HABARLAR

Türkmenistanyň Hazar strategiýasy: umumy bähbitleriň we bitewi ykbalyň hatyrasyna

Ýer ýüzünde deňiz kän, megerem, olaryň aglabasyny «mümkinçilikleriň deňzi» diýip häsiýetlendirip bolmasa gerek. Munuň üçin düýpli esaslaryň we köpugurly mümkinçilikleriň, iň esasysy-da pugta parahatçylygyň bolmagy gerek. Hazar deňzi, ine, şeýle deňizleriň biri. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitinde eden çykyşynda Hazar deňzi sebitinde berk, uzak möhletli we bölünmez howpsuzlygy üpjün etmekde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtap: «Men Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça Ýewraziýada üstaşyr ulag akymlarynyň baglanyşdyryjy merkezi hökmünde Hazar deňzini «mümkinçilikleriň deňzi» diýip atlandyrmagy hakykatdan daşda däl diýip hasaplaýaryn. Geljekde Hazaryň şeýle ähmiýetiniň has-da artjakdygyna ynanýaryn» diýip belledi. Häzirki wagtda Hazar deňziniň gurşawyny gorap saklamak, sebitde ekologik abadançylygy üpjün etmek bilen bagly wezipeler bäş döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde hemişe üns merkezinde saklanýar. Bu ugurdaky işleriň ýurdumyz tarapyndan utgaşdyrylmagynda we Hazar gün tertibindäki meseleleriň düzgünleşdirilmeginde Türkmenistanyň Hazar deňzi instituty tarapyndan meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Biz Haz

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL Möwsüme taýýarlykly barylýar

Watan mukaddesligi

Ynsan durmuşyny manyly geçirip, il-ýurt bähbitli işler etmek her bir ynsanyň esasy maksady bolmalydyr. Adam ömrüniň manysy bolsa, söýüp-söýlüp ýaşamakda jemlenendir. Söýgüleriň iň mukaddesi ata Watana, ene topraga, il-ýurduňa, ýagşylyga söýgüdir. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eserinde: «Ata-babalarymyz Watany belent başlarynyň mertebesi saýypdyrlar. Watan — adamzat ömrüniň manysy. Jandan eziz, ynamdan, ygrardan, gudratdan dörän, Hakyň nazary siňen ata Watan her bir ynsanyň kalbynda ebedi ýaşaýar. Gözüň gören topragy, ýüregiň aram tapan mekany bolsa, kalp çuňlugyndan doguma, gaýrata, mukaddes kelama siňip, adamzadyň watançylyk duýgusynyň iň naýbaşy nusgasy hökmünde beýan edilýär» diýip belleýär. Watan mukaddesligi, watansöýüjilik, ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk türkmen halkynyň owal-ahyr aň-düşünjesine siňen mukaddeslikler hasaplanýar. Watana söýgi ata-babalarymyzyň kemala getiren iň mukaddes taglymatydyr. Şonuň üçin hem merdana pederlerimiz bu mukaddes taglymaty geljek nesillerine miras galdyrmagy özleriniň borjy hasaplapdyrlar. Şunda eziz Watanymyzyň her bir gymmatlygyny goramak ugrunda edilen işleriň näderejede mukaddeslikdigi aýan bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pelsepewi düşünjelere, paýha

«Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi. Mälim bolşy ýaly, Hazar deňziniň gününi bellemek hakyndaky çözgüt 2007-nji ýylyň maýynda Baku şäherinde geçirilen Tähran Konwensiýasynyň birinji maslahatynda Hazarýaka ýurtlar (Russiýa Federasiýasy, Azerbaýjan Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Gazagystan Respublikasy we Türkmenistan) tarapyndan kabul edildi. 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýa güýje girdi. Tähran Konwensiýasy Hazaryň deňiz gurşawyny aýawly saklamaga, dikeltmäge we gorap saklamaga gönükdirilendir. Öňde goýlan wezipeler tebigaty goramagyň ykrar edilen halkara ýörelgeleriň birnäçesine, hususan-da, Hazar deňziniň biologik baýlyklaryndan rejeli peýdalanmaga, daşky gurşawa ýetirilýän täsirlere baha bermäge, oňa gözegçilik etmäge esaslanýar.

Türkmenistanda “Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

Awaza, 12-nji awgust (TDH). Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi. Mälim bolşy ýaly, Hazar deňziniň gününi bellemek hakyndaky çözgüt 2007-nji ýylyň maýynda Baku şäherinde geçirilen Tähran Konwensiýasynyň birinji maslahatynda Hazarýaka ýurtlar (Russiýa Federasiýasy, Azerbaýjan Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Gazagystan Respublikasy we Türkmenistan) tarapyndan kabul edildi. 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýa güýje girdi. Tähran Konwensiýasy Hazaryň deňiz gurşawyny aýawly saklamaga, dikeltmäge we gorap saklamaga gönükdirilendir. Öňde goýlan wezipeler tebigaty goramagyň ykrar edilen halkara ýörelgeleriň birnäçesine, hususan-da, Hazar deňziniň biologik baýlyklaryndan rejeli peýdalanmaga, daşky gurşawa ýetirilýän täsirlere baha bermäge, oňa gözegçilik etmäge esaslanýar.

