HABARLAR

Duýguly dünýä

GAR EREÝÄR Aklykmy, päklikmi Zeminiň ýüzi,Her kim dünýä bir tarapdan garaýar.Suw-sil edip köçelerni şäheriň,Gar ereýär.

Şygryýet bossany

GALAM, KAGYZ WE MEN Galam, kagyz garşy maňa seredýär,Men seredýän galam bilen kagyza.Gelýär duýgularmy beýan edesim,Söýgi sözlerini aýdýan dek gyza.

Şygryýet älemi

TÜRKMENIM Gara gyşyň ak getir,Özüň päksiň, türkmenim!Niýetiň ýagşa ýetir,Emdir ýarala demiň.

Şygryýet çemeni

KÄBÄŇ EKEN Özüniň egsilmez mährin siňdirip,Derdiňe düşünýän bir käbäň eken.Agsan ýerleriňde hemaýat berip,Derdiňe düşünýän bir käbäň eken.

Bir owuç şemal (Gündelikden)

HOSIÝAT RUSTAMOWA, Özbegistanyň «Kitob dunyosi» gazetiniň baş redaktory. EDEBIÝATSYZLYK BILEN SYNAMA!

Halallygyň gözbaşy

Zenana, enä hormat goýmak gadymy däplerimiziň biridir. Ilhalar perzentleri ýetişdirýän eneleriň il içinde sarpasy belentdir. Halkymyzyň baý taryhyna göz aýlanyňda, türkmen zenanlarynyň mertebesine, beýik ykbalyna buýsanýarsyň. Togrul begiň aýaly Altynjan hatyn ata çykyp, söwer ýaryny ýesirlikden boşadan, il-gününe hemaýat eden gaýratly zenan hökmünde taryha giripdir. XI asyryň ahyrlarynda, XII asyryň başlarynda ýaşap geçen Seljuk türkmenleriniň soltany Soltan Sanjaryň aýaly Türkan hatyn adamsyna döwleti dolandyrmakda, ýurduň medeniýetini ösdürmekde ýakyndan ýardam beripdir. Asyllylygy, parasatlylygy, söze çeperligi bilen uly hormata mynasyp bolan Mähesti şahyr, XV asyrda ýaşap geçen Mähri hatyn ýaly ajaýyp zenanlarymyz şygyrlary bilen edebiýatda, taryhda mynasyp yz galdyrypdyrlar. Arkama-arka aýlanyp, nesilme-nesil geçip gelýän pähimler terbiýeçilik mekdebiniň özboluşly ýollaryny goýupdyr. Edep-terbiýe meselesinde gyz maşgalanyň terbiýesi aýratyn orun eýeleýär. Gyz maşgala işe ýarandan onuň el işine ünsüni gönükdirmek hem milli terbiýäniň bir usulydyr. Çünki juda inçe, çylşyrymly çekilýän keşdeler ünslüligi, sabyr-takatlylygy, agraslygy terbiýeleýär. Şol bir wagtda bu iş çaganyň çeper döredijiligini, ukyp-başarnygyny, owadan, gowy zady saýlap bilmek, geýinmek

Bahyl adam

Bir ýolagçy ýol bilen barýarka, ýolda sataşan biri ondan: — Nirä barýarsyň? — diýip soraýar. Onda ýolagçy:

Söz manysy

Maşak Sözlüklerde görkezilişi ýaly, gadymy türki dilde başak görnüşinde bolan «maşak» sözi aslynda arpanyň, bugdaýyň, şalynyň başyny we onuň gaçan başlary toplanyp boglan kiçijik dessäni aňladypdyr. Sözüň köki — baş, ak bolsa goşulma. Söz manysynyň giňelmegi bilen ýaý peýkamynyň ujuna oturdylýan demir ýa süňk çişlere-de «başak», soňra «maşak» diýlipdir. «B» sesiniň «m» sesine öwrülişi dilimiziň fonetik aýratynlygyna laýyk gelýär: burun-murun, bu-munuň, muny.

«Kowusnamada» bedew hakynda

At bilen ynsanyň tebigaty birmeňzeşdir: ýagşy ata, ýagşy adama näçe nyrh kesseň-de utulmarsyň. Parasatly adamlar aýtmyşlaýyn: «Dünýe ynsan bilendir, ynsanam haýwan bilendir, haýwanlaryň iň gözeli bolsa atdyr». Ony saklamak hem hojalykçylykdyr, hemem mertlikdir. * * *

­Bedew hormaty (hekaýa)

Dokuz ýaşly Didar üçin atasy Täşli aganyň yzyna düşüp, obanyň at ýatagyna gitmekden gyzykly zat ýokdy. Ynsan ömrüniň iň bagtly döwri bolan çagalykdan bäri atlara bolan söýgi onuň aňyna ornaşypdy. Täşli aganyň berýän gyzykly gürrüňleriniň birýan ujy has irki döwürlere — Göroglynyň Gyraty baradaky rowaýat kysmy hekaýatlara çenli uzap giderdi. Zol-zol gaýtalanýandygyna garamazdan, Didar ol gürrüňleri diňläp, hiç ýadamazdy. Gaýta, her gezek gürrüň başlanandan tä tamamlanýança, bar ünsüni jemläp oturardy. Onuň yz ýanyndan Didaryň atasynyň gürrüňleri boýunça sowallary başlanýardy. Mahlasy, Didaryň hiç bir güni atlar bilen baglanyşyksyz geçmeýärdi. Birdenem, dünýäni sarsdyryp «Uruş turdy» diýen habar ýaýrady. Hemmeler bilen bir hatarda Didaryň kakasam fronta gitdi. Adamlaryňky düşnükli welin, athanadaky atlar hem edil urşa giden adamlar ýaly yzly-yzyna nirädir bir ýerlere äkidilip başlandy. Bu boluş Didara örän güýçli täsir etdi. Ol: — Ata, aý ata, indi atlarymyz dolanyp getirilmezmi, indi toýda at çapmarysmy?! Hany, sen maňa at münmegi, at çapmagy öwretjekdiň-ä? — diýip, howsalaly nazaryny atasyna dikdi. Agtygyna näme diýjegini bilmän birmeýdan dyman Täşli aga basym özüni ele aldy. Ol Didaryň başyny sypalap: