HABARLAR

Ösüşiň täze basgançaklaryna tarap

Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ösüşi orta we uzak möhletleýin döwürlere niýetlenen milli hem döwlet maksatnamalary esasynda amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän şeýle maksatnamalaryň netijesinde Türkmenistanyň ösen gaýtadan işleýän senagatly döwlete öwrülendigi buýsandyryjy hakykatdyr. Ykdysady görkezijileriň barha ýokary galmagy bilen, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi hem ýokarlanýar. Geljekde Watanymyzyň ykbaly ynanyljak ýaşlaryň bilimden ýüki ýetik, akylly, sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri barada edilýän aladalar miwesini berýär. Biziň ýokary okuw mekdebimizde nebitgaz ulgamynyň dürli ugurlary boýunça hünär öwrenýän talyp ýaşlar hem özleri barada edilýän aladalara oňat düşünip, oňa oňat okamak, dürli ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda üstünlik gazanmak bilen jogap berýärler.

Her kelamy altyna deň

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly taryhy wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Bu ýyldaky iri wakalaryň hatarynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda üstünlikli geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma möhüm orun degişlidir. Foruma onlarça ýurtdan ýokary derejeli wekiliýetler, şol sanda döwlet Baştutanlarydyr halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň köp sanlysy gatnaşdy. Olaryň ençemesi Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy. Sylaglananlaryň arasynda alymlaryň hem bolmagy bizi has-da buýsandyrdy. Munuň özi akyldar şahyryň edebi mirasynyň çuňňur öwrenilmegine hem-de bütin dünýäde onuň şygyrlarynyň muşdaklarynyň has-da artmagyna itergi berýär. Talyplara bilim berenimizde, biz bular hakda giňden gürrüň edýäris. Şol bir wagtda, şahyryň öwüt-nesihat hem-de watançylyk mazmunly şygyrlaryndan mysallara ýüzlenýäris. Bu babatda şahyryň gözel tebigatymyz, ynsan häsiýetlerinden söz açýan şygyrlarynyň ähmiýeti has-da uludyr. Her bir sözi altyna deň şahyryň edebi mirasyna uly sarpa goýulýar. Şahyryň şygyrlary dünýäniň dürli dillerine terjime edildi. Magtymguly at

«Çeleken» känindäki üstünlikler

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizde gazanylýan üstünlikler barha nusga alarlyk derejä göterilýär. Bu buýsançly hakykaty nebitgaz ulgamynyň iň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýurdumyzyň günbatar sebitindäki «Çeleken» baýlyklar mesgeninde iş alyp barýan «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Bu kärhananyň türkmen Diýarynda nebit çykarmagyň taryhynda öz mynasyp orny bar. Çünki türkmen topragynyň ýerasty genji-käni bolan «gara altyny» çykarmak we onuň goňşy ýurtlar bilen söwdasyny ýola goýmak hut şu bereketli künjekden başlanypdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen 10 aýynda bu müdirlikde hereket edýän guýulardan çykarylan nebitiň möçberi 49 müň 223 tonnadan hem köp boldy. Bu görkeziji bellenilen meýilnamanyň 105,2 göterim berjaý edilendiginden habar berýär. Bu baýry hazynalar ojagynda gürrüňi edilýän döwürde guýulardan ugurdaş tebigy gaz almagyň meýilnamasyna 104 göterim amal edildi.

Beýik maksat tutunanlaryň özleri-de beýikdir

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde eden çykyşy diňe şu ýylda amala aşyrylan we aşyrylýan işleriň jemleri hakynda bolman, eýsem, şol bir wagtda geljekde-de öňde duran işleriň maksatnamasy boldy. Döwlet Baştutanymyzyň: «Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr» diýen sözleri bolsa her bir türkmenistanly üçin özboluşly çagyryş bolup ýaňlandy. Biziň jemgyýetimizde halk bilen Prezident bir jan, bir tendir, aýrylmaz bitewülikdir. Halkymyz Garaşsyzlyga eýe bolan günümizden agzybirlik, jebislik ýoluny saýlap aldy we bu ýoluň dogrudygyny arka atylan otuz ýyldan gowrak wagt subut etdi. Bu geçen döwürde döwletimiz ähli ugurda uly ösüşleri gazandy. Bu ösüş-özgerişleriň gerimi şeýle bir uly welin, olary Garaşsyzlykdan öňki hem soňky döwri gören adam bolaýmasaň, göz öňüne getirmegem aňsat däl. Ýekeje mysal, türkmen halysyny daşary ýurtlaryň bazaryna çykaraýsaň, ýönekeý adamlar-a däl, hatda özüni bu ugurdan bilermen saýýanlar hem oňa «Hä, bu Buhara halysy» diýýärdiler. Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň, halkymyz ähli gymmatlyklaryna eýe boldy. Häzirki döwürde ol gymmatlyklaryň sany artyp gidip otyr. Türkmen halylary hakynda aýdylanda, häzir olary tanatmak gerek däl

Türkmenistanyň gurluşyk-senagat toplumy: ägirt uly mümkinçilikler

3-nji noýabrda paýtagtymyzda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara sergi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat öz işine başlady. Söwda-senagat edarasy, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, «Türkmen energiýa forum» hojalyk jemgyýeti tarapyndan bilelikde guralýan giň gerimli sergi gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika we himiýa senagaty, ýol gurluşygy ulgamynda ýurdumyzyň gazananlary, dünýä belli kompaniýalaryň hödürleýän ýöriteleşdirilen enjamlary, öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşdyrmagy maksat edinýär. Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň uly topary — ozaldan gelýän hyzmatdaşlaryň geljegi uly türkmen bazaryna gyzyklanmalarynyň ýokarydygyny görkezýär. Şu gezekki sergä Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Eýranyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Hindistanyň kompaniýalary gatnaşýar. Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Sergä we maslahata gatnaşyjylar

