HABARLAR

Kitap – durmuşyň aýnasy

Kitaplar geçmişde ýaşan ata-babalarymyzyň taryhy paýhaslaryny, tejribelerini, häzirki döwürde gazanylan üstünlikleri we olara eltýän ýollary öz gursaklarynda saklap, okyjylara dogry ýola gönükdiriji sapak berýärler. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ikinji kitaby şu sözler bilen başlaýar: “Kitap dünýäni açýar. Aslynda, dünyä kitaba öwrülmek ücin ýaşaýar. Kitaplar asyrlaryň taryhyny, durmuşyny, ruhuny özüne siňdirýändigi bilen şöhratlanýar. Çünki kitap döwrüň waspçysy, paýhas ummany”. Kitaplar geçmiş bilen geljegiň arasyndaky baglanyşygy saklap duran bahasyz miras hasaplanylýar. Her okalan kitap bizi bir basgançak ýokary galdyrýar. Kitap - paýhasly sözden bina edilen köşk. Bu köşgi gyşyň ýeli hem, ýazyň ýagşy hem bozup bilmez. Bu köşge seýran etmek ömre many çaýjak parasatlaryň we pursatlaryň arasynda gezim etmekdir. Kitabyň ähmiýeti, peýdasy gadymyýetden bäri mälim. Çagalykdan aňymyza siňen ertekidir rowaýatlarda, nakyldyr matallarda kitabyň edil çörek ýaly mukaddes  zatdygy öňe sürülýär. Taryhyň dürli döwürlerinde türkmeniň taryhy we medeniýeti barada köpsanly eserler ýazylyp, miras galdyrylypdyr. Elbetde, kitap ýazmaklygyň möhüm bolşy ýaly, kitaby halk köpçüligine ýetirmek hem möhüm bolu

Hormatly Prezidentimiziň Magtymguly Pyragy barada aýdanlaryndan

Magtymguly baý many-mazmunly şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan beýik akyldardyr. Adamzat paýhasynyň ägirtleriniň hatarynda pähime-paýhasa, ynsanperwerlige, hoşniýetlilige çäksiz sarpa goýan dana Pyragynyň jöwher şygryýeti külli adamzat üçin gymmatly ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dünýäsidir. ***

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde saglyk sarpasy

Ähli döwürleriň şahyry bolan Magtymguly Pyragynyň paýhasa ýugrulan dürler hazynasy türkmen halky üçin bahasyna ýetip bolmajak çuňňur many-mazmunly mirasdyr. Şahyryň edebi mirasy pelsepewi baýlykdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem dana şahyryň döredijiliginiň halkara derejesinde ebedileşdirilmegi, eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi onuň parasatly pikirleriniň we ynsanperwer garaýyşlarynyň bütin dünýä ýalkym saçýandygyny äşgär edýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy» diýip belleýär. Dana şahyryň döredijilik örüsi örän giň, köptaraply we çuňňur many-mazmunlydyr. Dünýä paýhasyna ägirt uly goşandyny goşan Magtymguly Pyragynyň nusgawy döredijiliginde hem ynsan saglygy, sagdyn durmuş ýörelgeleri aýratyn ähmiýete eýedir. Beýik şahyryň şygyrlarynda ynsanyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy saglyk, ýaşaýşyň diregi bolan sagdynlyk, saglygy gorap saklamak, oňa sarpa goýmak ýaly pikirler eriş-argaç bolup geçýär.

Päk arzuwlar hasyl bolýar

Ýurt abadan, saglyk bolsa,Galan ähli zat tapylar.Täze ýylda päk arzuwlar,Hasyl bolar, bagt tapylar. Düzüw tutup niýet-päli,Sözleseň päk ynsan ýaly,Kesbiňden tapsaň kemaly,Janyňa rahat tapylar.

