Sagdyn we abadan durmuş ugrunda
8-nji fewralda hormatly Prezidentimiziň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ugurlarynda we jemgyýetçilik guramalarynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy hem-de olaryň işini kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, şeýle hem ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary çagyryldy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň gün tertibini yglan edip, bu ulgamlaryň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde esasy hereketlendiriji güýçdügini aýtdy. Halkymyzyň sagdyn we abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmagy köp babatda bu ulgamlaryň netijeli işine baglydygyny belledi.