HABARLAR

Gar adamy (Hekaýa)

Her bir ynsanyň durmuşynda bolan wakalaryň ählisi ýadynda galyp baranok. Käbir wakalar welin, haýsy ýaşda bolandygyňa garamazdan, ömrüniň ahyryna çenli ýadyňda hemişelik galýar. Meniň hem çaga wagtym gar adamy bilen baglanyşykly bolan bir waka ömürlik ýadymda galypdyr. Fewralyň ilkinji dynç günüdi. Okuwa gitmeli däldigimi bilsem hem ir turupdyryn. Gerinjiräp äpişgäniň öňüne baryp, perdäni syranymda, gözüm gamaşyp gitdi. Gözlerimi süzgekledip seretsem, galyň düşen gardan ýaňa daşary ap-ak bolup durdy. Gyşyň başyndan bäri beýle gar ýagmandy. Şonuň üçin hem galyň eşiklerimi, aýagyma ädigimi, elime elligimi geýip, daşaryk çykdym. Ejem bolsa-da bilmedim, kakam bolsa-da, olaryň bir-ä eýýäm howlynyň ýöreläýjek ýeriniň, jaýyň düýpleriniň, mal ýataga barýan ýodajygyň garyny aýrypdyr. Men bolsa arassalanan ýerden ýöremän, göni garly ýerden ýöräp, howludan çykdym. Töweregime seretsem, öz yzlarymdan başga yz ýok. Gar şeýle bir ýagypdyr welin, seretdigimçe seredesim gelip dur.

Täze ýylda

Possunym akSakgalym gar.Ýanymda-daAgtygym bar. Egnimdäki Horjunymda.Bagt baryDoly onda.

Buýsançnama

Çuňňur manydyr her bir setiri,«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi».Durşuna pähimdir paýhasyň düri,«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi». Ruhy dünýämize etdirýär seýran,Many hem mazmuny galdyrýar haýranBuýsançly mirasym edip dur aýan,«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi».

Mapuiniň öýi

Jek LON­DON, ame­ri­kan ýa­zy­jysy Gabarasynyň kiçi-girim däldigine garamazdan, «Aorai» gämisi pessaýja şemalyň ugruna çakganlyk bilen ýüzüp barýardy. Gämibaşy labyr taşlamazdan ötri gämini adanyň golaý-goltumynda, tolkunlaryň heniz göterilip ýetişmeýän ýerinde saklady. Ini-boýy ýigrimi mil bolan, suw joşan mahaly ondan bary-ýogy dört-bäş fut ýokarda galýan Nikuery adasynyň tutuş erňegi ýüz ýard giňlikde üwelen merjen çägesiniň halkasy bilen gurşalypdy. Düýbi görnüp duran dury suwly ýalpak aýlag dür balykgulaklaryndan doludy, gäminiň gerşine çyksaň, halka görnüşli merjen adasynyň aňyrsynda suwa çümüp-çykyp ýören dür gözleýjilere gözüň düşýärdi. Ada has golaý barmaga söwda gämisi hem milt edip bilmeýärdi. Çaklaňrak kürekli gaýyklara ugurdaş ýeliň öwüsýän wagty egrem-bugram bogazyň üsti bilen ada aralaşmak başartsa-da, gämiler sesýetim aralykda labyr taşlap, kenara gaýyk ugratmak bilen çäklenýärdiler.

Ýüpek jiltge

Wan MEN, hytaý ýazyjysy Bu köneje ýüpek jiltge aslynda täzejedi. Köneje diýilmegi, könelişen biçüwde tikilenligi üçin däl-de, ýigrimi alty ýyllap eýesiniň sandygynda ýatanlygy sebäplidi. Zenanlar üçin ýigrimi alty ýaş ömrüň iň bir gaýtalanmajak bahary bolsa-da, geýim-gejimleriň munça ýylda halys sary gidip, öňküligi galmaýan eken. Lowurdap duran jiltge ne-hä ile meňzeş geýlip eýesiniň egnine gelşik berdi, ne-de ony yssydan-sowukdan gorap bildi. Garaz, gerek wagty derde ýarap bilmedi-dä. Şeýdip bu owadan lybasa ýigrimi alty ýyl boldy.

