HABARLAR

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Uhnaagiýn Hurelsuha Mongoliýanyň Prezidentiniň wezipesine girişmegi mynasybetli ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. * * *

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

27-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, ynsan gylykly bedewleri bilen didarlaşdy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli guralan dabaranyň çäklerinde paýtagtymyzyň ilatynyň adyndan milli Liderimize sowgat berlen, Akşäher atly bedew bilen didarlaşdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

25-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna seredildi. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G. Müşşikowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Ol halkara maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi

27-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň raýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy N. Amannepesowa söz berdi. N. Amannepesow şu ýylyň 14-nji maýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Resmi habarlar

26-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Oguz han adyndaky köşkler toplumynda Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Talant Sultanowy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine üns berildi. Ikitaraplaýyn artýan gyzyklanmalary we iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň özara baglanyşygyny nazara almak bilen, bu ugurda ägirt uly kuwwatyň bardygy bellenildi.

Möhüm gatnaşyklaryň täze ugry

27-nji iýunda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Gyrgyz Respublikasynyň Baştutanynyň awtoulag kerweni howa menzilinden sapar mahaly kabulhanasy ýerleşýän “Oguzkent” myhmanhanasyna tarap ugrady.

Abadan durmuşy üpjün etmegiň möhüm şertleri

Geçen anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna seredildi. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Ol halkara maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şonda birnäçe anyk teklipler milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 25-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna seredildi. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Ol halkara maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzdan dünýä uzaýan ýollar

23-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynda iş saparynyň çäginde Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň açylmagy mynasybetli dabara gatnaşdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna beslenen ýylda täze howa menziliniň ulanylmaga berilmegi yklymyň iri ulag-logistika merkezi, Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän esasy halka hökmünde Watanymyzyň eýeleýän ýörelgesini berkitmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň toplumlaýyn strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädimdir.

Eziz watan — toýly mekan

Ýurdumyzyň gündogar sebitinde iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji iýunda Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň hem-de Türkmenabatda «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdy. Ýurdumyzyň gündogar sebitinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine bagyşlanan konsert bolsa şol dabaralaryň üstüni ýetirdi. Irden milli Liderimiziň dikuçary Kerki şäheriniň Halkara howa menziliniň çäginde gondy. Soňra hormatly Prezidentimiz awtoulagynda dabaralaryň geçirilýän ýerine tarap ugrady. Uly baýramçylyk şatlygyna we ýokary ruhy göterilişe beslenen täze howa menziliniň çäklerinde döwlet Baştutanymyzy Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Lebap welaýatynyň häkimi, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri garşyladylar. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren owadan aýdym-sazly we tansly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.