HABARLAR

Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine

Hormatly dabara gatnaşyjylar!Gadyrly türgenler! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Däp bolan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypa

Duşenbe — Aşgabat, 5-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary tamamlandy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn Duşenbede Gahryman Arkadagymyzyň Prezident Emomali Rahmon bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy we däp bolan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym!Eziz watandaşlar! Sizi adamzadyň belent ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan halkara baýram — Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ajaýyp senäniň şanyna geçiriljek dabaralaryň mähriban Watanymyza, sagdyn we bagtyýar durmuşymyza, berkarar döwletimizde gazanylýan beýik üstünliklere bolan buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine

Hormatly dabara gatnaşyjylar!Gadyrly türgenler! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz! Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de bu giň möçberli çäräniň ýokary derejede geçirilmegi üçin döreden ajaýyp mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.

Däp bolan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypa

Duşenbe — Aşgabat, 5-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary tamamlandy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn Duşenbede Gahryman Arkadagymyzyň Prezident Emomali Rahmon bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy we däp bolan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Döwletiň asudalygy — jemgyýetiň abadanlygy

3-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle-de gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar!

Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine

Hormatly dabara gatnaşyjylar! Gadyrly türgenler!

Ýazky ekiş — jogapkärli möwsüm

1-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlary berdiler. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynyň özenini hem ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky maglumatlar düzdi.