HABARLAR

Özgerýän dünýä we ösüşiň täze ýollary

Ýer togalagynyň üstündäki täsin ýaşaýşyň dynuwsyz özgerýändigi tebigy hadysalara hem-de adamzadyň aň ösüşine baglydyr. Köp sanly taryhy, ylmy maglumatlardan, syýasaty öwrenijileriň gelen netijelerinden çen tutulanda, dünýä siwilizasiýasynyň ojaklary Zeminiň bir sebitinden beýlekisine, bir yklymdan başga bir yklyma geçip durýar. Şonuň netijesinde dörän dünýä ösüşine düýpli täsir eden birnäçe medeni ojaklaryň taryhy henize çenli hem düýpli öwrenilýär. Biziň halkymyzda «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýen parasatly aýtgy bar. Parfiýa döwletinden başlan, beýik Seljuklar şadöwletine çenli dünýä medeniýetiniň gülläp ösen ojaklarynyň biri bolan türkmen topragynyň tutuş sebitimiziň täzeden ösmegine, galkynmagyna nusga bolýan häzirki döwletlilik ýoly geljege umytly garaýan, gülläp ösüşlere ymtylýan köp-köp halklaryň arzuwlaryny ganatlandyrýar. Ylalaşyk deňzi diýip at alan gojaman Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň hem-de bu sebitiň zenanlarynyň dialogynyň geçirilmegi dünýä ösüşlerine tarap täze ädimleri kesgitledi. Bu halkara çäreler sebitiň belentliklere tarap hereketiniň ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmäge kömek etdi. Iň esasy bolsa dünýäniň ähli ha

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Zenanlar biziň eziz Diýarymyzyň buýsanjydyr

Deňiz kenaryndaky ýürekdeş söhbetler «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň tomus paslynyň ajaýyp gününde gojaman Hazaryň türkmen kenarynda bolup geçen — Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy barha golaýlaýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň öň ýanyndaky möhüm ähmiýetli taryhy wakalaryň biri boldy. Onuň bilen bir wagtda halkara derejedäki forumlaryň birbada altysynyň geçirilmegi, türkmen topragynda toýlaryň toýa ulaşýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. «Berkarar» myhmanhanasynyň Maslahatlar zalynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy sebitiň zenanlarynyň durmuşyna aýratyn ýakym çaýan taryhy wakadyr. Mälim bolşy ýaly, sebitiň zenanlarynyň dialogy geçen ýylyň 23-nji dekabrynda döredilip, dialogyň ugry boýunça gysga döwrüň içinde onlaýn görnüşde köp sanly çäreler geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen ilkinji gezek myhmansöýer türkmen topragynda bir supranyň başynda, ýüzbe-ýüz görnüşde geçirildi. Şunuň özem sebitiň zenanlarynyň biri-birleri bilen ýakyndan tanyşmagyna, dostlaşmagyna, ýürekden söhbetdeş bolmagyna, pikir we tejribe alyşmagyna giň mümkinçilikleri döretdi.

Ak öý — döwletlilik ojagy

Medeni-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Daşoguz topragy uzak müňýyllyklaryň dowamynda gülläp ösen şäher-kentleriň, köp sanly kerwensaraýlaryň, galalaryň hem aramgähleriň gadymy mekanlarynyň biri hasaplanýar. Täze toplum Zemin gözelliginiň nusgasyna deňelen, ata-baba oturymly bu gadymy mekanyň uly taryhy geçmişini bagtyýarlyk döwrümiz bilen baglanyşdyrýar, täze eýýamyň döredijilik ruhy bilen onuň many-mazmunyny baýlaşdyrýar, mertebesini beýgeldýär. Welaýat merkeziniň gözel künjegine görk goşýan «Türkmeniň ak öýi» binasy halkymyzyň ezellerden sungat derejesine ýetirilen gurmak gudratynyň täze mysaly bolup, alyslardan seleňläp görünýär, onuň belent durky, zerefşan keşbi çyrazly Günüň şempa ýagtysyna öwşün atyp, Aýyň jemalyna şugla saçýar. Ol il-halkymyzyň toý-baýramlaryny ata-baba ýörelgelerine laýyklykda uludan toýlaýandygynyň, gadymdan ýörgünli milli däpleriň dowamat-dowamdygynyň, täze eýýamymyzda bu däpleriň müň öwüşginler bilen nurlanýandygynyň nusgasydyr. Halkymyz uly geňeşler bilen toý tutmaga başlanda, bu toýlaryň ýaraşygy bolan ak öýleri gurýar. Ak bagtdan görk alýan häzirki döwrümiz bolsa, toý-baýramlaryň, egsilmez eşretleriň hem şatlyklaryň eýýamydyr. Ýurdumyzyň be

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi

Aşgabat, 24-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda täze bellenen hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkony kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşuryp, türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de rowaçlyk we parahatçylyk döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildiren BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly senagat toplumlary kemala gelýär Döwlet Baştutanymyz welaýatymyzda ägirt uly “Galkynyş” gaz känindäki nobatdaky guýularyň hem-de täze binanyň gurluşygyna badalga berdi

23-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatymyza amala aşyran iş saparynyň barşynda iri “Galkynyş” gaz känine baryp gördi we bu ýerde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan çäreleriň çäklerinde täze guýularyň gurluşygyna badalga berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sebitde ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda köpçülikleýin dabaralary geçirmek üçin niýetlenen binanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň dikuçary tebigy gazyň ägirt uly goruna eýe bolan käniň ýanyndaky ýörite meýdança gondy. Milli Liderimiz bu ýerden dabaraly çäräniň geçirilýän ýerine tarap ugrady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

20-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşy bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlis başlanmazdan öň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G. Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada maglumat berdi.

Olimpiýa oýunlaryndaky üstünlik alkymyzyň buýsanjyny hem-de Watanymyzyň abraýyny artdyrdy

“Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda geçirilen dabaraly çärä hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, tanymal türgenler hem-de tälimçiler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orna mynasyp bolan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Ony wise-premýer, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi S. Berdimuhamedow okady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly senagat toplumlary kemala gelýär

Döwlet Baştutanymyz Mary welaýatynda ägirt uly “Galkynyş” gaz känindäki nobatdaky guýularyň hem-de täze binanyň gurluşygyna badalga berdi Mary welaýaty, 23-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda iri “Galkynyş” gaz känine baryp gördi we bu ýerde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan çäreleriň çäklerinde täze guýularyň gurluşygyna badalga berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sebitde ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda köpçülikleýin dabaralary geçirmek üçin niýetlenen binanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Döwrümiziň rowaç menzilleri

20-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşy bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Hasabatlary degişli yzygiderlilikde diňläp, döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda hödürlenen Kararlara gol çekip, ýolbaşçylara resminamalary ýerine ýetirmek boýunça degişli görkezmeleri berdi. Türkmenistan — BMG: täze teklipler

Ajaýyp ertiriň şuglasy

Düýn hormatly Prezidentimiz Mary welaýatynyň çägindäki «Galkynyş» gaz käninde gaz guýularynyň gurluşygyny tamamlamak işlerine badalga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşdy. Ol ýerde nobatdaky gaz guýusynyň buraw işlerine ak pata berildi. Şeýle hem milli Liderimiz Mary şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda 3000 orunlyk köpçülikleýin dabaraly çäreleri geçirmäge niýetlenen binanyň düýbüni tutulyşyna hem-de Mary welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan konsertine gatnaşdy.