HABARLAR

Guşlar haçan göçýärler?

Jandarlar bir ýerden başga ýere möwsümleýin göçýärler. Muňa olaryň ýaşaýan ýerlerinde iýmitiň ýetmezçiligi, gurakçylyk, suwuň derejesiniň üýtgäp durmagy, ýokary galmagy ýa-da çekilmegi, doňmagy, adam işewürligi we beýlekiler sebäp bolýar. Bu guşlar babatda-da şeýle. Olar beýleki jandarlara garanda, gysga wagtyň içinde uzak aralygy geçýärler. Guşlar köplenç şol bir ugur boýunça uçup, kenar ýakalarynda aram-aram düşläp, iýmitlenenlerinden soň, ýollaryny dowam edýärler. Haýran galaýmaly tarapy hem guşlaryň göçüşleriniň biri-biriniňkä meňzemeýänligidir. Sakarbarak, tersaýak, çuluk (käbir görnüşleri), baýguş gün ýaşandan soň uçsa, serçe, sar, torgaý, garlawaç, goýunguşlar, geçiguşlar gündiz göçýärler. Ördek, çarlak, çärik gije-gündiz uçýan guşlardyr. Uçup barýan guşlara howa şertleri hem täsir edýär, ýel öňünden bolsa pessaýlaýarlar, tersine, yzlaryndan bolsa ýokary galýarlar. Uçup barýan ördek, jüptün, çuluk ýaly, suw guşlary gury ýere golaýlanlarynda 50 – 100 metr ýokary galyp, suwy görenlerinde aşak gaýdýarlar. Suwda we batgada ýaşaýan guşlaryň müňlerçesi ýylda iki gezek (ýaz we güýz) Hazar deňziniň üstünden uçup geçýärler. Olaryň köp sanlysy goraghananyň Türkmenbaşy, Balkan, Demirgazyk Çeleken aýlaglarynda, Esenguly

Iň sowuk sebit

Ähli janly-jandarlar, megerem, ýyly ýurdy söýýän bolsalar gerek. Emma, ynsan babatynda bu ýagdaý düýbünden başgaça. Muny «towşana dogduk depe» diýlişi ýaly, dünýäniň iň sowuk howaly künjeginiň — Russiýa Federasiýasynyň Saha (Ýakutiýa) respublikasynyň ilatynyň mysalynda hem görmek bolýar. Bu ýerde Werhoýansk hem-de Oýmýakon atly ilatly ýerlerde gyş paslynda iň sowuk howanyň temperaturasynyň – 71 ° C derejä çenli düşýändigi hasaba alyndy.

Al­tyn ba­ly­jak­lar ha­kyn­da

Al­tyn ba­ly­jak­lar te­bi­ga­tyň tä­sin gö­zel­li­gi ha­sap­lan­ýar. Olar karp­lar maş­ga­la­sy­nyň we­kil­le­ri­niň bi­ri­dir. Hy­taý­ly­lar bu ba­ly­ja­gy ga­dym dö­wür­ler­den bä­ri ös­dü­rip ýe­tiş­di­rip­dir­ler. Bu ba­lyk­laryň gy­zyl ýa-da al­ty­n menekli öý­jük­le­ri bol­ýar. Ba­lyk­çy­lar seç­gi iş­le­ri­ni ge­çir­mekleri ne­ti­je­sin­de çal, sa­ry menekli al­tyn ba­ly­jak­la­ryň to­hum­la­ry­ny dö­re­dip­dir­ler. Tak­my­nan, IX asyr­da ba­lyk­çy­lar ta­ra­pyn­dan al­tyn ba­ly­jak­lar tu­tu­lyp­dyr. Em­ma olar bu ba­ly­jak­la­ry iý­män­dir­ler. Ba­lyk­la­ryň gö­zel keş­bi adam­la­ry haý­ran gal­dy­ryp­dyr. Şol se­bäp­li hem ýö­ri­te ho­wuz­la­ry dö­re­dip, ola­ry onuň için­de sak­lap­dyr­lar. Şeý­le ho­wuz­la­ry yba­dat­ha­na­la­ryň go­la­ýyn­da gu­rup­dyr­lar. Din­dar adam­lar bol­sa, ola­ra yzy­gi­der­li ideg edip­dir­ler we iý­mit­len­di­rip­dir­ler. Olar bu ba­ly­jak­la­ry öz­le­ri­niň go­rag­çy­sy hök­mün­de ka­bul edip­dir­ler.