Duýguly dünýä

KÜÝSEG Men şeýle bir küýsäp ene mähriniHem şeýle bir küýsäp ata pähmini, Ýetimsiredim hem ýekesiredim. Dünýäň baýlyklarnyň jemläp ählisin Hem goşup üstüne Zemzem çeşmesin,Eçilseler bal kölüni uçmahyň,Üstüne süýt deňzi bolsa peşgeşim,Ýetmiş müň melegi birden guçmagyYgtyýar etseler, ýene goşmaçaJowahyrdan daglar bolsa erkimde, Galyberse, ýene mundan başga-da,«Al!» diýilse islän zadyň şertsiz, hem«Bol!» diýenim boljak bolsa, höküm etsem,Bagyşlansa Tuby bagyn saýalapÝatmaklyk hem seýil etmek möhletsiz,Günden täç geýdirlip, Aýam aýama Alyp gezmekligem edilse idin, Süleýmanyň güýji hyzmat etse-de, Eýlensemem keramata Senem deý,Ýusubyň görkünden ýüz-müň esse edipZynat berilse-de, bulaň ählisiBoljak bolaýsa-da nete düwdügim,Saýlardym, küýseýän, kaka pähmini!Saýlardym, küýseýän, eje hüwdüsin!..

Mähir dünýäsi (Goşgular toplumy)

Dünýä bar —Binýady hüwdüden gurlan.Dünýä bar —Zemine iň gowy dileg.Heniz toprak ýaşaryp dur eneleňAk süýdüne siňen yhlasy bilen. Ýer ýüzünde hüwdi deýin mukaddesAýdym bolmaz,Ol — terezsi ynsabyň.Ene arşdan owaz alyp, gursagaZerur duýgularyn guýýar ynsanyň.

Suratlarda galan günler (Oýlanma)

Surat albomy geçmişi şu gün bilen baglap, ýatlamalardan gujagyny dolduryp, islendik wagt şol geçen günleri gaýdyp berýär. Kir-kimirsiz çagalyk ýyllarymy indi yzyna dolap bilmesem-de, suratlarda doňup galan günlere gözüm düşende welin, süňňümi üýtgeşik bir duýgy gaplap alýar. Ol wagtlar surata düşmegi halamasam-da, ejem suratçy daýyny öýe getirip, doganym ikimizi surata düşürerdi. Şol pursatlarda doňup galan keşbimizde bagt, şatlyk pürepürlenip, şu günümize-de täsirini ýetirip dur. Täze ýyl baýramçylygynda Aýazbabanyň öňünde ellerimizi galgadyp aýdan goşgularymyz häzir ýadymyza düşmese-de, şol günleriň ýatlamasy bolup, bizi ýylgyrdýar. * * *

Şygryýet çemeni

GAÝTAR MENI! Azaşdygym gözlegde,Özüme gaýtar meni!Sowap barýan gün-günden,Közüme gaýtar meni!

Beýik döwletiň beýik taryhy

Pähim kuýaşynyň şuglasy

Kitap — köňüllere, heňňamlara syýahat. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň baplarynyň atlaryny okanyňda-da, bölümleri bilen tanyş bolanyňda-da, özüňe uly syýahatyň garaşýandygyna göz ýetirýärsiň. Kitabyň ilkinji sahypalaryndan akyldar Arkadagymyzyň pelsepe dürdäneleri bizi beýik taryhy döreden pederlerimiziň şöhratly ýollaryna atarýar: «Adamzat taryhyna mahsus islendik ösüşiň gözbaşy hem, çürbaşy hem ynsanlar bilen bagly. Beýik ynsanlar beýik halky, beýik halklar bolsa beýik taryhy döredýärler. Gerdişinde gadymyýetiň aýanu-syrly habarlaryny saklaýan mukaddes topragymyzda daş-töweregiň gözelliklerini synlaýan mahalym, çuňňur oý-pikirlere hemra bolýaryn. Ýollar we iller, ykballar we ahwallar, hadysalar we netijeler hakda pikir ýöredýärin». «Hakyda göwheriniň» şuglaly sahypalaryna seýran edip barşyňa rus ýazyjysy Fýodor Dostoýewskiniň: «Durmuş — başdan-aýak öwrenmegi talap edýän ýol. Gowy kitaplar bolsa biziň durmuş menzillerindäki ýolgörkezijilerimiz» diýen sözlerini ýatlaýarsyň. Sebäbi bu kitap adamzat aslynyň şaýady bolan heňňamyň sesine gulak goýmaga çagyrýar. Özi-de, okyjynyň heňňamyň sesine gulak goýmaga barýan ýoly özboluşly taýýarlyk möwsüminiň üstünden geçýär. Ol ýol — «Hakyda g