HABARLAR

Belent maksatly işlere giň gerim berilýär

14-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Ruhyýet” köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garalan bu mejlisde döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz mejlisi açyp, türkmen-owgan dost-doganlyk nyşany hökmünde amala aşyrylan üç sany taslamanyň — Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat —Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr ulgamlaryň gurluşygynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaralaryň geçirilýändigini aýtdy.

Hyzmatdaşlygyň täze ugurlary

14-nji ýanwarda Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdylar.

Taryhy waka bagyşlanan maslahat

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýyl taryhy wakalara beslenip başlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýakynda Lebap welaýatynda bolan taryhy wakalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Şolaryň hatarynda Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegini, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamyň, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegini bellemek bolar. Öňňin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Akina — Andhoý menzilleriniň aralygyndaky demir ýoly, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisini hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr ulgamlaryny işe girizmek dabaralaryna bagyşlanan metbugat brifingi geçirildi. Çärä ministrler, Türkmenistanda işleýän diplomatik korpusyň, halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň redaktorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar. Şeýle hem bu çärä sanly wide

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

14-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş sapary bilen baran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Ruhyýet» köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz mejlisi açyp, şu gün türkmen-owgan dost-doganlyk nyşany hökmünde amala aşyrylan iri üç sany taslamanyň — Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisi-

Türkmen-owgan hyzmatdaşlygy doganlyk halklaryň abadançylygyna gönükdirilýär

14-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatyna bolan iş saparynyň barşynda Türkmenabat şäherindäki «Ruhyýet» köşgüne — Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli Türkmenistanda we Owganystanda dabara gatnaşyjylary birleşdiren teleköpriniň geçirilýän ýerine geldi. Dabaralara Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani hem gatnaşdy.

Maksatlar aýdyň, işler ileri

14-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz «Ruhyýet» köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň Başlygy ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän düzümlerindäki alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Wise-premýerleriň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi, anyk tabşyryklary berdi.

Ygtybarly ösüş — bagtyýar geljek

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maslahat geçirdi 13-nji ýanwarda milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň, ýurdumyzyň bilim ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy.

Parahatçylyk we ynanyşmak ― Arkadagyň ak ýoly

Parahatçylygy we ynanyşmagy dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda agzybir halkymyz täze ― 2021-nji ýyla ýagşy niýetler, hoşniýetli arzuwlar bilen gadam basdy. Halkymyzyň ykbalyna ýar bolýan her täze ýylyň taryhy özgerişleri bagtyýar watandaşlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrýar. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyryp, eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny barha artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy netijesinde täze, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi bagtyýar halkymyzyň köňül şatlygyny goşalandyrdy. Bu şygar Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny şöhratlandyrmakda, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermekde, berkarar döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmekde hem-de dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzyň durmuş syýasatynyň baş maksady — halkymyzyň abadançylygy

14-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Ruhyýet» köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz mejlisi açyp, türkmen-owgan dost-doganlyk nyşany hökmünde amala aşyrylan iri üç sany taslamanyň — Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr ulgamlaryň gurluşygynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaralaryň geçirilýändigini aýtdy.

Resmi habarlar

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, edaralary, kärhanalary, jemgyýetçilik birleşiklerini, hususy telekeçileri we ilaty nebit önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek, şeýle hem bu önümleri has rejeli peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2021-nji ýylda nebit önümleriniň möçberleri, şol sanda awtobenzin, dizel ýangyjy we awiakerosin boýunça möçberi tassyklanyldy. * * *