HABARLAR

Türkmenistanda bosgunlaryň hukuk ýagdaýynyň konstitusion esaslary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä döwletleriniň bähbitlerini göz öňünde tutýan, bitaraplyk ýörelgelerine eýerýän öňdengörüjilikli daşary syýasat ugry barha rowaçlanýar. Halkara gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna işjeň gatnaşýan Türkmenistan döwletimiz abraýly halkara guramalary bilen bilelikde umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen netijeli işleri alyp barýar. Ýurdumyzyň Halkara migrasiýa guramasy, BMG-niň Bosgunlaryň Ýokary Komissarlygynyň müdirligi bilen bilelikde alyp barýan işleriniň netijesinde ýurdumyzda halkara derejesindäki maslahatlaryň, forumlaryň onlarçasy geçirilip, bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meseleleriniň çözülmegine iş ýüzünde ýardam eden onlarça taslamalar we maksatnamalar durmuşa geçirildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz raýatlyk meseleleri boýunça halkara Konwensiýalaryna goşulyşyp, olardaky kadalar Türkmenistanyň milli kanunçylygyna giňden ornaşdyryldy. Şeýle-de döwletimiz bitaraplyk ýörelgeleri esasynda bosgunlaryň, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamlaryň meseleleri babatynda abraýly halkara guramalary bilen dünýä derejesinde ykrar edilen düzgünnamalar esasynda möhüm hem-de nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Her bir döwletiň ilatynyň hukuk ýagdaýy içe

Döwrüň möhüm hünäri

Ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmakda, öndüriji güýçleriň ösmeginde, önümçilik gatnaşyklarynyň kämilleşmeginde, maliýe serişdelerine bolan gymmaty artdyrmakda beýleki ykdysady gurallar bilen bir hatarda, dürli ugurlar boýunça hünärmenleriň taýýarlygyna hem uly orun berilýär. Aýratyn-da, buhgalter hünärine bolan isleg has-da artýar. Ykdysadyýetiň pudaklarynda buhgalter hünärine esasy iş orunlary degişlidir. Bazar gatnaşyklaryna geçilmegi we hojalyk gurluşynyň üýtgemegi bilen, buhgalterleriň hünär abraýy hem artýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 24-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:— W atanymyzyň gözelligini artdyrmak her bir türkmenistanlynyň Watançylyk borjudyr

22-nji maýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şanly senä — Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan ählihalk ýowary geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow irden paýtagtymyzyň günortasynda Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getiren Arçabil we Çandybil şaýollarynyň aralygyndaky bagy-bossanlyk döredilen ýere geldi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

21-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny depginli ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G. Mämmedowany we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K. Babaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy.

Paýtagtym sen, ak bagtym sen, Aşgabat!

Gutly bolsun baýramyň! Aşgabadym — ak bagtymyň şäheri,

Döwlet durmuşynyň wajyp meseleleri

21-nji maýda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny depginli ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. Gün tertibine girizilen meseleler boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hasabat bilen çykyş etdiler. Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdiler. Wise-premýerleriň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi we anyk tabşyryklary berdi.

Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

Kalba — ylham, göwne — ganat Golaýda welaýat kitaphanasynyň öňündäki giň meýdançada hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat beren «Ak şäherim Aşgabat» atly ajaýyp kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Welaýat häkimliginiň guramagynda geçirilen bu tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, bilim, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Sungatyň we söýginiň mekany

Merjen şäherimiziň ösüşleriniň beýany

Düýn paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XX köpugurly halkara sergi öz işine başlady Serginiň açylyş dabarasyna Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, hökümet agzalary, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, daşary döwletleriň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.