Iki palataly parlamentiň döredilmegi: ýurdumyzyň döwlet gurluşynda düýpli öwrülişik

19 Aprel 2021
881

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet baştutany wezipesine girişen gününden başlap, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kanun binýadyny kämilleşdirmegiň ygtybarly guraly bolan milli parlamenti türkmeniň ata-baba gelýän döwletlilik ýörelgeleriniň esasynda gurmaga aýratyn uly yhlas siňdirdi. Şol esasda edilen işleriň netijesinde milli Liderimiziň 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde öňe süren döwletli başlangyjyna laýyklykda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen, berkarar döwletimiziň kanun çykaryjy edarasyny dünýäniň ösen ýurtlaryndaky ýaly iki palataly parlamente öwürmek baradaky möhüm mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu möhüm başlangyjy üstünlikli durmuşa geçirmek üçin Konstitusion topar döredildi. Konstitusion topar bolsa şondan soňky geçen bir ýylyň dowamynda ýurdumyzyň bu möhüm meseläni amala aşyrmaga dahylly ähli dolandyryş düzümleri, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, syýasy we jemgyýetçilik guramalary, şeýle-de halk köpçüligi bilen ýakyndan işleşmegiň esasynda uly işleri durmuşa geçirdi hem-de «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasyny taýýarlady.

Bu Konstitusion Kanunyň taslamasy 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň üçünji mejlisinde giňden ara alnyp maslahatlaşylyp, onuň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilenden soň, bu Konstitusion Kanuna laýyklykda goşmaçalar we üýtgetmeler girizilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi üstümizdäki, 2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 1-nji ýanwarynda herekete girizildi.

Atajan BURYNOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor.