HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala getirilmegi we sportuň dabaralandyrylmagy milli taglymata öwrüldi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda bedenterbiýe, sport bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Adam, onuň abadan durmuşy hakyndaky hemmetaraplaýyn alada Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunlukda, ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketi ýylsaýyn barha giň gerime eýe bolýar. 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, ýurdumyzda sport ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek, onuň mümkinçiliklerini giňeltmek, ugurdaş köpugurly desgalary döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde sport halkymyzyň häzirki durmuşynyň, nesilleriň beden hem ruhy taýdan sagdyn ösmeginiň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilen sport zallary, meýdançalary bar. Sport bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikler ýaşaýyş toplumlarynda-da göz öňünde tutulan. Olaryň çäklerinde çagalar üçin oý

Elektroenergetika pudagy — milli ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm şerti

Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli senagatlaşdyrmak maksatnamalaryna laýyklykda, iri senagat kärhanalary guruldy we gurluşyklary dowam edýär. Durmuş-hojalyk, beýleki maksatly köp sanly desgalar ýaly, bu önümçilik toplumlary hem elektrik energiýasy bilen ygtybarly, bökdençsiz üpjün edilmegi talap edýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu möhüm pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak hem-de pugtalandyrmak boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Pudagy ösdürmäge ägirt uly maýa goýumlaryň gönükdirilmegi bilen, soňky ýyllarda energetika senagatynyň önümçilik kuwwaty ep-esli artdy. Munuň özi diňe bir ýurdumyzyň içerki isleglerini kanagatlandyrmaga däl, eýsem, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara eksport edilýän möçberini-de ýylsaýyn artdyrmaga mümkinçilik berýär. Şu ýylyň birinji ýarymynda Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasynyň 108,4 göterim berjaý edilmegi hem pudagyň durnukly ösüşiniň üpjün edilýändigini aýdyň görkezýär.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak mermerli Aşgabatda ilkinji gezek geçirilen «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de bu giň möçberli çäräniň ýokary derejede geçirilmegi üçin döreden ajaýyp mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.

Ynama beslenýän ýollar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan toplumlaýyn durmuş-ykdysady hem-de demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar. Munuň özi nesilleriňdir döwürleriň üznüksiz arabaglanyşygynyň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly hereketiniň aýdyň mysalydyr. Ruhubelent ýaşlarymyz bu gün ýurdumyzdaky taryhy özgertmelerde, beýik işlere mynasyp goşant goşmagy öz öňlerinde baş maksat edip goýýarlar. Hut şol maksat bilenem kalby watansöýüjilik duýgusyndan doly ýaşlarymyz altyn zamanamyzyň rowaç menzillerinde amala aşyrylýan işlerde öň hatarda. Geçmiş taryhymyza ser salanymyzda, halkymyzyň ula-kiçä hormat goýmak, birek-biregiň pikir-duýgusyna mynasyp baha bermek pelsepesine her bir ädimde nazaryň düşýär. Halkymyzyň durmuş tejribesinden kemala gelen bu beýik pelsepe ýyllaryň, asyrlaryň geçmegi bilen halkyň durmuş ýörelgesine öwrülip gidipdir. Geljekde-de pederlerimiziň durmuş tejribesine ýugrulan paýhasynyň, ýaşlaryň ynama ýugrulan joşgunly zähmetiniň utgaşmagy netijesinde ajaýyp döwrümiziň her bir sahypasynyň gujurly ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri baradaky buýsançly ýazgylar bilen bezeljekdigine her birimiz ynanýarys. Sebäbi öndürijilikli zähmet çekmek üçin Gahryman Arkadagymyz

Parahatçylyk. Abadançylyk. Ösüş: Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasatynyň esasy maksatlary

Asuda we erkana durmuş halkymyzyň, ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuw eden arzyly gymmatlygydyr. Bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine berk eýerýän, bütin adamzadyň bähbidini nazarlaýan daşary syýasat strategiýasy netijesinde halkymyz erkana, bolelin durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmak bilen, özüni Milletler Bileleşiginiň ygtybarly, jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen Türkmenistan hyzmatdaşlyk meselelerine döredijilikli çemeleşýän döwlet hökmünde uly halkara abraýa eýe bolup, ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy giň halkara ykrarnama we goldawa eýe boldy. Bitarap döwletimiziň BMG-niň esasy edaralarynyň düzümine, esasy maslahat beriji, wekilçilikli guramasy bolan Baş Assambleýanyň sessiýalarynyň wise-başlyklygyna birnäçe gezek saýlanylmagy munuň aýdyň güwäsidir.