Türkmenistanda “Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

Awaza, 12-nji awgust (TDH). Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi. Mälim bolşy ýaly, Hazar deňziniň gününi bellemek hakyndaky çözgüt 2007-nji ýylyň maýynda Baku şäherinde geçirilen Tähran Konwensiýasynyň birinji maslahatynda Hazarýaka ýurtlar (Russiýa Federasiýasy, Azerbaýjan Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Gazagystan Respublikasy we Türkmenistan) tarapyndan kabul edildi. 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýa güýje girdi. Tähran Konwensiýasy Hazaryň deňiz gurşawyny aýawly saklamaga, dikeltmäge we gorap saklamaga gönükdirilendir. Öňde goýlan wezipeler tebigaty goramagyň ykrar edilen halkara ýörelgeleriň birnäçesine, hususan-da, Hazar deňziniň biologik baýlyklaryndan rejeli peýdalanmaga, daşky gurşawa ýetirilýän täsirlere baha bermäge, oňa gözegçilik etmäge esaslanýar.

Döwletli tutumlar bilen rowaçlanýan Türkmenistan

Müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen milli ruhyýetimize, durmuş dessurymyza kybap gelýän «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn» diýen atalar sözünde türkmen halkynyň umumadamzat ähmiýetli ynsanperwer garaýyşlary, durmuş filosofiýasy aýdyň şöhlelenýär. Bu ýörelge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze mazmuna, täze ruha eýe bolup, dowamat-dowam bolýar. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly jümlesi ata Watanymyzyň berkararlygy, halkymyzyň ýagty geljegi ugrunda durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň baş ýörelgesine öwrülip, ýurdumyzyň täze taryhyny dabaralandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her bir kabul edilýän taryhy çözgütleriň, durmuşa geçirilýän uzak möhletli maksatnamalaryň, belent maksatlardan we tutumlardan ugur alýan döwlet syýasatynyň düýp özeninde halkyň bähbidi bar.

Waspyň dillerde dessan!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygy merdana ata-babalarymyzyň päk arzuwlarynyň wysaly bolup, asudalygy söýýän halkymyzyň täze taryhynda ähmiýetli wakalaryň biridir. Garaşsyzlyk köpasyrlyk milli ruhy gymmatlyklarymyzyň, şeýle hem asylly ynsanperwer dessurlarymyzyň täzeden ýaýbaňlandyrylmagy üçin oňyn şertleri döretdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz özygtyýarly döwlet hökmünde döwlet Garaşsyzlygyny berkarar etmekde parahatçylyk söýüjilikli, oňyn Bitaraplyk, milletimize gadymy döwürlerden bäri mahsus bolan hakyky demokratik ýörelgelere esaslanýan milli ösüş ýoluny saýlap aldy. Bu ýol halkymyzy döwletli döwrana, rowaçlyga, ýurdumyzyň gülläp ösmegine alyp barýan ýol bolup, eziz Diýarymyzyň adyny taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazýar. Bu ýoluň her bir menzili taryhy ähmiýetli, syýasy, ykdysady we medeni ösüşleriň aýdyň hem şöhratly wakalaryna beslendi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda uly üstünlikleri gazandy we döwletimiziň halkara abraý-mertebesi has-da artdy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebitde ylalaşdyryjy, ýüze çykýan döwletara meseleleri parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözmegi teklip edýän döwlet hökmünde giňden tanalýar. Ol umumadamzat bähbidine, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygy

Täzelikler

Şu gün welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde bilim işgärleriniň gatnaşmaklarynda usuly-amaly okuwlar başlandy. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu çärä orta mekdepleriň mugallymlary, çagalar baglarynyň terbiýeçileri işjeň gatnaşýarlar. Okuwlarda welaýat baş bilim müdirliginiň hünärmenleri, tejribeli mugallymlar, alymlar bilim-terbiýeçilik işini döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda guramak, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak arkaly okatmagyň öňdebaryjy usullaryny işjeň durmuşa ornaşdyrmak dogrusynda nutuklar bilen çykyş edýärler. Okuwlarda golaýlap gelýän täze okuw ýylynda bilim işgärleriniň öňlerinde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Awtomobil sporty okgunly ösüşe eýe bolýar

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine möhüm ähmiýet berýän we bu ugurda ösüp gelýän ýaş nesle nusgalyk görelde bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Sport ulag merkezine bardy. Häzirki wagtda ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmegine zerur üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Sport ulag merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgenleriň ussatlyklaryny artdyrmagy, olaryň halkara derejede geçirilýän ýaryşlara gatnaşmagy bilen bagly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Bu bolsa türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlara gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanmaklaryna giň ýol açýar.