HABARLAR

Täzelikler. Wakalar. Maglumatlar.

Aýazbaba, Garpamyk hem-de hoşniýetli sygyr «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada Täze ýyl gijesinde myhmanlary gutladylar. Bu ýerde meşhur estrada aýdymçylaryň, ussatlaryň we täze ýyldyzlaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly çykyşlar guraldy. Däp bolan baýramçylyk teleköpri şu gijede paýtagtymyzy ähli welaýatlaryň merkezleri bilen birleşdirdi. Hormatly Prezidentimiz göni ýaýlymda Türkmenistanyň halkyna Täze ýyl Gutlagy bilen ýüzlendi. Döwlet Baştutanymyz geçen ýylyň esasy wakalaryny beýan edip, Diýarymyzyň durmuşynyň ähli ulgamlaryny gysgaça häsiýetlendirdi, içeri we daşary syýasatyň jemlerine baha berdi. «Biz ata Watanymyza belent buýsanjymyz, geljege berk ynamymyz, aýdyň maksatlarymyz bilen has uly sepgitlere ýeteris. Goý, Täze ýyl Ýer ýüzünde parahatçylygyň, abadançylygyň, uly üstünlikleriň, rysgal-berekediň ýylyna öwrülsin!» diýip, milli Liderimiz arzuw etdi. * * *

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

AŞGABAT, 13-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň bilim ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg edilişi, şol bir wagtyň özünde ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin habar berdi.

Öňde goýlan wezipeler aýdyňlaşdyryldy

2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip atlandyrylmagy harby gullukçylarda uly buýsanç duýgusyny döretdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri hem günsaýyn ösýär we özgerýär. Harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen häzirki wagtda ähli harby bölümlerde sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar we bu mümkinçiliklerden harby gullukçylar maksadalaýyk peýdalanýarlar. Şunuň bilen bir hatarda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde terbiýeçilik işleri hakynda Düzgünnamanyň talaplaryna laýyklykda Ýaragly Güýçlerimiziň bölünmelerinde söweşjeň dostlugy we jebisligi pugtalandyrmak, harby düzgün-nyzamy berkitmek hem-de söweşjeň we gumanitar taýýarlygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, çagyryş boýunça harby gullukçylaryň hataryndan düzümden daşary işjeň agzalar saýlanylýar we bellenilýär. Muňa mysal edip, 2021-nji ýylyň 1-nji okuw möwsüminiň başlanmagy mynasybetli geçirilen umumy ýygnakda podpolkownik Bazargeldi Annaniýazowyň ýolbaşçylyk edýän garnizonynyň, podpolkownik Oraz Hudaýberdiýewiň serkerdelik edýän motoatyjylyk batalýonynyň bölünmeleriniň şahsy düzüminiň arasyndan düzümde

Arkadagyň ýaşlar syýasaty: ynamy ödemek — borjumyz

«Bir ýylyň aladasyny etseňiz, däne ekiň. On ýylyň aladasyny etseňiz, daragt ýetişdiriň. Ýüz ýylyň, müň ýylyň aladasyny etseňiz, nesil ýetişdiriň» diýen ýörgünli jümlede ýaşlara, röwşen geljegiň rowaçlygyna bolan ynam-umyt äşgär görünýär. Hormatly Prezidentimiz bu jümleleri has berkidip: «Ýaşlar biziň geljegimizdir» diýýär, olary Watanymyzyň güýç-kuwwatyna, abraý-mertebesine deňeýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan edilen täze ýylyň ilkinji günlerinde, Ministrler Kabinetiniň 8-nji ýanwarda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly ilkinji mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň degişli Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanmagy ýaşlara, ýaşlar syýasaty bilen bagly meselä döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändiginiň ýene-de bir aýdyň nyşany boldy. Maglumatlardan görnüşi ýaly, islendik ýurduň geljegini ýaşlar kesgitleýär, şoňa görä-de, döwletleriň aglabasynda ýaşlar syýasaty maýa goýumlaryň esasy ugurlarynyň biri hasaplanýar. Bu bolsa, öňi bilen, geljekde durnukly jemgyýeti kemala getirmekde ýaşlara möhüm ornuň degişlidigi bilen

Dostlukly gatnaşyklar barha pugtalandyrylýar

12-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ynanç hatyny gowşurdy hem-de pursatdan peýdalanyp, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýyl baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Ilçi işe başlady

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ynanç hatyny gowşurdy hem-de pursatdan peýdalanyp, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýyl baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Ilçi kabul edildi

12-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ynanç hatyny gowşurdy hem-de pursatdan peýdalanyp, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen täze — 2021-nji ýyl baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk 12-nji ýanwarda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) wekilleri bilen geçirilen wideoduşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we onuň geljegi bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Duşuşyga Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ÝTÖB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat. 12-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ynanç hatyny gowşurdy hem-de pursatdan peýdalanyp, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýyl baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Parahatçylyk we ynanyşmak — dünýäniň bagtyýar ertirlerine gapy

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 16-njy dekabrynda milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işini has-da kämilleşdirmek boýunça birnäçe tabşyryklaryny berdi. Ol tabşyryklar bada-bat Birleşigiň işgärleriniň-de, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň döredijilik toparynyň-da 2021-nji ýyl üçin esasy üns bermeli ugurlarynyň çelgisine öwrüldi. Daşary ýurtly türkmenler bilen onlaýn arkaly söhbetdeşlikleri guramak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň olaryň durmuşynda döreden oňyn öwrülişikleri, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylyň adynyň manysy we ähmiýeti hakda okyjylarymyza gürrüň bermek, şonuň ýaly-da hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyzda amala aşyrylan we aşyrylýan köpugurly işler bilen dünýä türkmenlerini yzygiderli tanyşdyryp durmak esasy wezipämiz hökmünde öňe çykdy. Şu nukdaýnazardan, DTYB-yň daşary ýurt bölümi bolan owganystanly türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýetiniň ýolbaşçysy Abdyrahman AHMET ogly bilen sanly ulgam arkaly söhbetd