HABARLAR

Şygyr bossanynyň ussady

Ajaýyp ylmy açyşlary, kämil şygyr, kyssa, pelsepe we sungat eserleri bilen dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna, adamzadyň medeni-ruhy ösüşine örän uly goşant goşan parasatly atalarymyzyň döredijilik mirasy Zeminiň medeni we ruhy galkynyşlarynyň taryhynda uly meşhurlyga eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen bagtyýarlyk döwründe şeýle ruhy gymmatlyklary miras galdyran danyşment-alymlarymyzyň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijilik dünýäsini ylmy taýdan çuňňur öwrenmek ýola goýuldy. Çünki olaryň her biriniň döredijilik mirasy giden bir ruhy-edebi ummandyr. Şol eserler öz döwründe halka ruhy goldaw berip, ony ýagty geljege atardy. Ol eserler diňe bir ata-babalarymyzyň taryhy belentligini we şöhratyny dikeltmek üçin däl, eýsem, beýik geljegimiziň esaslaryny berkden tutmakda hem aýratyn ähmiýete eýedir. Gojaman taryhyň bize ýetiren şeýle nepis eserleri bagtyýarlyk döwrümiziň medeniýetiniň barha çuňlaşmagyna, baýlaşmagyna, täze eserleriň döremegine, şeýle hem ýaş nesillerimizi atalarymyzyň ruhlaryna ygrarly terbiýelemäge öz täsirini ýetirýär.

Gar arabasy

(Hekaýa) Arada Hemra atalaryna baranda enesi oňa gar arabasyny görkezip, ol barada şeýle gürrüň beripdi:

Tapmaçalar

Joýany gazypEkýärler ony.Ders döküp suwaÝakýarlar ony. Kän wagt geçmän, Gögerýär gämik.Soň ol boý alýarKem-kemden galyp.

Şygryýet bossany

Salam, ýoldaş mugallym! Egsilmez hiç hormatyň, Salam, ýoldaş mugallym! Ylym — baky daragtym, Salam, ýoldaş mugallym!

«Allak kaka, alsana meni!» (Gülküli kyssa)

Arada Allak kakanyň doglan gününiň şanyna çagalary üýşüp, el telefonyny sowgat etdiler. Allak kakanyň şondaky begenäýşini bir görsediňiz! Otursa-tursa el telefonyny ýanyndan aýyrmady. Ýogsam, oňa gün içinde bir gezek jaň edýänem ýokdy. Onda-da, telefonyny ile-güne güjeňläp, daşyndan guwanmasy näme degmeýär?! Bir gün welin telefon bilen bagly bir waka boldy. Allak kaka aram-aram el telefonyny ýitirip, goýan ýerini unutmany çykardy. Onsoň ony tapyp bermek ululara-da, kiçilere-de iş boldy. Hernä agtyklaryndan biri wagtynda bu ýagdaýyň çäresini tapdy oturyberdi. Ol atasynyň telefonyna jaň edilende: «Allak kaka, alsana meni!» diýen sesli ýazgyny oturtdy. Şeýdibem, ýiten telefony gözlemekden dynaýdylar. Hezil bolaýdy, Allak kaka: «Telefonymy tapamok» diýdigi, oňa başga bir telefondan til kakýaň welin, ol nirede bolsa-da: «Allak kaka, alsana meni!» diýip, jogap berip dur.

Ylham çeşmesi

GAR Wah, söýmeýän barmy ilkinji gary?                                             (N.Rubsow).

Şygryýet mukamy

Watanyň keşbi Bir surat çek maňa, eziz suratkeş,Içinde ýaz bolsun, bolmasyn gyşlar.Köňül kenaryna gonandan bolsun,Bagt hakynda aýdym aýdýan şat guşlar.

Maksatly köňüller(hekaýa)

Doňakly gyş ýumşady. Ýaza ýan berdi. Çarwa nowruzynyň ýumşak howasy baharyň buşlukçysydy. Ýöräňde gütürdeýän garyň aşagyndaky topragyň yzgarlanmagy ýere ýyly gitmegiň ilkinji alamatydy. Tarnawyň etegindäki süňňi gowşan sümsülä çalymdaş buzuň ujundan damýan damjalar aşakdaky sürçege düşende sarsgynly seslenýärdi. Işden aryp gelen Maral diwana geçdi. Argyn gelin ymyzgandy. Az salymdan ýygjam damýan damjalaryň sesine tisginip oýandy. Ol biraz diňşirgense-de, belli bir zat aňşyrmady. Gapa gulak goýdy, äpişgä diň saldy. Gapynyň kakylmagyna garaşýan gelin ýene-de näumyt galdy. Ol gözüni boş diwara dikdi. Ýüzüne düşen ýuwa seçegi ýaly alyn saçynyň tellerini gapdal syryp, barmaklary bilen daraklady. Ýüregine güzer salan ýigidi Wepa bilen baglanyşykly ýatlamalara çümdi...

Ýürekde galan ýatlamalar

Kakaly Berdiýew ýaşlara ynanýardy, olara bil baglaýardy. Zehinli ýaşlary-da gazetiň işine çekýärdi. Kakaly Berdiýew hiç haçan göz-görtele bilip duran zatlaryna göz ýummazdy, gönüläp aýdardy. Ikinjidenem, kän okardy. Hysyrdyly işiniň, jogapkärli jemgyýetçilik ýumuşlarynyň, döredijiliginiň daşyndan okamaga hökman wagt tapardy. Döwürden yzda galmazdy.

Garly gün(oýlanma)

Gyş! Aňzakly günleriň golaýlap gelýänini bildirmejek bolýan dek, sary reňke boýap çykan topragynyň ýakyn wagtda aýazdan goranmak üçin ak gary ýorgan edinmeli boljakdygyna özi günäkär ýaly, köňlüni gussadan dolduryp giden sarymeňiz güýz bilen hoşlaşanymyz ýaňy ýalydy. Ine, eýýäm şadyýan çagajyklaryň gülküleriniň has çasly ýaňlanmagyna sebäp bolan gyşyňam bir aýy yzda galypdyr. Bu ýyl-a gyşyň owadanlygy-da üýtgeşik. Körpejeleriň meýdanda garyň üstünde dürli oýunlary oýnap, şady-horram bolup ýörüşlerini guwanç bilen synlamagyň özi köňlüňi joşdurýar. Sähel eliňe galam alýan bolsaň, nämedir bir zatlar barada oýlanmaga mejbur edýär. Menem bu gün umumy ýaşaýyş jaýymyzyň penjiresinden daşaryny synlap durşuma, akja gar barada pikire çümenimi duýman galdym. Dogrusy, ak garyň beýdip, uzak wagtlap topragy ýassanyp ýatanyny ýatlap ber diýseler, gürrüňim kän bir uzaga gider öýdemok. Sebäbi bular ýaly sowuk, garly gyşlaryň seýrek bolýandygyny ulularam aýdýarlar. Bize bolsa entek o diýen köp gyşy garşylamagam miýesser edenok. Ýöne täsinliginden, owadanlygyndan, şatlyk paýlamak ukybyndandyr-da, sähel wagtlyk myhman bolaýanda-da, gar özi barada süýjüje ýatlamalary goýmaga-ha ýetişýär. Menem şolar ýaly ýatlamalaryň birnäçesini kalbymda edil gymmatbaha