HABARLAR

Täsin deňiz jandary

Narwal – täsin deňiz jandary hasaplanyp, oňa başgaça ýeke şahly deňiz jandary hem diýilýär. Bu jandar süýdemdirijiler maşgalasynyň narwal atly ýeke-täk urugynyň wekilidir. Onuň ady islandiýa dilinden gelip çykyp, «nar» – «kül reňk», «wal» – «kit» diýmegi aňladýar. Bedeniniň uzynlygy 3,8 – 4,5 metr, täze doglan narwal çagasynyň uzynlygy 1 – 1,5 metr, erkekleri 2 – 3 tonna, urkaçylary 900 kilogram töweregi bolýar. Kellesi togalak, ýöne maňlaýy öňe çykyp durýar. Olaryň iki sany depe dişi bolýar. Erkek narwalyň çepe towlanan spiral şekilli gyýak dişleriniň agramy 10 kilogram, uzynlygy 2 – 3 metre deň bolýar. Urkaçylarynda bular ýaly dişler örän seýrek bolýar.

Iň gymmatly pişik

Adamzat asyrlaryň dowamynda tebigatdan yzygiderli peýdalanyp, onuň önümlerini öz islegine görä üýtgedip gelipdir. Seçgiçilik ylmynyň ösmegi netijesinde janly bedenleriň iň gowy görnüşlerini we tohumlaryny döretmegi başarypdyr. Sawanna pişiginiň döredilmegi seçgiçilikde hünärmenler tarapyndan gazanylan oňyn netijeleriň biri hasaplanylýar. Sawanna pişigi owadan we mylaýym häsiýetli öý pişigini almak maksady bilen ýabany afrikan serwal pişiginiň we öý pişiginiň (bengal pişigi) özara çaknyşdyrylmagy netijesinde döredilýär. Bu pişigiň süýnmek bedeni iri bolup, onuň boýy 60 santimetre, agramy 15 kilograma çenli ýetýär. Penjeleri uzyn, boýny uzalan görnüşlidir. Bedeniniň garamtyl tegmilli, goňur we altynsow reňkli tüý örtügi gür ýerleşendir. Pişikleriň beýleki tohumlaryna garanda, sawanna pişiginiň aňlaýyş ukyby has ösendir. Berk bedeni owadan bolup, alajagaplaňy ýada salýar. Sawanna pişiginiň aýaklary uzyn, gözleri iri we tegelekdir.

Her jandarda bir ukyp bar

Teneçiriň alty aýagy bar, emma ýöräp bilmeýär. Ol iň çalt uçýan mör-möjek hasaplanýar. Teneçir çar tarapyna: öňe, yza, saga, çepe uçup bilýär. Onuň tizligi sagatda 57 kilometre ýetýär.

Gunduzlar

Gunduzlar kert kenarly we dykyz suwotuly haýal akýan howdanlarda we köllerde ýaşaýan süýdemdiriji haýwanlardyr. Gunduzlaryň dünýäde 8 görnüşi bolup, Türkmenistanda şolardan diňe bir görnüşi — Merkezi Aziýa gunduzy gabat gelýär. Ýurdumyzyň käbir ýerinde bu jandara «segaby» hem diýilýär. Olaryň göwresi orta ululykda bolup, bedeni ýasydan süýnmek, kellesi ýasy, gulaklary tegelegräk we gysga bolýar. Guýrugynyň düýbi ýognas we ujuna tarap inçelip gidýär. Erkek gunduzyň agramy 9,5 kilogram töweregi bolup, bedeniniň uzynlygy 55 — 81 santimetre barabardyr. Urkaçysynyň agramy 6,5 kilogram töweregi bolup, bedeniniň uzynlygy 55 — 68 santimetre çenlidir. Penjelerindäki ýüzüş perdesiniň kömegi bilen kürekläp, suwuň aşagynda çalt hereket edip, ownuk balyklary tutup bilýärler.

Janly tebigatyň gözelligi

Towuk şekillileriň içinde iň çalt ylgaýany sülgündir. Ol diňe bir açyk meýdanda däl, eýsem, gür otlukda, tokaýlyklarda-da gowy ylgaýar. Sülgün gijesine ýerde, jeňňelligiň ortasynda ýa-da belent agaçlaryň şahalarynda ýatýar. Tomsuň yssy günlerini olar, köplenç, suwly ýaplaryň boýunda biten jeňňellikleriň, gamyşlyklaryň kölegesinde geçirýärler we gün öýleden agandan soň iýmitlenmäge çykýarlar. Sülgün örän köpelgiçdir. Ol her gezekde 7—18, köplenç, 8—14 ýumurtgany basyp çykarýar. Aprel-maý aýlarynda köpelýär. 21—23 gün diýende, ýumurtgadan jüýjeler çykýarlar. Jüýjeler perleri biraz gurandan soň, özbaşdak hereket edip we iýmitlenip başlaýarlar. Eýýäm 50 günden soň olar uçmaga ukyply bolýarlar. Ekinlere zyýan beriji mör-möjekleri ýok etmekde sülgünleriň peýdasy uludyr.

