HABARLAR

Magtymguly Pyragy hakda

Türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň BaşlygyGurbanguly BERDIMUHAMEDOWYŇMagtymguly Pyragy hakda aýdanlaryndan: — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň edermen, ynsanperwer, zähmetsöýer halkynyň kalbynda egsilmez joşgun, buýsanç we aýdyň ertire ynam döreden Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramyny ruhubelentlik, uly dabara bilen belläp geçmek asylly däbe öwrüldi.

Daglar

Olar gudrat bolup dogulýar. Soňra müňläp ýyllar geçýär. Şonda-da sarsmaýar. Başlary mydama gowgaly. Apy-tupanlar hars urup, däli siller bükdürilişip, onuň erkini syndyrjak bolýar. Munuň üstesine-de gör, kime atylan oklar gelip-gelip ýene-de şoňa degýär. Olar syr saklap howalanyp dur. «Adam diýilýän mahluklar başy» onuň duşundan misli gyzykly kino ýaly geçip gidýär. Munda zawlary beýik babamyz aýtmyşlaýyn, aždarha eýeleýär. Onuň her bir namarda ýetdirmeýänligi nähili gowy! Tebigat daglara mert täleý hem-de gaýratly ömür beripdir. Magtymguly hem daglar! Olar bir-birine ötlem-ötlem, kemer-kemer bagly. Beýik şahyryň mährini inderen setirlerini okap, şeýle netijä gelýärsiň: onuň ýürek edip gerdenine alan ýüküni diňe daglar çekip biljek:

Türkmen ruhuna heýkel

«Magtymgula ýetmek aňsat däl». Bu sözi 2022-nji ýylyň maý aýynda, belent heýkeliň dikeldiljek ýerine ýetenimde aýdypdym. Ýola düşmänkäm, belli heýkeltaraş Saragt Babaýewe jaň edip, onuň şol ýerdedigini, ýadygärligiň işleri bilen meşguldygyny anyklapdym. Dag eteginiň, bu ýerdäki seýilgähiň gözelliklerini aralap, arzuwyňa tarap göterilip ugrarsyň — ýokarlygyna, Magtymgula tarap uzaýan basgançakly ýoluň her ýerinde-her ýerinde meýdança bardyr. Basgançaklaryň her toplumyndan geçip, şol meýdançalaryň birinde demiňi dürsärsiň. Şeýdip basgançak-basgançak ýokary galarsyň... Şol pursatlar akyldaryň hakykatyň ýollaryny külterleýşi-de ýadyňa düşmän durmaz. Ol ýollar hasam uzak, hasam kyn bolandyr. Onda diňe injigiň gurbatyna däl, ylmyň hem akylyň güýjüne daýanmaly bolandyr.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 7-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlament tarapyndan ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlary tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde raýatlaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, oba hojalyk, ylym, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport ulgamlarynda, daşary syýasy iş babatynda hereket edýän birnäçe kanunlary döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň ýurduň ykdysadyýetinde tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmak hem-de “Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ylmyň gazananlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn esasda ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligiň innowasion taslamalara işjeň gatnaşmagyny gazanmak, innowasion önümleriň önümçiligini guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek hem-de ony Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky diýip atlandyrmak bellenildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna: — Halkara ylmy-tehnologiýa parky hakynda Düzgünnamany işläp taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak;

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz! Albaniýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Siziň ýurduňyzyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan — Daşoguz ýokary woltly elektrik geçirijisiniň we täze elektrik beketleriniň açylyş dabarasyndaky çykyşy

(Daşoguz şäheri, 2024-nji ýylyň 5-nji iýuny) Eziz watandaşlar!

Döwletiň asudalygy — raýatlaryň bagtyýarlygy

6-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.