HABARLAR

Milli gymmatlyklarymyzyň belent sarpasy

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hem-de Türkmen alabaýynyň baýramynyň öňüsyrasynda ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getirip, nesillere miras galdyran gymmatlyklarynyň hormatyna bagyşlanyp, ýokary derejeli dabaralar, bäsleşikler we maslahatlar Watanymyzyň çar ýanyny gurşap aldy. Düýn paýtagtymyz Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylmagy hem ildeşlerimiz üçin özboluşly baýramçylyk sowgady bolup, halkymyzyň uçar ganatyna deňelýän behişdi bedewlerimize hem-de wepaly dosty bolan edermen alabaýlarymyza goýulýan belent sarpanyň nyşanyna öwrüldi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylyşyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, degişli assosiasiýalaryň wekilleri gatnaşdy. Täze binanyň mejlisler zalynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisde Halkara

Eziz Watanymyzyň belent abraýy

Şu ýylyň 16-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli, täzeçillik syýasatynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Bu syýasat oňyn Bitaraplygyň ýörelgelerine esaslanýan hem-de ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Birleşen Milletler Guramasy bilen depginli ösdürilýän gatnaşyklar hem-de Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýan BMG-niň ýurdumyza bildirýän belent ynamy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 72-si bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygy üpjün edilýär

17-nji aprelde ýurdumyzda hem-de paýtagtymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli ählihalk ýowary geçirildi. Bu çärä hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Gadymy seýisçilik ýoly dowamat-dowam

16-njy aprelde paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiziň başlyklygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi geçirildi Kaşaň «Oguzkent» myhmanhanasynyň eýwanynda sergi ýaýbaňlandyryldy. Onda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, halylar, zergärçilik önümleri hem-de ahalteke bedewleriniň gözelligini wasp edýän fotosuratlar görkezildi.

Wajyp meseleler maslahatlaşyldy

16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň wajyp meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Şol taslamalaryň durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine ýardam etmelidir. Gün tertibine girizilen meseleler boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylary hasabat bilen çykyş etdiler. Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleriniň netijeleri barada maglumat berdi. Hasabatlary degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi we anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň wajyp meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny, şeýle hem telekeçilik ulgamyny okgunly ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada hasabat berdiler. Hususan-da, nebiti we gazy çykarmagyň, gaýtadan işlemegiň mukdaryny artdyrmak, ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň önümçilik kuwwatyny ösdürmäge gönükdirilen iri maýa goýum taslamalaryny ilerletmek maksady bilen görülýän çäreler, eziz Diýarymyzyň sebitlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, nyrhlar babatda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň elektron maglumatlar binýadyny döretmek we onuň elýeterliligini üpjün etmek, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar meseleleri boýunça birnäçe kararlaryň taslamalary, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň geçiren mejlisini

BMG-niň ýurdumyza bildirýän belent ynamynyň nyşany

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary esasynda Birleşen Milletler Guramasy gatnaşyklar depginli ösdürilýär, Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýan BMG-niň ýurdumyza bildirýän belent ynamy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şu ýylyň 16-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 72-si bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Milli ykdysadyýetimizi yzygiderli kämilleşdirmegiň möhüm wezipeleri

16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň wajyp meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz gün tertibiniň meselelerine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, ulgamlary ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän anyk çäreler baradaky hasabatlaryny diňledi.

Ady rowaýata öwrülen behişdi bedewlerimiz milli gymmatlygymyzdyr

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi 16-njy aprelde paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi geçirildi.

Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizde kärhanalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem ýurdumyzda geçirilýän at çapyşyklarynda guralýan goýumly oýunlaryň hilini häzirki döwrüň ösen derejesine laýyk getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, «Türkmen atlary» döwlet birleşigine birleşigiň garamagyndaky «Goýumly oýunlar, hyzmatlar we üpjünçilik» döwlet kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony «Altyn bedew» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bellenen tertipde öwürmek tabşyryldy. «Altyn bedew» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjy hökmünde «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna — esaslyk maýadaky paýy 60 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.