Demokratiýanyň aýdyň ýoly

Hormatly Prezidentimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 12-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şanly ýeňişlerini dabaralandyrmak bilen birlikde, ösüşlerimiziň täze sepgitlerini kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigi barada aýdyp, bu ählihalk forumyna ýokary derejede taýýarlyk görmek barada beren tabşyryklary bolsa mukaddes baýramçylygymyz mynasybetli geçiriljek döwletli işlere badalga berdi.

Berkararlygyň berk binýady

Ýurdumyzda halk häkimiýetini dabaralandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi ilatyň ähli gatlaklarynyň ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşlerine işjeň gatnaşmaklaryny göz öňünde tutýar. Demokratik ösüşler amala aşyrylanda milli däp-dessurlaryň esasy orun eýelemegine uly ähmiýet berilýär. Halkymyzda ýaşululara goýulýan hormat-sarpa hemişe uly bolupdyr. Durmuşyň her bir ädiminde ýaşululara sala salmak, ähli işde olardan maslahat soramak parz hasaplanýar. Olar döwletli törleriň bezegi, akyl-paýhasyň gözbaşy, pähim-parasadyň egsilmez çeşmesi hökmünde sarpalanýar. Bu ajaýyp ýörelgeleriň dowamat-dowam bolmagy milletimiziň müňýyllyklara uzaýan ýoluna nur çaýýar, halkymyza rysgal-bereket bagyşlaýar.

Bagtyýarlyga gönükdirilen özgertmeler

 Halk bähbitli, döwlet ähmiýetli özgertmeleriň durmuşa geçirilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň ählisiniň demokratik ýörelgeleriň pugtalandyrylmagyna, adam hukuklarynyň goralmagyna, raýat jemgyýetiniň hemmetaraplaýyn  kämilleşdirilmegine gönükdirilmegi «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwerlige ýugrulan ýörelgäniň dabaralanýandygynyň mysalydyr. Munuň şeýledigine ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň zähmet rugsady wagtynda «Arçman» şypahanasyna baryp, bu ýerde dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti bilen duşuşmagy we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen gyzyklanmagy hem  aýdyň şaýatlyk edýär.

Täzeçilligi dabaralandyrýan şäher

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallalary netijesinde milli kanunçylyk esasynda aýratyn hukuk derejesi berlen Arkadag şäheriniň dünýä nusgalyk gözellikleri bütin dünýäde ykrar edilýär. Döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan bu täsin şäheriň gurulmagy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň anyk netijesidir.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Ogulnabat GARATAÝEWA, Aşgabat şäheriniň prokuraturasynyň guramaçylyk, işi ýerine ýetirişe gözegçilik, hasaplaýyş-seljeriş bölüminiň müdiri, ýustisiýanyň geňeşçisi: — Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi esasynda soňky ýyllarda ýurdumyzda ýaş nesliň bagtyýar ýaşaýşy, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, terbiýeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň guralmagy hem röwşen geljegiň eýeleri bolan mähriban körpelerimiz hakyndaky aladanyň nyşanydyr. Giň gerimli gözden geçirilişde çagalar üçin harytlar we hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan ýurdumyzyň we dünýäniň ösen döwletleriniň birnäçesiniň kompaniýalary öz önümlerini görkezdiler. Bu halkara sergi-ýarmarkasy işewürleriň mümkinçiliklerini görkezmegi üçin ajaýyp meýdança bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ata-eneler we çagalar üçin özboluşly baýramçylyk çäresine öwrüldi. Ýaş nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda bimöçber tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.