HABARLAR

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 2-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle-de Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzyň durnukly ösüşini, kanunylygy, hukuk tertibini üpjün etmek, döwletimiziň goranyş ukybyny berkitmek, harby gullukçylaryň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň, raýatlaryň nobatdaky harby gulluga çagyrylyşynyň barşy, edermen ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini dowam etdirýän ýaş esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemek babatda görülýän çäreler hakynda aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda we ýurduň ähli halkyna Polşa Respublikasynyň Konstitusiýa güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Anjeý Duda berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Polşa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Ylhamly, Şahyrly ildir bu iller

Şahyranalyk halkymyza owalyndan berlen. Megerem, bu sahawatly topragymyzyň gudraty bilen bagly bolsa gerek. Sebäbi akyldar Pyragy-da iki sözüniň birinde şu toprakdan ylhamlanandygyny aýdyp dur, alys-alys ýörişlerden dolanan Görogly begem şu topraga gadam basandan eline sazyny alyberýändir. Garajaoglan şahyr alys ýerlerde mekan tutandan soňam, ömürboýy şu topragy küýsäp şygyr döredipdir. Şeýle mysallar ýene näçe diýseň bar. Aslynda, bu topragyň ylham beriji gudratyny subut etmek üçin mysal getirmegem gerek däl, islendik pasylda töwerek-daşyňa nazar aýlaýmaly. Diňe gamyşgulak bedewlerimiziň özi-de telim eserlik ylham berýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutuş ýylymyzyň ylham baýramyna — akyldar Magtymgulynyň 300 ýyllyk toýuna beslenýän günlerinde dünýä inen taýlara at dakyşlarynyň özi-de sungat ahyryn! Şahyr we Ylham! Bu iki düşünje ahalteke bedewlerini, nepis halylarymyzy, jübüt kirişli gazma dutary, wepadarlygyň nusgasy saýylýan alabaý itleri dünýä beren toprak bilen manydaş. Çünki şahyrana illi bu topragyň özi durşuna ylham!

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlas-tagallalary: halkymyzyň döredijilikli zähmet üstünlikleriniň ylham çeşmesi

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlasly tagallalary, parasatly çözgütleri bilen üpjün edilýän şertler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sazlaşykly ösüşi döretmek bilen birlikde, zähmet üstünliklerini täze sepgitlere ýetirýär. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ylmy-tejribä esaslanýan taglymatyny dabaralandyrýan wakalaryň hatarynda halkara derejeli çäreler bilen birlikde, gurluşygyna badalga berilýän, açylyp ulanylmaga tabşyrylýan desgalaryň diňe ýaşaýyş-durmuş we önümçilik maksatly bolmagy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylykly ösüşimiziň nurana keşbiniň ýalkymyny dünýä saçýar.

Bagta badalga ýollar

Gurmak, döretmek, ýol çekmek ata-babalarymyzdan miras galan döwletli ýörelgedir, sogap işdir. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bu mukaddes ýörelge dünýä nusga alarlyk derejede dowam etdirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan gadymy Beýik Ýüpek ýoluny zamanabap röwüşde döwrebap desgalar bilen gaýtadan dikeldýär. Täze taryhymyzyň iň bir şanly sahypalarynyň biri bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen köpugurly ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek arkaly Türkmenistanyň geoykdysady mümkinçiliklerini doly peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde hususy pudagyň tutýan ornuny artdyrmak maksady bilen, 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda uzynlygy 600 kilometre deň bolan «Aşgabat — Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berlip, oňyn ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň ulag ulgamynda ýene-de ähmiýetli işiň başy başlandy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toýlaryny goşalandyryp, 17-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyp ulanylmaga berilmegi halkymyzyň buýsanjyny has-da artdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň

Eşretli durmuşyň ygtybarly binýady

Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda zähmet gatnaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny sazlaşykly ösdürmekde jemgyýetçilik guramalarynyň wajyp orny bar. Mälim bolşy ýaly, Kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşikleri jemgyýetçilik guramasy bolmak bilen, döwlet edaralarynda, jemgyýetçilik birleşiklerinde, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, dürli zähmet we önümçilik ojaklarynda işgärleriň durmuş-ykdysady, zähmet hukuklaryna, kanuny bähbitlerine wekilçilik edýärler hem-de goraýarlar. Kanunçylykda nygtalyşy ýaly, işgärleriň kärdeşler arkalaşyklary guramalaryna erkin birleşmäge haky bardyr. Döwletimizde Kärdeşler arkalaşyklaryny döretmegiň, olaryň hereket etmeginiň guramaçylyk-hukuk esaslary, hukuklary we işleriniň kepillikleri 2013-nji ýylda kabul edilen «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenilýär. Kärdeşler arkalaşyklary durmuş-zähmet gatnaşyklaryny kadalaşdyrmakda işçi güýjüniň zähmet şertleri bilen üpjün edilmegi, durmuş adalatlylygynyň, netijeli we ynsanperwer ykdysadyýetiň ýola goýulmagy, zähmet çygrynda zähmetkeşleriň hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramak ýaly wezipeleri ýerine ýetirýärler. Bu Kanun 5 bapdan, 26 maddadan ybaratdyr.

Täze belentlikleri nazarlaýan hyzmatdaşlyk

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 28-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu duşuşyk we belent mertebeli myhman bilen daglyk ýerleriň gözel künjeginde, çeşmäniň ugrundaky baglarda edilen gezelenç wagtyndaky söhbet «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda alnyp barylýan işleriň ähmiýetine has içgin hem giňişleýin düşünmäge, galyberse-de, olary mynasyp wagyz etmäge itergi berdi. Hemmämiziň ýadymyzdadyr, Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 11-nji martynda türk teleýaýlymyna beren interwýusynda: «Döredijilikli syýasy maksatlarda — parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy saklamakda, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerini goramakda, halkara hukugyň we BMG-niň Tertipnamasynyň ykrar edilen kadalaryna eýermekde öz abraýymyzy, täsirimizi, tejribämizi ulanmak zerurdyr. Şeýle hem dünýäde türki medeniýeti, biziň halklarymyzyň örän baý taryhy-medeni, ynsanperwer mirasyny, türki edebiýatçylarynyň, sazandalarynyň, suratkeşleriniň, kinematograflarynyň üstünliklerini giňden ýaýmak ileri tutulýan ugurlar bolup durýar. Ş

Kanunçylyk namalarynyň milli ýörelgeleri

Döwlet Baştutanymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarynyň şuglasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir döwletli tutumynda şöhlelenýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy hem-de döwletimiziň milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, onuň çäklerinde Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak babatda aýdyldy.