Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisindäki ÇYKYŞY
Hormatly müdiriýetiň agzalary! Mälim bolşy ýaly, bu ýyl Garaşsyz döwletimiziň hem-de mähriban halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak köp sanly wakalara beslendi. Bu üstünlikler, syýasy, jemgyýetçilik, halkara ähmiýetli wakalar halkymyzy belent maksatlara ruhlandyrýar, Bitarap Watanymyza buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Umuman, taryhy wakalara beslenen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Ýaşulular geňeşiniň birnäçe mejlisleri üstünlikli geçirildi. Şeýle hem gazna birnäçe dostlukly döwletlere ynsanperwerlik kömeklerini iberdi.