Düýn Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumynda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Onuň çäklerinde däbe öwrülen döredijilik bäsleşiginiň hem jemi jemlenildi. Türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda yglan edilen bäsleşik şu ýyl dördünji gezek geçirildi. Bäsleşige hödürlenilen eserler halkymyzyň milli gymmatlyklarymyza bolan söýgüsini, döredijilik işgärleriniň zehin-yhlasyny açyp görkezdi. Bäsleşige gatnaşan halyçylar, heýkeltaraşlar, fotosuratçylar, neşirýat işiniň hünärmenleri, teleoperatorlar öz eserlerinde wepadarlygyň we gaýduwsyzlygyň nyşany bolan türkmen alabaýynyň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän ornuny beýan etmegi maksat edindiler. Olar öz eserlerinde alabaýyň daşky keşbi bilen birlikde, içki dünýäsini, gylyk-häsiýetlerini hem açyp görkezmäge synanyşdylar. Şeýlelikde, bäsleşige hödürlenilen işleriň iň gowulary eminler topary tarapyndan degişli ugurlara laýyklykda saýlanyp-seçildi. Şunda eseriň mazmun we forma aýratynlygyna, işiň ýerine ýetirilişine, reňk sazlaşygyna, bezeg aýratynlyklaryna üns berildi.

Asudalygyň goragçylarynyň hemrasy

Halkymyzyň döreden «It geldi — gut geldi» diýen paýhasly jümlesinde çuňňur many bar, bu jümle alabaýlaryň türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini aňladýar. «Gut» sözüniň it bilen baglanyşdyrylmagy pederlerimiziň alabaý itlerini saklamagy we ýetişdirmegi bagt bilip, olar hakynda oňyn düşünjede bolandyklaryny äşgär edýär. Ýurdumyzyň çäklerinde geçirilýän ylmy-barlag işleriniň netijesinde, alabaý itleriniň taryhyna degişli gymmatly maglumatlar yzygiderli ýüze çykarylýar. Marguşda gazuw-agtaryş işleri geçirilende, itiň mazarlarynyň tapylmagy gadymy türkmen alabaýlarynyň halkyň emlägini, döwlet serhetlerini goramakda aýratyn orun eýeländigini aňladýar. Altyndepeden, Daňdanakandan tapylan alabaýyň toýundan, faýansdan ýasalan heýkeljikleriniň döredilen senesi bolsa biziň eýýamymyzdan ozalky döwre degişli bolup durýar. Gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan it süňkleriniň ölçegleriniň türkmen alabaýlarynyň beden gurluşynyň ölçeglerine laýyk gelmegi bu tohumdaky itleriň örän gadymydygyndan habar berýär.

Türkmenistan: Bagtyýarlyk mekany

«7/24.tm»: №44 (231) 28.10.2024 Ýur­du­my­zyň üs­ta­şyr ulag müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ne­ti­je­li ulan­mak hem-de bu ul­gam­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ru­dyr. Mu­nuň özi mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ok­gun­ly ös­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Türk­me­nis­tan Ýew­ro­pa­nyň we Azi­ýa­nyň çat­ry­gyn­da ýer­leş­mek bi­len, se­bi­tiň we tu­tuş yk­ly­myň äh­li döw­let­le­ri­niň bäh­bi­di­ne özü­niň üs­ta­şyr ulag kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Bu se­bit­de ulag-ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň, şol san­da, hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň we ho­wa men­zi­li­niň, aw­tou­lag hem-de de­mir ýol­la­ry­nyň bar­ly­gy örän äh­mi­ýet­li­dir.

Alabaý — milli buýsanjymyz

Düýn S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi: taryhy, medeniýeti we sungaty» atly IV halkara ylmy maslahat geçirildi. Ylmy maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, uniwersitetiň medeniýet merkezinde guralan, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan türkmen alabaýyna we tazysyna goýulýan sarpanyň belentdigini görkezýän milli gymmatlyklarymyzyň, sungat eserleriniň hem-de kitaplaryň sergisini synladylar. Sergide alabaý güjükleri, kinologiýa, itleri ösdürip ýetişdirmegiň dürli meselelerine bagyşlanan okuw kitaplary, şol sanda weterinariýa boýunça edebiýatlar, alabaýlary wasp edýän şekillendiriş sungatynyň eserleri görkezildi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, olaryň janköýerlerine we mähriban halkyna

Eziz watandaşlar! Hormatly itşynaslar!

Hoşallyk maslahaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ýurdumyzda şanly senelere we taryhy wakalara baý boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XVI jildiniň çapdan çykmagy mynasybetli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatda edilen çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde saglygy goraýyş edaralarynda ýetilýän beýik sepgitler barada bellenilip geçildi. Professor-mugallymlar täze neşiriň ýurdumyzda giňden bellenilen hünär baýramyna — Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe ajaýyp sowgat bolandygyny aýdyp, baý mazmunly kitabyň türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň görnüşlerini, olaryň biologik we himiki aýratynlyklaryny özünde jemleýändigi barada giňişleýin durup geçdiler. Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň düzümine gi

Jem­gy­ýe­ti je­bis­leş­dir­ýän güýç

Parahatçylygyň ilçisi, sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy, ýeňişlere ruhlandyrýan güýç. Bularyň ählisi bedenterbiýäniň hem-de sportuň ajaýyp häsiýetlerini görkezmek üçin ulanylýan düşünjelerdir. Her bir adamyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan bedenterbiýe we sport tutuş jemgyýetiň ösüşine-de güýçli täsir edýär. Sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinen adamlar şahsy kämillige ýetýän bolsa, sporty we bedenterbiýäni jemgyýetçilik gymmatlygyna öwren döwletiň kuwwaty artýar. Sportuň jemgyýeti jebisleşdirýän güýçdügine ak mermerli paýtagtymyzda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň, «Amul ― Hazar 2018» halkara awtorallisiniň, 2023-nji ýylda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilen günlerinde, şeýle-de, türgenlerimiziň yklym we dünýä çempionatlaryndan medallar çemeni bilen dolanyp gelen pursatlarynda şaýat bolduk. Şol ýaryşlardaky üstünlikler, ýeňişler her birimiziň kalbymyza buýsanç duýgularyny eçildi.