Parahatçylygyň ilçisi, sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy, ýeňişlere ruhlandyrýan güýç. Bularyň ählisi bedenterbiýäniň hem-de sportuň ajaýyp häsiýetlerini görkezmek üçin ulanylýan düşünjelerdir. Her bir adamyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan bedenterbiýe we sport tutuş jemgyýetiň ösüşine-de güýçli täsir edýär. Sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinen adamlar şahsy kämillige ýetýän bolsa, sporty we bedenterbiýäni jemgyýetçilik gymmatlygyna öwren döwletiň kuwwaty artýar.
Sportuň jemgyýeti jebisleşdirýän güýçdügine ak mermerli paýtagtymyzda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň, «Amul ― Hazar 2018» halkara awtorallisiniň, 2023-nji ýylda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilen günlerinde, şeýle-de, türgenlerimiziň yklym we dünýä çempionatlaryndan medallar çemeni bilen dolanyp gelen pursatlarynda şaýat bolduk. Şol ýaryşlardaky üstünlikler, ýeňişler her birimiziň kalbymyza buýsanç duýgularyny eçildi.