HABARLAR

Parahatçylyk we ynanyşmak: binýatlyk gymmatlyklar we toparlaýyn jogapkärçilik

Mälim bolşy ýaly, halkara parahatçylygy we howpsuzlygy goramak Birleşen Milletler Guramasynyň baş maksatlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi BMG-niň parahatçylyk gatnaşyklaryny ilerletmek boýunça ählumumy çäreleriniň özboluşly dowamy bolup durýar. Munuň özi jemgyýetçilik aňynda milletiň parahat ýaşamagy, halkara gatnaşyklarda emele gelýän meseleleriň oňyn çözgüdiniň zerurlygy we anyk parahatçylyk dörediji hereketleriň maksatnamasynyň amala aşyrylmagy ýaly işlerde amal bolýar. Bu ýörelgeler we başlangyçlar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän bitaraplyk syýasatynyň konsepsiýasynda öz beýanyny tapdy.

Halk bähbitli beýik işler

4-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän täze, 2021-nji ýylda ilkinji sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri gatnaşdylar. Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly hem-de eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de şu ýylyň şygarynyň hormatyna guralmagy göz öňünde tutulýan çäreleriň maksatnamasy baradaky meseleler girizildi.

Ösüşiň netijeli ugry

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

1-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, ýetip gelen Täze, 2021-nji ýyl mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de berk jan saglyk, bagt, türkmen we türk halklarynyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 4-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän täze, 2021-nji ýylda ilkinji sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri gatnaşdylar. Gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly hem-de eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de şu ýylyň şygarynyň hormatyna guralmagy göz öňünde tutulýan çäreleriň maksatnamasy baradaky meseleler girizildi.

Parahatçylyk we ynanyşmak milli hem-de halkara gymmatlykdyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň öňe süren, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda ähli agza döwletler tarapyndan goldanan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha pugtalanýandygynyň aýdyň şöhlelenmesi bolup durýar. Bu Kararnamanyň kadalary BMG-niň deňlik we dawalary parahatçylykly ýollar arkaly çözmek ýörelgelerine esaslanýan halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek boýunça esasy taglymatyna laýyk gelýär. Resminamada Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň yglan edilmeginiň parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy boýunça işlere, hususan-da syýasy gepleşikleriň, özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň esasynda tagallalary jebisleşdirmäge ýardam etjekdigi bellenilýär.

Şükürim kändir her demde

Beýik işlere buýsanyp,Hyjuw joşanda bedende,Diýýän gözel «Türkmenistan —parahatçylygyň weynanyşmagyň Watany»,Täze ruh, jandyr her demde. BMG-niň münberinden,Arkadag çykyş edende,Bitarap ýurt «Türkmenistan —parahatçylygyň weynanyşmagyň Watany»,Belent sarpamdyr her demde.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

1-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar häzirki wagtda köpasyrlyk dostluk gatnaşyklarynyň döwletara aragatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin berk esas bolup hyzmat edýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Iň ýokary derejede syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda köpugurly hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Özara düşünişmegiň, birek-birege hormat goýmagyň hem-de özara goldawyň ýörelgeleri esasynda ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklar ösdürilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Goý, Täze ýyl Ýer ýüzünde parahatçylygyň ýylyna öwrülsin!

Halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna beslenýän täze, 2021-nji ýyly ruhubelentlik hem-de şatlyk bilen garşylady. Tamamlanan 2020-nji ýyl ýurdumyzyň taryhyna Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň giňden bellenilen ýyly hökmünde girdi. Geçen ýyl Diýarymyz üçin taryhy ähmiýetli wakalara baý boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halk hojalyk toplumynyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetildi. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak hem-de halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmak üçin uly ähmiýete eýedir. Dünýä döwletleri hem-de halkara guramalar bilen ýola goýlan gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy.

Eziz Diýarymyzyň beýik ösüşleri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiz döwrebap ösdürilýär. Şunda milli ykdysadyýetimiziň sanly ulgama geçirilmegi esasy ugurlaryň biridir. Geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň durnukly esaslaryny kemala getirmek, ilkinji nobatda, bu ulgamda hukuk kadalaşdyrylyşyny üpjün etmek boýunça yzygiderli işler amala aşyryldy. Sanly ykdysadyýete geçilmegi maýa goýum işjeňligini ösdürmäge, döwlet dolandyrylyşynyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge, maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ähli pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.