HABARLAR

Bagt nirede? (Rowaýat)

Günlerde bir gün halky tarapyndan iňňän söýülýän, hormatlanýan bir patyşa rahatlygy, asudalygy iň gowy ýagdaýda suratlandyryp bilen suratkeşe gymmat bahaly sowgat garaşýandygyny yglan edýär. Bäsleşige örän köp suratkeşler gatnaşýar. Birnäçe günläp dowam eden bäsleşigiň ahyrynda biri-birinden owadan suratlar peýda bolýar we bu suratlar köşge tabşyrylýar. Suratlary ýekän-ýekän gözden geçiren patyşa iki suraty beýlekilerden has gowy görýär. Suratlaryň birinde asuda bir kölüň suraty çekilipdir. Köl aýna kimin töweregindäki beýgelýän daglaryň keşbini şöhlelendirýän eken. Ýokarda ak pagta ýaly çuw-ak bulutlar asmanyň görküne görk goşýardy. Bu surat görenleriň aňynda ýatdan çykmajak rahatlyk döretjek ýagdaýda owadan bolupdyr.

Ady aýdym Aşgabat

Aşgabat — yzygiderli özgerip duran sungat eseri. Hut şonuň üçin hem gözel Aşgabadymyz barada söz açylanda, bada-bat Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň: — Märekeli, myhmanlydyr ojagyň,Elwan güller gelişigi gujagyň,Ak şäherim, ah, ajabym, ajabym,Bezeneňde bezenýärin, Aşgabat! —

Köňül güzeri

Türkiýe Respublikasynyň Pamukkale uniwersitetiniň edebiýat fakultetiniň häzirki zaman türk dilleri we edebiýaty kafedrasynyň müdiri, dosent Nergiz Biraý ýurdumyzyň alymlary bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar. Ol türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleriniň döredijiligini ylmy taýdan öwrenýän alym hökmünde-de giňden tanalýar. Türk alymy ýurdumyzda geçirilýän halkara ylmy maslahatlara yzygiderli gatnaşdy. 2014-nji ýylda Nergiz Biraý türkmen-türk medeni gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan goşandy hem-de Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňden wagyz etmekde bitiren hyzmatlary üçin hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Magtymguly Pyragy» ýubileý medaly bilen sylaglandy. Biz gazetimiziň şu sanynda Nergiz Biraýyň makalasyny okyjylarymyza ýetirýäris.

Şygryýet

Söz parlak Gündür, ol ýüreklerde dogup, asyrlary ýagtyldýandyr. Daglara

Çopanyň soranjaň agtygy (hekaýa)

Gurthan çopanyň Ahmet atly agtyjagy bardy. Olar şäherde ýaşaýardy. Ýöne Ahmetjik oba gelip, atasy bilen bile bolanyny kem görmeýärdi. Onsoň ony elinje oba getirip gidipdiler. Ahmet bilesigeliji çagalardan diýilýänlerdendi. Köp zady bilesi gelýärdi, hiç bir zady duşundan geçiresi gelmeýärdi. Çöl bolsa täsinlikleriň öýjügidi. Şonuň üçinem ol gelen gününden başlap, atasy öýde mahaly, onuň üstüni dürli-dümen sowallardan doldurýardy. Ahmediň bilesigelijiligi atasynyň hem göwnünden turýardy. Şonuň üçinem onuň sowallaryna jogap bermäge birjigem ýaltanmazdy. Gaýta: «Tüweleme, akylly hem düşbüje agtygym bar. Hemme zady bilmek isleýär” diýip, hemişe onuň tarypyny ederdi. Bir gezegem atasynyň säher bilen bir gujak tiken köklerini guýa atyp duranyny gördi-de, onuň näme üçin beýdýänine düşünmedi. Şonuň üçinem:

Ene ýüregi(hekaýa)

