HABARLAR

Sähra pyşdyly

Türkmenistanda duş gelýän pyşdyllaryň biri-de sähra pyşdylydyr. Uzak ýaşaýan bu jandarlara sähralarda, agaçlaryň arasynda, daglarda we kenar ýakalarynda duş gelmek bolýar. Pyşdyllaryň ulusynyň agramy 2 kilograma, boýy 20 santimetre ýetýär. Güberçek depe çanagy pyşdyly diňe ýyrtyjy haýwanlardan däl, eýsem, Günüň jöwzaly yssysyndan hem goraýar.

Jandarlaryň täsin häsiýetleri

Milli gymmatlyklara sarpa

Türkmen alabaý itleri halkymyzyň buýsanjy bolup, olar taryhy-medeni we ruhy mirasymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk işini ösdürmek, bu ajaýyp tohum itleriň sanyny köpeltmek, ýurdumyzda itşynaslygyň ýokary hünär derejesindäki döwrebap düzümini döretmek babatda alnyp barylýan giň gerimli işler milli taryhy-medeni mirasymyzy goramagyň hem-de wagyz etmegiň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Itşynaslyk gadymdan gelýän asylly däplerimiziň biridir. Häzirki wagtda türkmen itleriniň milli mirasymyzyň gymmatlygy hökmünde goralyp saklanylmagyna gönükdirilen netijeli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitaby türkmen alabaýlarynyň halkymyzyň durmuşynda we ykbalynda eýeleýän uly orny hem-de olaryň köpýyllyk seçgiçilik işleri, bu tohum itleriň gelip çykyşy baradaky pikir ýöretmeleri, taryhy we medeni maglumatlary özünde jemleýär.

Alabaý — wepadarlygyň nusgasy

Mälim bolşy ýaly, Ýer ýüzünde itleriň köp sanly görnüşi bar. Hünärmenleriň bellemeklerine görä, türkmen itleri baradaky maglumatlar irki döwürleriň taryhyna degişli ýazgylarda hem duş gelýär. Alabaý itleri birnäçe aýratynlyklary boýunça Merkezi Aziýanyň çäginde duş gelýän beýleki tohum itlerden tapawutlanýar. Bu itler ýyrtyjy haýwanlaryň garşysyna hem çykyp bilýärler. Türkmen alabaýy eýesine wepalylygy, sakçylygy, eýesiniň malyny gorap bilýänligi bilen tapawutlanýar. Olar diňe bir goýun sürüleriniň, öý-ojaklaryň goragçysy bolman, eýsem, ata Watanymyzyň serhediniň hem goragçylarydyr. Hünärmenleriň tagallasy bilen gulluk itlerine tälim berilýär. Olar synaglardan geçirilýär we serhet birikmelerine, serhet galalaryna ugradylýar.

Gökderäniň gözel künjeginde

Bars ýylynyň ilkinji günlerinde janly barslary gözüň bilen görüp, olaryň töweregi lerzana getiriji seslerini eşitmek isleýärsiňizmi?! Onda Köpetdagyň gözel dag gerişleriniň arasynda ýerleşen Janly tebigatyň milli muzeýine baraýmaly. Barsdan başga-da tebigatyň dürli ýabany janly-jandarlaryny synlamak bolýar. Ajaýyp dag gözellikleri bilen bir hatarda, ýaşyl begrese beslenen tokaý zolaklary we olardan bölünip çykýan arassa howa, gözýetimden görünýän, gurluşygy gyzgalaňly alnyp barylýan täze şäheriň — Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň eýýäm boýy ýeten binalary bu ýeriniň gaýtalanmajak gözelligini has-da artdyrýar.

Bars balasy

Goja awçynyň hekaýaty Bar zady ýatda saklap bolýarmy?! Bir jaýdar sözüň ýa-da nakylyň, şygyrdyr rowaýatyň ýada düşmesi üçin onuň ýeri-gezegi, ýagny «gepiň gerdişi» gelmeli.