Doky, bekre, kepir ... balyklary bar

Hazar deňzi tebigatyň taýsyz, täsin merjenidir. Birmahallar Tetis diýlip atlandyrylan ägirt uly gadymy ummanyň bir bölegi bolan bu deňiz tebigy özgerişleriň netijesinde beýleki deňizlerden tapawutly bolup galypdyr. Gojaman Hazaryň geografik ýerleşişi, tebigy gurşawy, ösümlik we haýwanat dünýäsi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Guşlaryň esasy uçup geçýän ýollarynyň üçüsi Hazar sebitinde kesişýär. Şonda olaryň aglabasy baý batgalyk ýerlerde we deňze guýýan derýalaryň aýaguçlarynda gyşlamak hem-de höwürtgelemek üçin amatly şertleri tapýarlar. Her ýyl Hazaryň türkmen kenarynda, Ogurjaly adasynda, şol sanda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Hazar deňzinde döredilen emeli adada guşlaryň müňlerçesi gyşlaýar we höwürtgeleýär.

Göwenekler — gözel guşlar

Mahal-mahal hyruç edip, tebigata gezelenje çykaýmam bar. Güýzüň ortaky aýynda şol günem welaýat merkeziniň golaýyna — Uly Balkan dagynyň etegindäki giňişlige seýle çykypdym. Gün ýaňy guşluga galypdy. Ýagyş-ýagmyr güýçli gelende suw akýan çaýyň kenarynda ösüp oturan ýylgynyň deňine ýetiberenimde, birdenkä ol ýerden alahasyrdy bolup çykan guş uçmakçy boldy, ýöne başa barmady. Sol ganatyny sallap, derrew ýere gondy. Gögümtil kepderiniň ululygyndaky ol guşuň beden gurluşy owadandy, ykjamdy. Kelle tutuşy, çüňki, gözleri, aýaklarynyň dyrnaklary laçyna çalym edýärdi. Arkasy meneksiz açyk çypar, guýrugynyň etegrägi açyk reňkli we ujy gara zolakly guşuň agramy 200 gram töweregidi. Men hemişe-de tebigat, haýwanat we ösümlik dünýäsi babatda sowal dörese, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň başlygy Öwlüýaguly Gurbanowa jaň edýärin ýa-da ýanyna ýöriteläp barýaryn. Onuň tebigatyň täsinlikleri, dürli janly-jandarlaryň, ösümlikleriň häsiýetli aýratynlyklary barada berýän gürrüňleri özüne bendi edýär. Beýle guşy ozal ýakyndan görmänim üçin, onuň nähili guşdugyny bilmek höwesi bilen bu gezegem Öwlüýaguly aganyň ýanyna bardym. Saglyk-amanlyk soraşylansoň, ol bolan wakany aýdaryma mähetdel:

Muny bilmek gyzykly

Ähli janly-jandarlar ýaly, balyklar hem kisloroddan dem alýar. Ýöne olar ony howadan däl-de, suwdan alýar. Munuň üçin olarda ýörite agza bar. Balyklar agzyny suw bilen doldurýarlar we suwdaky kislorody sorup alýarlar. Gyşda suwuň doňmagy bilen balyklar has aşak çümýärler we az hereket edýärler. Balyklaryň käbiri süýji suwly derýalarda, köllerde, howuzlarda ýaşaýar. Käbirleri bolsa şor suwly giňişlikde—deňizlerde, ummanlarda mekan tutýarlar. Şor suwda ýaşaýan balyklar has köpdür.

