HABARLAR

Hywa sülgüni

Hywa sülgüni ýurdumyzyň demirgazyk çäklerinde, ýagny Daşoguz welaýatynda hemişelik ýaşaýan guşdur. Ol Amyderýanyň aşak akymlarynda, şonuň ýaly-da, «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlarynda gabat gelýän endemik guş hasap edilýär. Geçirilen barlaglarda onuň gyş döwründe igde agajynyň has köp ýerlerinde, ýaz-tomus döwürlerinde jeňňelliklerde toplanýandygy anyklanyldy. Sülgüniň bu görnüşiniň mäkiýany we horazy hemişelik jübüt bolup ýaşaýar. Horaz sülgünler mart aýynda özboluşly sesi bilen saýrap başlaýarlar. Aprel-maý aýlarynda mäkiýan sülgünler ýumurtga goýýarlar. Soň bolsa belli bir wagt olary basyp, jüýje çykarýarlar. Aradan üç aý çemesi wagt geçip, jüýjeler uçurym bolýarlar.

Uzyn gulakly kirpi

Tebigatyň özboluşly jandarlarynyň biri-de kirpidir. Kirpileriň ençeme görnüşi bar. Olaryň arasynda köp duş gelýäni uzyn gulakly kirpidir. Ol maýda görnüşli kirpileriň biri bolup, tikeni ýumşak we gysgadyr. Onuň gulagy beýleki kirpileriňkiden uzynlygy bilen tapawutlanýar. Tüýüniň we iňňejikleriniň reňki kirpiniň ýaşaýan ýerine görä tapawutlanýar. Kirpiler, esasan, çöllerde, ýarym çöllerde, çägesöw ýerlerde ýaşaýarlar. Bu jandarlar gür ösümlikli ýerlerden we tokaýlardan gaça durýarlar.

Gulan

Gulan, täktoýnaklylar toparyna, gylýallar maşgalasyna degişlidir. Bu jandaryň meýdan alamatlary barada gysgaça beýan etsek, daşky keşbi işeňňir ýaba meňzeş bolup, onuň bedeniniň uzynlygy 206-240 santimetre çenli, agramy 200-350 kilograma çenli bolýar. Onuň sütüginiň tomusky reňki açyk çägepisint-sarymtyl bolýar, garnynyň we göwresiniň gapdallarynyň aşagy, aýaklarynyň iç ýüzi, artky butlary we üstki bölekleri, kellesiniň, boýnunyň aşak tarapy, tumşugynyň ujy ak reňklidir. Gulanyň ylgaw tizligi sagatda 60 kilometre çenli bolýar. Öňki döwürde, ýagny XX asyryň ortalarynda gulanlar diňe Bathyzda gabat gelýärdiler. Häzirki döwürde olar Sarygamyş çöketliginde, Günbatar Köpetdagda, Aşgabadyň günorta-gündogar eteginde, Mäne-Çäçe düzlüginde hem duş gelýärler. Gulanlaryň esasy ýaşaýan ýerleri dykyz we çägesöw toprakly çöllükler we ýarym çöllükler hem-de dag etekleriniň beýikli-pesli ýerleridir. Olar daglyk we dagyň uçut gaýaly ýerlerine barmagy halamaýarlar. Dürli otjumak ösümlikler, agaçlaryň ýapraklary gulanlaryň esasy iýmitidir.

Täsin jandarlaryň dünýäsine syýahat

Köpetdagyň geň-enaýy ýerleri sanardan kän. Gökderäniň tebigy dag eteklerinde ýerleşýän Janly tebigatyň milli muzeýi bolsa diňe bir çagalary däl, eýsem, olaryň ene-atalarynyň hem wagtlaryny hoş geçirmäge çagyrýan ajaýyp künjekleriň biridir. Janly tebigatyň milli muzeýi hemişe köp adamly. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurlup, 40 gektardan gowrak meýdany tutýan toplumy doly aýlanyp çykmak üçin esli wagt gerek. Bu täsin dünýä janly-jandarlaryň ençemesini özünde jemleýär. Bu ýerde olaryň muşdaklary üçin ýabany we öý haýwanlarynyň, guşlaryň, süýrenjileriň we suwda ýaşaýan haýwanlaryň köpüsi bilen tanyşmaga mümkinçilik döredilen. Onda düýeguşlar, zebralar, geçigaplaňlar, žiraflar, sülgünler, lamalar, sugunlar, şeýle-de ýylanlaryň we maýmynlaryň dürli görnüşleri goralyp saklanylýar. Toplumyň haýwanlarynyň aglabasy Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň sanawyna girizilen, örän seýrek duş gelýän jandarlaryň wekilleridir.