Satlyk düýeguşlar

Her­bert WELLS, iň­lis ýa­zy­jy­sy Eger guşlaryň bahasy barada gürrüň etmeli bolsa, onda men üç ýüz funt sterlinge satylan düýeguşy gördüm. Ynanýaňyzmy, üç ýüz funt — diýip, dünýäniň dört künjüni torç eden gäp ussasy ýaşlyk ýyllaryny ýatlap, äýneginden üstaşyr maňa seretdi.

Täze ýyl gijesinde

Olek­sa NO­SEN­KO, uk­ra­in ýa­zy­jy­sy  Syrgyn gijesi bilen köşeşmän geçdi. Wsewolod Karpowiç oýanan mahaly içeri ýaňybir agaryp ugrapdy. Aşhanada eýýäm «hemişelik assistent — kömekçi» lakamyny alan keýwanysy Walentina Kuzminiçna, şonuň ýaly-da aýaly bilen deň-duşrak öý hyzmatkäri, maşgalanyň bir agzasyna öwrülip giden Odarka gydyrdanyp ýördi.

Eddanyň öýlenişi

Fransis BEBEÝ, kamerunly ýazyjy Ýaşajyk Eddanyň iň uly arzuwy öýlenmek. Onuň öz jana-jan aýaly bolsa, öýüni tämiz saklap, biş-düş edip, umuman, aýal maşgala degişli işler bilen gydyrdanyp ýörse nähili gowy. Nkollonyňam gelinlik saýlasy gelýärdi. Elbetde, özi üçin däl, sebäbi Nkollo Eddanyň kakasydy, oglanyň ejesi bolsa entek diri. Erkek kişi yzyny ýöretjek ogul dogrup berip, özi bilen oňşugy ýaman däl keýwanysy dirikä, üstüne aýal almaýar. Öýüň erkek kişisi, galdyrara hiç emlägi bolmasa-da, mirasdüşer diýip ölüp-öçüp barýandyr. Hatda iň bir owunjak mör-möjegem özünden soň bu dünýäde nähilidir bir yz galdyrmak bilen meşgulka, soňky demi ähli umytlaryny öçürmezden ötri, adam ogluna-da kalbynyň töründäki bu duýga ýol arçamak mahsus.

Syýagalam

Çand­ra­gup­ta WID­ÝA­LAN­KAR, hin­di ýa­zy­jy­sy Kişor şäher etegine gatnaýan otludan düşüp, beket jaýyndan geçensoň, demir ýol menziliniň ýanyndaky meýdança ýetdi. Emma o taýdan ýekeje-de taksi tapmady. Ýagyş eýýäm diňipdir, ýöne ýol entegem çalykmandy. Asmanyň ýüzi ýuwaş-ýuwaşdan açylyp başlapdy. Kişor sagadyna seretdi, görse, bäşe on minut galypdyr.

Asma sagat

Na­syr­jan Jo­ra­ýew, öz­bek ýa­zy­jy­sy Ol eli bilen diwardaky sagady görkezdi. Ene-atasy onuň näme diýjek bolýanyna düşündi. Diýmek, ogullary ýatmakçy bolýar. Ol ýuwaşlyk bilen ýerinden turup, öz otagyna ýöneldi. Ol çagaka ukusy tutsa aglardy. Şeýdibem ýatmak isleýändigini duýdurardy. Agy-garany saýgaryp ugranyndan soň, has takygy, kakasy şu asma sagady getireli bäri, ol ýatmakçydygyny sagada ümläp düşündirerdi. Ene-atasy geplemekden dogabitdi mahrum ýalňyz ogullarynyň diňe bir bu hereketini däl, eýsem, her bir gymyldysyndan onuň näme diýmek isleýändigine düşünerdiler. Bu gün şol hereket ýene bir gezek gaýtalandy.