Tebigatyň täsin guşlary

Ýurdumyzyň günbatar künjegi öz tebigy aýratynlygy bilen tapawutlanýar, bir tarapy belent daglar, beýleki tarapy Hazar deňzi we çöllükler bilen gurşalyp, owadan gözellige eýedir. Günbatar Türkmenistanda haýwanlaryň, guşlaryň ençeme görnüşi duş gelýär. Baýguş şekilliler otrýadyna degişli guşlar dünýäniň köp ýerlerine ýaýrandyrlar. Olaryň köpüsi oturymly ýaşaýarlar. Bu guşlar towşanlar, kirpiler, ördekler, syçan şekilli gemrijiler, maýda serçe şekilli guşlar bilen iýmitlenýärler. Dünýäde olaryň 133 görnüşi, Türkmenistanda bolsa 9 görnüşi duşýar. Olar sykylykçy hüwüjik, melemtil sary hüwüjik, ak hüwi, baýguş, otagaly hüwi, batga hüwüsi we beýlekilerdir.

Guşlar — tebigatyň bezegi

Garlawaç Halk arasynda tanalýan guşlaryň biri-de serçeşekilliler toparyna degişli garlawaçdyr. Mart-aprel aýlarynda, ýagny baglara jan girip ýapraklanda garlawaçlar biziň ýurdumyza höwürtgelemäge uçup gelýärler. Adatça, garlawaç geçen ýyldaky guran höwürtgesine gelýär we ony täzeden dikeldýär. Eger höwürtge ýykylan bolsa, onda täzesini gurýar. Höwürtge gurmaly ýerini birnäçe gün öňünden öwrenýär. Höwürtge gurmak üçin saýlanýan ýeriň esasy şertiniň biri — garlawajyň girip-çykmagy üçin girelgäniň gije-gündiz açyk bolmagydyr. Garlawaç höwürtge gurmak üçin toýun toprakdan palçyk, owunjak gury ot-çöpleri ulanýar. Içine ownuk ýumşak ot, ýelek we ýüň düşeýär. Höwürtgä, adatça, 4 — 6 ýumurtga goýýar. Ýumurtgany 13 — 15 gün basýar, jüýjesini iýmitlendirmegi 19 — 22 gün höwürtgede we 1-1,5 hepde höwürtgeden uçandan soň dowam edýär.

Haýwanlaryň durmuşyndan

Amur gaplaňy — pişikler maşgalasynyň demirgazyk wekilidir. Ol Russiýanyň günorta-gündogarynda gabat gelýär. Bu gaplaňyň 5 santimetr galyňlykdaky ýagly hem-de gür tüýli derisi ony aýazly howada örän oňat goraýar. Onuň bedeniniň uzynlygy guýrugy bilen bile alnanda 3,8 metre ýetýär. Amur gaplaňy jynsyna görä 160 — 280 kilograma çenli agramlykda bolýar. Ol halkara Gyzyl kitabyna girizilen haýwanlaryň biridir. * * *

Sähra pyşdyly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly, öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda eziz Watanymyzyň owadan, gözel, baý tebigatyny ylmy esasda öwrenmäge we goramaga giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň 80% meýdanyny tutýan Garagum sähramyzyň ösümlikdir haýwanat dünýäsiniň täsinligi her bir göreni haýrana goýýar. Sähra pyşdyly — pyşdyllar toparynyň, guryýer pyşdyllary maşgalasynyň wekilidir. Sähra pyşdylynyň tegelenen gorag çanagynyň üstki bölegi karapaks, aşaky bölegi bolsa plastron diýlip atlandyrylýar. Karapaksyň sarymtyl-çalymtyl reňki bolup, sazlaşyp siňip giden owadan, keşde şekilli gara tegmilleri bolýar.

Çürçüri – Garagumuň oturymly guşy

Ata-babalarymyz birnäçe müňýyllyklaryň dowamynda tebigat bilen sazlaşykly ýaşap gelipdirler.Ýylyň dowamynda yzly-yzyna tirkeşip gelýän, pasyllaryň her bir aýynyň günlerinde, ongünlüklerinde bolup geçýän tebigat hadysalaryny synçylyk bilen durmuş eleginden geçirip, jikme-jik öwrenip, baý milli edim-gylymlary döredipdirler. Her bir maşgala ojagynda ösüp gelýän ýaş nesilleri zähmetsöýüjilik, tebigatsöýüjilik, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge aýratyn ähmiýet beripdirler. Hemişe öz çagalaryna, agtyklaryna, çowluklaryna tebigatyň janly-jansyz ajaýyp gözelliklerini rejeli peýdalanmaga, olary gorap saklamaga hem-de onuň baýlaşmagyna ýardam etmegi ündäpdirler. Şeýle hem gaýtalanmajak türkmen tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň görnüşlerini ýaşaýan ýerine mahsus aýratynlygy bilen owadan atlandyrypdyrlar. Ösümlik we haýwanat dünýäsine örän baý bolan Garagum sährasynda ýaýran guşlar hem özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýarlar. Guşlar dünýäsiniň gargalar maşgalasyna degişli bolan çürçüri Garagum sährasynyň oturymly guşudyr. Türkmen halkymyz, aýratyn hem gum obalarynyň ýaşaýjylary bu çöl guşuny çürçüri diýip, mynasyp atlandyrypdyrlar. Bu at bolsa guşuň «çür-çür» edýän sesinden ugur alnyp goýlan atdyr.