Pyş­ba­ga­lar ba­ra­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar

«7/24. tm» №26 (213), 24.06.2024

Ylmy açyş: Piller biri-birine at dakýarlar

Afrikadaky piller biri-birleri üçin özboluşly atlary oýlap tapyp, şolara seslenýärler. Bu barada «Nature Ecology & Evolution» žurnalynda çap edilen täze ylmy gözlegde aýdylýar. Kornell uniwersitetiniň gözlegçileri muny Keniýanyň milli seýilgählerinde pilleriň ses ýazgylaryny seljermek we maşyn bilimini ulanmak arkaly anykladylar.

Garagulak

Garagulak ýurdumyzyň günorta-günbatar töwereklerinde, Garagumda, Amyderýanyň golaýyndaky gumlarda, Murgap hem Tejen derýalarynyň aralygynda ýaýrandyr. Aktamgum, Üçtagan, Gumsepişen, Gaplaňgyr, Gazakly, şeýle hem günbatar Uzboýyň gumlary onuň esasy ýaşaýan mekany hasaplanylýar. Saýnaksak, Meşet, Amyderýa gumlarynda, gündogar Garagumda, Murgap bilen Tejen derýalarynyň aralygynda garagulak seýrek duş gelýär. Kämahal Köpetdagyň etegindäki düzlükde, Etrek derýasynyň golaýynda hem görünýär. Garagulak, adatça, alaňly gumlarda, gara ojarlyklarda, dag etegindäki çölleşen baýyrlyklarda, selçeň pisse agaçly ýerlerde, derýa boýlarynda mekan tutýar.

Ganatly zebra

Beýle diýilse bedeni uzyn-uzyn zolakly haýwanyň göz öňüne gelmegi hem mümkin. Emma bu ýerde gürrüň balyk barada barýar. Onuň şeýle atlandyrylmagy bolsa derisiniň görnüşi bilen baglanyşyklydyr. Ýer yüzünde ganatly zebra balyklarynyň 180-e golaý görnüşiniň bardygy aýdylýar. Olaryň bedeniniň ortaça uzynlygy 30 santimetr töweregi bolup, kükreklerinde ýüzgüçleri bardyr. Bu balygyň arkasyndaky ganat şekilli ýüzgüçleri örän güýçlüdir, kellesinde iňňe ösüntgileri bolýar. Onuň ýüzgüçleriniň ujunda zäherli mäzleri bar. Olaryň birnäçesiniň birigip sünjülmegi hatda adam üçin howp döredip bilýär.

Owgan tilkisi

Owgan tilkisi ýyrtyjylar toparyna, itler maşgalasyna degişlidir. Bu tilkiler ýitme howpuna degişli jandarlardyr. Sebäbi beýleki goňur tilkiler, alajabarslar, bürgütler, hatda hüwüler hem owgan tilkisiniň ýagysydyr. Bu tilkileriň göwresiniň uzynlygy, ortaça, 40-50 santimetre ýetip, gulaklary dim-dik bolýar. Bedeni sarymtyl-akgoňur-çal reňkli bolsa-da, hüžžerilip duran owadan, ýumşak gür tüýi garamtyl öwüsýär.

Delfinleriň täsin durmuşy hakda

Gadym wagtlardan bäri özleriniň täsinlikleri, şowhunlylyklary, adama ýakyn häsiýetleri bilen tapawutlanýan delfinler örän akylly jandarlardyr. Häzir olaryň dünýäde 50 görnüşi duş gelýär. Delfinleriň iň ulusy kasatka bolup, onuň göwresiniň uzynlygy 10 metre çenli ýetýär. Awuny ultrasesleriň kömegi arkaly gözläp tapýan delfinler suwda özlerinden çigit çigitlenýän ýaly ýokary äheňde ses çykarýarlar. Şol ses hem dürli zatlara degip, yzyna serpilýär we delfinleriň eşidiş agzalarynyň kömegi arkaly kabul edilýär. Delfinler çykarýan sesleri arkaly biri-birleri bilen dürli maglumatlary alşyp bilýärler. Şonuň netijesinde hem olar haýsydyr bir delfiniň balyk sürüsiniň üstünden barandygyny eşidip, tiz wagtyň içinde şol ýere ýygnanýarlar.