HABARLAR

Gül Watanyň göwher gaşy

Ak mermerli ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat hakynda ýazylan kitaplar, döredilen aýdymlar, çekilen suratlar sanardan köp. Aşgabadyň şäher hökmünde öz ösüşine başlan döwründen bäri bary-ýogy bir asyrdan köp wagt geçen hem bolsa, onuň taryhy hakda gymmatly maglumatlary özünde jemleýän ençeme kitaplar bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gözel paýtagtymyzyň 140 ýyllygyna bagyşlap döreden «Ak şäherim Aşgabat» atly kitaby Aşgabat hakda ýazylan ähli kitaplaryň naýbaşysydyr. Gül Watanyň göwher gaşy bolup äleme nur saçýan gözel paýtagtymyzyň keşbinde Milli Liderimiziň çäksiz yhlasy, döredijilik ussatlygy, binagärlik gözlegleri, bagtyýar döwre buýsanjy aýdyň görünýär.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrmaga gönükdirilen işler

6-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bedew bady bilen belent ösüşlere tarap

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň geljeginiň has-da eşretli we abadan bolmagy, uly özgerişlere beslenýän ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýär. Döwlet Baştutanymyzyň üstünliklere beslenýän her bir maksat-tutumynda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgeleriň rowaçlyklara beslenýändigini görmek bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem eziz Diýarymyzda il-ýurduň bähbitlerine hyzmat etjek täze desgalar, medeni-durmuş bähbitli binalar gurulýar, uly ösüşler gazanylýar.  Hormatly Prezidentimiziň 3-nji maýda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belleýşi ýaly, Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolmagy milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde oňat netijeleriň gazanylýandygyny aýdyň subut edýär.

Ahalda täze desgalar açyldy

Şu gün, ýagny 8-nji maýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze gurlan sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, şeýle-de welaýatyň Ak bugdaý etrabynda täze gurlan Ýaşlyk suw arassalaýjy desganyň açylyş dabaralary bolup geçdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde aprel aýynda geçirilen çäreler — köp sanly iş duşuşyklary, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, maslahatlar Garaşsyz Türkmenistanyň halkara derejedäki at-abraýynyň barha artýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi. 2-nji aprelde Daşary işler ministrliginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti Reýnhold Lopatka bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda energetika we ekologik howpsuzlyk, ulag arabaglanyşygy, parlamentara diplomatiýa ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça ÝHHG hem-de onuň düzümleýin edaralary bilen hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýeti bellenildi.

2024-nji ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyz üçin oňaýly ýaşaýyş we dynç alyş şertlerini döretmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna we Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 4 sany 9 gatly, her biri 36 öýli, 4 sany 9 gatly, her biri 54 öýli, 2 sany 9 gatly, her biri 72 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň maý aýynda başlamak hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny we desgalary 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Watanymyzyň ykdysady kuwwaty artýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn ösdürmek, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak we onuň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek, ähli ulgamlara öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, şonuň esasynda dürli senagat, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, Watanymyzyň ynamly öňe gitmegini üpjün etmek, halkymyzyň rowaçlygyny yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini geçen hepdäniň wakalary aýdyňlygy bilen subut etdi. 2-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle-de Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Berkarar Watan ösüşlere beslenýär

6-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow çykyş edip, welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.