HABARLAR

Duýguly dünýä

«Adam ömürde many görmek üçin hökman arzuw etmeli!».Ýandepderçedäki ýazgylardan. GYSGANMAK

Zenan bagty (hekaýa)

Ogulsoltan her gezek adamsy iş saparyna gidende şeýle pursady başdan geçirýärdi. Ol ýene-de çagalaryny naharlap ýatyransoň, ertir irden mekdebe gitjekleriniň mekdep eşiklerini alyp, soň goňşy otaga ütük etmäge geçdi. Haýsy çagasynyň eşigini ütüklese, şol çagasy-da gylygy-häsiýeti bilen onuň göz öňüne geldi. Ol çagalarynyň eşiklerini ütükleşdirip bolansoň, «Gelip, işe gidende gerek bolar...» diýip, adamsynyň ýuwulgy eşiklerini-de duran ýerinden alyp ütükleşdirdi. ...Ogulsoltan halymsyraýan gelinlerden bolmansoň, hemişe işlerini özi etmäge çalşardy. Ol çagalaryna, adamsyna hyzmat etmekden lezzet almagy başarýan gelindi. Adamsy öýde günleri «Getir, kömekleşeýin?!» diýende hem, ol juda bir işi başyndan agdyk bolaýmasa, oňa elindäki işini bermezdi. Ogulsoltan häzirem ütük işlerini birkemsiz dynansoň, ilkagşamdan uklap galan dört ýaşlyja oguljygynyň gapdalyna geçdi. Düşekde bir gowja bolup ýatan oguljygyny synlap, höwesine bäs gelip bilmän onuň ýaňagyndan ysgap ogşady. Oglanjyk ýaňagynda bimazalyk duýup, düýrügip gozganjyrady. Ogulsoltanyň wagty bilen ukusy tutmady. Her gezek Orazmyrat gaýdyp geler uçurlary, ol şeýdip, oňly uklap bilmezdi. Aşgabada giden adamsy indi şu gije ýa-da ertiriň bir ýerlerinde gara bermelidi.

Bir owuç şemal (Gündelikden)

HOSIÝAT RUSTAMOWA, Özbegistanyň «Kitob dunyosi» gazetiniň baş redaktory. * * *

Şygryýet çemeni

SETIRLER HAKDA KELAM Uzynly-kelteli, sada setirler,Ýüwrük-çaman, paý-pyýada setirler.

Gözelligiň nusgasydyr Aşgabat

Garaşsyz, Bitarap ýurduň paýtagty,Arkadagyň ak şäheri — Aşgabat.Abadan illeriň buýsanjy, bagty —Arkadagyň ak şäheri — Aşgabat. Arş deňinde parlap baýdagy — tugy,Bagtyýar halkynyň belentdir ruhy.Ýüreklere uzan ýollaryň nury —Arkadagyň ak şäheri — Aşgabat.

Seýdi

BIR GELIN Eý, agalar, ol obada,

Türk nakyllary we atalar sözleri

Bir namart ähli goşuny heläklär. Söweşde gylyç karzyna berilmeýär.

Türk nakyllary we atalar sözleri

Bir namart ähli goşuny heläklär. Söweşde gylyç karzyna berilmeýär.

Hekaýatlar

Ynamyň güýji Jenap Braun uzak syýahatdan soň giç agşam myhmanhanalaryň birine baryp, myhmanhana işgärinden boş otag bermegini haýyş edipdir. Edil şol wagt başga bir syýahatçy hem gelip özüne boş otag berilmegini sorapdyr. Myhmanhanada bolsa iki krowatdan ybarat bir otag galan eken.

Tymsallar

Küýzeler Gadym zamanlarda bir zenanyň iki sany uly küýzesi bolup, olaryň her biri egin agajynyň bir ujundan asylyp goýlan ekeni. Küýzeleriň birinde biraz jaýryk bolup, her gezek derýadan öýe gelýänçä, içindäki suwy ýarty bolup galýan eken.