Täze elektrik bekedi ulanylmaga berildi

Hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda amala aşyrylýan özgertmeler berkarar Diýarymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygyna, bagtyýar we bolelin durmuşynyň, röwşen ertiriniň ygtybarly üpjün edilmegine gönükdirilendir. Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli Etrek etrabynda güýjenmesi 220 kilowat bolan täze elektrik bekediniň dabaraly ýagdaýda açylyp, işe girizilmegi hem bu buýsançly hakykatyň aýdyň beýanyna öwrüldi.               Hormatly Prezidentimiziň Kararyna  laýyklykda gurlan häzirki zaman bekedi Demirgazyk — Günorta transkontinental ulag geçelgesiniň ugrunda ýerleşýän Etrek etrabynyň geljekki durmuş-ykdysady ösüşlerinde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ugratmakda hem bähbitli desgadyr.    Umumy tutýan meýdany 128 müň inedördül metrden geçýän, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze bekediň gurluşygyny «Balkanenergo» önümçilik birleşiginiň buýurmasyna laýyklykda, «Lebapenergogurluşyk», «Maryenergogurluşyk», «Aşgabatenergogurluşyk», «Daşoguzenergogurluşyk» kärhanalarynyň, «Türkmenelektrogurnama» ýöriteleşdir

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan: Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjowiç Begenjowa 2024-nji ýylyň 2 — 8-nji sentýabry aralygynda Ispaniýa Patyşalygynyň Pontewedra şäherinde erkin göreş boýunça 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda ýeňiji bolup, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolandygyny göz öňünde tutup, 2023-nji ýylda goýberilen, ak reňkli “Toyota Camry V6” kysymly ýeňil awtoulag;

«Çagalaryň gülküsi iň ajaýyp senadyr»

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şanly ýylda geçirilen taryhy mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň sowgat beren «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly täze goşgusy parahatçylygy, abadanlygy, asudalygy ündeýän, hemişelik Bitaraplygymyzyň mazmunyny, gymmatyny çeper beýan edýän ajaýyp eserdir. Parahatçylygyň geljege iň mukaddes, gymmatly mirasdygy, ömürleriň manysynyň söýgi-mähir, yhlasdygy, bu dünýäniň bir-biregi hormatlap, sarpalap ýaşamaly dünýädigi bu ajaýyp şygyrda täsirli, çeper beýan edilýär. Bu şygyr parahat dünýämiziň abadançylygyny, asudalygyny geljegimiz bolan bagtyýar nesilleriň hatyrasyna goramak barada külli adamzat üçin çagyryşdyr. Parahatçylyga, asudalyga çagyryş — adamzat durmuşynyň gazananlarynyň içinde iň mukaddes düşünje. Parahatçylyga çagyryş — ynsanyýeti dostluk, ynsanperwerlik atly beýik ýörelgä çagyryş. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň äleme dolan umumadamzat bähbitli tutumly beýik işleri hem hut şu mukaddes düşünjeden ugur alýar. Parahatçylyk bilen bagly islendik pikir, islendik döredilen sungat eseri adamzady bakylyga alyp gitjek mukaddeslikden nyşandyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bu şygrynda: Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr,Ömürleriň manysy söýgi, mähir, yhla

Türkmenistanyň gurluşyk-senagat toplumy: ägirt uly mümkinçilikler

Aşgabat, 3-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024” atly halkara sergi hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahat öz işine başlady. Söwda-senagat edarasy, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, “Türkmen energiýa forum” hojalyk jemgyýeti tarapyndan bilelikde guralýan giň gerimli sergi gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika we himiýa senagaty, ýol gurluşygy ulgamynda ýurdumyzyň gazananlary, dünýä belli kompaniýalaryň hödürleýän ýöriteleşdirilen enjamlary, öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşdyrmagy maksat edinýär. Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň uly topary — ozaldan gelýän hyzmatdaşlaryň geljegi uly türkmen bazaryna gyzyklanmalarynyň ýokarydygyny görkezýär. Şu gezekki sergä Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Eýranyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Hindistanyň kompaniýalary gatnaşýar. Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Ser

Elektroenergetika pudagynyň kuwwaty artdyrylýar

Balkan welaýaty, 3-nji noýabr (TDH). Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň hünär baýramynyň giňden bellenilýän gününde Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda täze elektrik bekediniň açylyş dabarasy boldy. Dabara Mejlisiň deputatlary, welaýat we etrap häkimlikleriniň, elektroenergetika pudagynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ygtybarly energetika ulgamyny döretmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Dünýäniň belli önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen, güýjenmesi 220 kilowat «Etrek» elektrik bekediniň gurlup ulanmaga berilmegi hem munuň nobatdaky güwäsidir. Bu elektrik bekediniň gurluşygynda ekologik talaplaryň berjaý edilmegine möhüm ähmiýet berildi. Energetika toplumynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan ekologiýa, daşky gurşawy goramak meselelerine jogapkärçilikli, ylmy esasda çemeleşýändigini görkezýär. Hut şonuň üçin-de hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady özger