Kä ýyl bahar aýlary daglardan sil gelip, derýalary joşdurýar. Suwuny hanasyna sygdyryp bilmedik derýalar öz kenaryny üznüksiz ýykýar. Bu ýagdaý uly adamlardan, çopan-çoluklardan has-da hüşgär bolmaklygy talap edýär. Uruşda ýogalan ýanýoldaşynyň yzynda galan ýeke dikrary Begmyratjygy saklap oturan Heseli aljyradan şol mylaýym güneşli günem derýa tarapdan yzyny üzmän gümmürdi geldi durdy. Begmyrat ir bilen-ä işiklerindäki eşegarka kepbäniň gapdalynda akbaý bilen oýnap otyrdy. Birdenem gürüm-jürüm bolaýdy. Işikde ýüň boýap oturan Hesel ilk-ä: «Aý, goňşulara dagy barandyr-da», diýip, ogluny känbir ýoklabam durmady. Günortanyň öň ýanlary boluberende welin, enäniň ýüregine birdenkä howsala düşmäge başlady. Kalby bir zat syzan ýaly, edip oturan işini taşlap zöwwe ýerinden galdy. Ilk-ä ýüreginiň gürsüldisine, soňam dynuwsyz güwwüldeýän derýa tarap diň saldy. Ylgap baryp aşak ýanlaryndaky goňşusy Tuwak daýzadan: «Begmyrat jan sizde-hä däldir?» diýip sorady. Hopukdy. Ýoklugyny bilensoň, aňyrky goňşulara tarap ylgady. Arasynda: «Akbaý, Akbaý!» diýibem gygyrdy. Obanyň içinden kelteräk bir öwrüm etdi-de, tam kepbesiniň güneşinde sakgal-murtuny bejerip, her gümmürdi eşidilende-de: «Haý, pylan güzeriň kenary gitd-ow. Aýuwly güzer-ä bu ýylam kenaryny sile be

Güneşli myhman (hekaýa)

Ruslan Piwowarow 1972-nji ýylda Ukrainanyň Nowomoskowsk şäherinde eneden doglan. Häzir ol Belarus Respublikasynyň Lida şäherinde ýaşaýar. Ol Belarusuň «Полоцкая ветвь» edebiýat birleşiginiň agzasy. Üç kitabyň awtory. Rus dilinde döredýän ýazyjynyň eserleri birnäçe dile terjime edildi. Dünýä derejesinde geçirilen abraýly döredijilik bäsleşikleriniň ençemesiniň ýeňijisi bolan ýazyjynyň “Güneşli myhman” atly hekaýasyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

«Şygryýet älemi açdy bagtymy»

Önüp-ösen ýerim menzil-mekanym,Gözümiň guwanjy, eý, Türkmenistan!Sözleriň içinden çeperni saýlap,Sen hakda düzerin ençeme dessan — diýip, bütin ömrüni Watany wasp etmeklige, il-gününe guwanmaklyga bagyş edip, many-mazmuna ýugrulan ajaýyp eserlerini halkyna miras galdyran Türkmenistanyň halk şahyry Ata Salyh ýatlanylmaga mynasypdyr. Ol 1908-nji ýylda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Şordepe obasynda dünýä inýär.

«Göwün göwünden suw içer» (edep hakyndaky oýlanmalardan)

Garrylarymyz nesihat bererdiler: «Göwnüňizde saklaýan kinäňiziň mütdeti ýaglygy ýuwup sereniňde, onuň guraýan wagtyndan uzaga çekmesin» diýip. Awar şahyry Resul Gamzatowyň adam ahlagy hakynda beýik münberden aýdan bir ajaýyp sözi bar: «Seni beýik adam bolmaga borçly etmeýärler, ýöne adam bolmak seniň borjuňdyr». Diýmek, sen kim bolanyňda-da «adam» diýen beýik ada mynasyp bolup ýaşamaly.

Sonam bilen(degişme goşgy)

Tazykdyrma höwrümi,Diňletmäwer böwrümi,Ýatlap juwan döwrümi,Çaý içsem sonam bilen. Ummanda bile ýüzüp,Näz edýäň gözüň süzüp,Şanyna şygyr düzüp,Çaý içsem sonam bilen.