Milli gymmatlyga sarpa

Düýn Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezi binasynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalarynyň, hususy itşynaslaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiziň 27-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki jemleýji mejlisinde her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek hakynda Permana gol çekmegi bilen bagly şatlykly waka bagyşlandy. Halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny goramak we ony dünýäde giňden wagyz etmek milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylýan toplumlaýyn özgertmeler alabaýlaryň tohumçylyk işiniň ösdürilmegini hem-de kämilleşdirilmegini şertlendirýär. Türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek maksady bilen, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramyny bel

Türkmen alabaýy — wepadarlygyň nyşany

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmen alabaýy» atly kitabyny peşgeş berip, halkymyzyň durmuşynda we ykbalynda alabaýlaryň eýeleýän ornuny giňişleýin açyp görkezmek bilen, alabaýlara bolan milli gatnaşyklaryň aýratynlyklaryny, olaryň ösdürilip ýetişdirilişini hem-de saklanyşyny has-da içgin öwrenmäge şert döretdi. Türkmenistan türkmen alabaýlarynyň kemala gelen ýeridir. Ylmy maglumatlara görä, itleriň ýaşaýyş yzlary ýurdumyzyň iň gadymy ýerlerinde duş gelýär. Miladydan öňki VI asyr bilen senelenýän Jeýtun obasyndan itiň ystyhany tapyldy. Çaklamalara görä, şol döwürlerde Türkmenistanyň çäklerinde tohum itler ösdürilip ýetişdirilipdir. Şonuň ýaly-da, äpet, hyrsyz, ýasy tumşukly, dişleri syrtaryp duran, edil ýolbarsa meňzeş jandaryň boýunbagyndan tutup duran oglanjygyň keşbini köne Nusaý şähristanlygyndan tapylan we miladydan öňki II asyr bilen senelenýän şirmaýydan ýasalan şahpisint parfiýa badasynyň ýüzünde görmek bolýar.

Owadan hem ýyndam

Tebigatyň täsin jandarlarynyň biri bolan keýik maral, jeren ýaly sözler bilen atlandyrylýar. Olar owadan bolşy ýaly, ejiz hem bolýarlar. Şonuň üçin tebigat olary beýleki ýyrtyjy haýwanlardan goranmak üçin ýyndamlyk bilen sylaglapdyr. Hiç bir ýyrtyjy olary kowup ýetip bilmeýär, eger bardy-geldi atanlykda büdräýmeseler. Keýikleriň beýleki sähra haýwanlaryna meňzemeýän ýene bir aýratyn üýtgeşikligi bar. Sähra haýwanlarynyň keýik owlagyndan başgasy dünýä gelen dessine aýak üstüne galyp bilmeýärler. Keýik owlagy bolsa dessine aýak üstüne galýar. Ilki büdreýär, ýykylýar, aýagy diýenini etmejek bolýar. Emma büdrese, dikelýär. Aýagy eplense, dogurlaýar, ilkinji ädimlerini ädýär. Enesi bolsa biraz ýöreýär, şonda owlak onuň yzyndan galmaýar. Biraz wagtdanam, entek ona çenli sanamankaň, ylgap başlaýar. Ana, şonda ony kowalap hem ýetip bolmaýar. Özem dünýä gelip, entek ene süýdünden datmadyk mahalynda şeýle bolýar. Elbetde, ýaňy dünýä inen keýik owlagynyň ýyndamlygyny beýleki ýaşly keýikler bilen deňeşdirip bolmaz. Muny beýleki ýyrtyjy haýwanlaram bilýän bolmaly. Olar aw edýän mahalynda, ilki bilen, keýik owlagynyň yzyna düşýärler.

Haýwanat dünýäsinden

Ýüpek gurçuklary 56 günüň içinde öz agramynyň 86 essesine çenli iýmit iýýärler. * * *