Gar leopardy barada

Gar leopardy ýa-da Irbis — göwresi uly bolan we sany azalýan ýyrtyjylaryň biridir. Olar süýdemdirijiler synpynyň pişikler maşgalasyna degişli bolup, daşky keşbi boýunça «gar leopardy» diýlip atlandyrylýar. Ol ýekelikde dag jülgelerinde ýaşaýar. Bu jandar ýitip barýandygy sebäpli Gyzyl kitaba girizilendir. Bütin Ýer ýüzünde olaryň sany 800-den hem azdyr. Gar leopardy dagly ýerlerde we dag gerişlerinde ýaşaýar. Bu maşgalanyň wekilleri Gimalaýda, Tibetde, Pamir daglarynda duş gelýär. Russiýanyň çäginde gar leopardy Sibirde, Altaý, Kawkaz daglarynyň gerişlerinde, Baýkal sebitlerinde duş gelýär. Hytaýda 500-e golaý gar leopardy bar diýlip çaklanylýar. Bu ýyrtyjyny 1761-nji ýylda ilkinji gezek fransuz alymy Jorj Býuffon suratlandyrypdyr. Pakistanyň çäklerinde hem olara duş gelmek bolýar. Alymlaryň aýtmagyna görä, gar leopardy bir million ýyl mundan ozal daglyk gerişlerde giňden ýaýrapdyr.

Ak alligator

Florida ştatyndaky Gatorland seýilgähi üýtgeşik bir «jandara» eýe boldy. Seýilgähde örän seýrek duş gelýän ak alligator dünýä indi. Ol adamlaryň goltgy bermeginde dünýä inen ilkinji alligatordyr. Bu kiçijik täsinlik dünýäniň saýlama toparynyň düzümine girdi. Gatorland seýilgähiniň baş müdiri Mark Makhýu: «bu alligatoryň dünýä inmegi «örän seýrek» we «örän täsin» diýip belledi. Täze dünýä inen urkaçy alligatoryň we onuň erkek doganlarynyň agramlary 96 gram we boýlary 50 santimetre golaý. Öz albinos kowumdaşlaryndan tapawutlylykda, bu alligatorlar gök gözleri bilen haýran galdyrýar. syýahatçylar ýakyn wagtda olary görüp bilerler. Şu ýyl olaryň köpçülige ilkinji gezek görkezilişi bolar, häzirlikçe bolsa, olar weterinar lukmanlarynyň gözegçiliginde saklanýarlar.

Muny bilmek gyzykly

Çagalar, siziň hemmäňiz haýwanat dünýäsini söýýän bolmaly. Mysal üçin, pişijekleriň, güjüjekleriň ýa-da bolmasa beýleki eýjejik jandarlaryň hereketleri siziň ünsüňizden asla düşenok. Siz olar bilen dostlaşjak hem bolýarsyňyz. Umuman, siz tebigaty eý görýäňiz. Hut şonuň üçinem, tebigatyň bir ülşi bolan haýwanlar bilen tanyşmak size gyzykly bolsa gerek! Geliň, onda bilelikde olaryň ýene-de käbirleri hakyndaky gyzykly maglumatlary öwreneliň! Kirpi — bu jandaryň ady size tanyşdyr. Muňa ýabany haýwan diýilse-de, biz ony kämahallar, melleklerimiziň içinde ýa öýümiziň töwereklerinde hem görýäris. Ol özboluşly häsiýetli jandar. Biler bolsaňyz, kirpiler 18 ýyla golaý ýaşap bilýär. Olaryň aýaklarynyň bäş barmagy bolup, ol kirpileriň çalt hereket etmegine ýardam berýär. Özlerem şol aýajyklaryň kiçijikdigine garamazdan, uzak ýoly geçmäge-de şeýle ukyply weli, kirpiler öz aýaklarynyň kömegi bilen günde 3 kilometre golaý ýoly geçip bilýär. Adatça, kirpiniň tikenleri barada aýdyp geçsek, olaryň sany ortaça 10 müňe ýetýär. Kirpileriň tikenleri her üç ýyldan täzelenip durýar. Kirpileriň hemme görnüşlerinde diýen ýaly tiken bardyr, ýöne onuň Malaýa diýlip atlandyrylan görnüşi tikensizdir.

Balykly sütün

Merkezi Aziýada gowak suwlarynda ýaşaýan ýeke-täk jandar Köýtendagyň kör ýalaňaç balygydyr. Olar Garlyk şäherçesiniň gündogar tarapynda ýerleşýän Köýtendag demir ýol menzilinden, takmynan, 45 kilometrlikde karst çöketligindäki ýerasty kölde ýaşaýarlar. Bu balyklar ilki ýüze çykarylanda sanynyň 150-ä golaýdygy bellenilýär.