HABARLAR

Halk Maslahaty — kämil geljegi gurmagyň aýdyň ýoly

Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri, şeýle hem öňde duran möhüm wezipeleri maslahatlaşmak we oňyn netijelere gönükdirilen çözgütleri kabul etmek asylly däbe öwrüldi. Ýurdumyzyň gülläp ösüşi, ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikler we jemgyýetimiziň abadançylygy agzybir halkymyzyň yhlasynyň, tutanýerli zähmetiniň miwesidir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda halk demokratiýasy dabaralanýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda türkmen jemgyýetinde demokratik başlangyçlary ösdürmek, raýat jemgyýeti edaralarynyň işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Çünki her güni taryhyň sahypalaryna nagyşlanýan beýik ösüşlerimiziň ählisi halkymyzyň bagtyýar, abadan hem bolelin durmuşda ýaşamagynyň bähbidine gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

AMANMYRADOW K. hakynda Amanmyradow Kakamyrady, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkimi wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Joko Widodo we ýurduň halkyna milli baýram — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Joko Widodo tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Indoneziýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy

(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy awgusty) Hormatly döwlet Baştutanlary!

Welosipedli gezelenç

14-nji awgustda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi. Welosiped ekologik taýdan arassa ulag hökmünde ykrar edilendir. Gahryman Arkadagymyzyň ilaty welosiped sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek, sportuň bu görnüşini wagyz etmek boýunça başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, Türkmenistanda möhüm seneler mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler yzygiderli guralýar. Welosipedli ýörişler dünýäniň köp ýurtlarynda dürli durmuş, sport, ekologik taslamalary goldamak üçin geçirilýän jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň iň meşhur görnüşleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi esasynda ýurdumyzda sportuň bu görnüşi işjeň ösdürilýär. Ilat arasynda köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň tarapdarlaryny artdyrmak üçin tagallalar edilýär.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

12-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň aýry-aýry meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Ylym-bilim ulgamy — döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň binýady

Ylym-bilim ulgamyny, hususan-da, häzirki innowasiýalar we ösüş eýýamynda döwletiň öňünde durýan meseleleriň oňyn çözülmegini üpjün etmek wezipesi duran giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli ýaşlary taýýarlamak işini kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän döwlet Baştutanymyz röwşen geljegi nazarlaýan özgertmeleriň çuňňur ylmy binýadynyň kemala getirilmegi üçin ylym ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli çäreleriň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şu maksatlar bilen, milli ylym-bilim ulgamynyň hukuk esaslary pugtalandyrylyp, bu ugurlaryň düzümleýin döwrebaplaşdyrylmagy boýunça möhüm çözgütler kabul edildi. Iri halkara guramalar, ylmy merkezler bilen ýokary tehnologiýalar ulgamynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde we beýleki ugurdaş düzümlerde ylmy barlaglaryň üstünlikli geçirilmegi, bu babatdaky işleriň giň gerime eýe bolmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şunda ylmyň, bilimiň, önümçiligiň özara baglanyşykly bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň hemmetaraplaýyn goldanylmagy, öz mümkinçi

Ylym-bi­lim ul­ga­my — döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň ösü­şi­niň bin­ýa­dy

Ylym-bi­lim ul­ga­my­ny, hu­su­san-da, hä­zir­ki in­no­wa­si­ýa­lar we ösüş eý­ýa­myn­da döw­le­tiň öňün­de dur­ýan me­se­le­le­riň oňyn çö­zül­me­gi­ni üp­jün et­mek we­zi­pe­si du­ran giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, ýo­ka­ry bi­lim­li ýaş­la­ry taý­ýar­la­mak işi­ni kä­mil­leş­dir­mek hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry­ny üs­tün­lik­li do­wam et­dir­ýän döw­let Baş­tu­ta­ny­myz röwşen geljegi nazarlaýan öz­gert­me­le­riň çuň­ňur yl­my bin­ýa­dy­nyň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi üçin ylym ul­ga­my­nyň ös­dü­ril­me­gi ug­run­da giň ge­rim­li çä­re­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Şu mak­sat­lar bi­len, mil­li ylym-bi­lim ul­ga­my­nyň hu­kuk esas­la­ry pug­ta­lan­dy­ry­lyp, bu ugur­la­ryň dü­züm­le­ýin döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy bo­ýun­ça mö­hüm çöz­güt­ler ka­bul edil­di. Iri hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, yl­my mer­kez­ler bi­len ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar ul­ga­myn­da uzak möh­let­le­ýin hyz­mat­daş­lyk al­nyp ba­ryl­

Bagtyýarlyk gadamlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dünýäniň syýasy, ykdysady giňişliginde özüniň ornuny tapmagy, maksatnamalaýyn esasda, arabaglanyşykly, utgaşykly ösdürilmegi we bazar-ykdysady özgertmeleriň geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň ösüşlere beslenýän ykdysady strategiýasynyň görkezijisi bolup durýar. Hepdäniň wajyp wakalaryna gysga setirleriň üsti bilen okyjylarymyzyň ünsüni çekmegi makul bildik. Ajaýyp zamanamyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýurtlary, şol sanda Ýaponiýa bilen hem dostlukly gatnaşyklarynyň gerimi barha giňeýär. Bu babatda 12-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde hem kanagatlanma bilen bellenilip geçildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar deňhukuklylyk, milli bähbitleri, iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan wezipelerini nazara almak ýörelgeleri esasynda ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmek, halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygy, soňky ýyllarda amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň we ýerine ýetirilen işleriň netijesinde ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik, uzak möhletleýin häsiýete eýe bolandygy hakda pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy awgusty) Hormatly döwlet Baştutanlary!