HABARLAR

Ogulboldy ÇOPANOWA

Watan Sagyňda Köpetdag, soluňda Köýten,

Söýgi hekaýaty (Çeper kyssa)

Demir ýol menzilinden ugran otly birsydyrgyn ses edip, paýtagta tarap ugur aldy. Men küpedeşim Aýgözeliň ykbal öwrümlerini külterläp oturyşyny ýolboýy diňläp gelýärin, diňledigimsaýy onuň arassa söýgüsine, zenan wepadarlygyna haýran galyp, aňyrsyna çykyp bilemok. Onuň çirksiz duýgulary, söýgä bolan arassa garaýyşlary, mertligi, galyberse-de, Aýgözeliň söýgüsiniň taryhy meni dörediji adam hökmünde biparh goýmady. Şonuň üçin bu hekaýaty okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildim. — Men: «Hak aşyklar biri-birine gowuşmaýarmyş» diýseler, asla ynanmaýardym. Bu aýdylanlar diňe dessanlarda bolýandyr diýip, pikir edýärdim. Men hakyky söýgi «Zöhre—Tahyr, «Leýli—Mejnun», «Gül—Bilbil» ýaly dessanlarda bolýandyr diýip düşünýärdim. Söýgi diýen belent duýgynyň ýaşyň islendik wagty hem döräp bilýändigine welin, asla ynanmaýardym. Men iň gowusy, özümiň durmuş ýolumda, ýagny kalbymyň eýesi bolup, ýüregimiň bir bölegine ornan söýgimiň dessanlardakydan-da has ezýetli bolandygyny gürrüň bereýin.

Hakdan, halkdan arkalysyň, Arkadag! (Buýsançnama)

Gözden, dilden gorawersin Danasyn,Pähmi pena, pendi perman, Arkadag!

Milli mirasym

Hazynaly dünýädir,Türkmen milli mirasy.Soňlanmajak senadyr,Türkmen milli mirasy. Bakyň bedew atyna,Girmiş taryh gatyna,Şan getirýär Watana,Türkmen milli mirasy.

Şahyryň sözi

Robert Frost, amerikan şahyry. Goşgy nämeden başlanýar?

Şygryýet

Söz parlak Gündür, ol ýüreklerde dogup, asyrlary ýagtyldýandyr. Soradym seni

Dünýä şeýle guralan (hekaýa)

Garry seýsiň sesi ysgynsyz eşidilse-de, düşnüklidi: — At bir adamyny ýowdan alyp çykar, kimem bolsa biri halas bolmaly. Kim?

Sapak (Gülküli kyssa)

Dükandan täzeje welosiped satyn aldym-da, her gün işden soň türgenleşip başladym. Birbada öwrenişmedigimdenmi, aýaklarym syzlap azar berdi. Soňabaka agyrylar aýrylyp, kem-kemden bedenime ýeňillik aralaşdy. Özümi sagdyn duýdum. Öň günde bäş-alty kilometr aralygy geçýän bolsam, indi bu aralygy on-on bäş kilometre çenli uzaltdym. Şeýdip, her gün hem gezelenç etdim, hem bedenimi tapladym. Bir günem göwnüm has uzaklary küýsäp, obamyzyň gaýrasyndan geçýän uly gara ýola çykdym. Gözüňe söweýin, aýna ýaly ýaldyrap duran tekiz ýol. Näçe sürseňem, uzaga gitseňem, ýadawlyk duýjak gümanyň ýok. Gaýtam, barha keýpiň göterilýär. Şeýle bolansoň, menem tigrimi aldygyna haýdatdym. Edil suw pese giden ýaly eňip barýan. Göwnüm joşup, sesimiň ýetdiginden aýdyma-da hiňlenýärin. Gezekli-gezegine ellerimi aşak-ýokaryk hereketlendirip galgadýaryn. Ýoldaky sürüjilerem deňimden ýylgyryşyp geçýärler. Olaryň arasynda kellesini ýaýkaýanlaram, ellerini galgadýanlaram bar. Bir sürüj-ä ulagynyň aýnasyndan kellesini çykaryp:

Begçer guýy (rowaýat)

Gum etegindäki küren obalaryň birinde düýe çopanyň maşgalasynda Begçer atly oglan dünýä inýär. Ol ulalyp, il-günüň derdine ýaraýan ilhalar ýigit bolup ýetişýär. Obadaşlary haýsy işiň hötdesinden gelip bilmeseler, ony Begçere ynanar ekenler. Begçer näçe agyr iş hem bolsa bitiripdir. Şonuň üçin düýe suwa batsa-da, çölde mal ýitse-de, Begçeriň boýnuna ekeni. Ol hiç kimden elinden gelen kömegini aýamandyr. Özem elinden dür dökülýän ussamyşyn. Begçer obasyndan Hesel atly bir görmegeý, akylly-başly gyza öýlenýär. Aýlar-ýyllar yzly-yzyna kerwen gurap geçýär, emma bu agzybir maşgalanyň perzende ýüzi düşmeýär. Munuň üçin Begçer aýalyna birjik-de igenmändir, gaýtam oňa bolan hormaty ýylsaýyn artypdyr. Günlerde bir gün sabyr käsesi dolan aýaly adamsyna garap:

Baldan bolsun sözleriň alym, şahyr, ýazyjy Giçgeldi Aşyrowy ýatlap

Ol iş eşiginde — ak köýnekde, boýunbagly halda ýazuw stoluna geçip, kämil eserlerini döredipdir. Elbetde, bu ýagdaý şahyrana zehiniň çeper döredijilige iň aňrybaş derejede jogapkärçilikli çemeleşendigine, özüne juda talapkär bolandygyna güwä geçýär. Döredijilik adamynyň, ylaýta-da, ýazyjy-şahyryň ene süýdüni emen ýeri, gözüni açyp gören täsin durmuşy onuň zandyna, döredijiliginiň hamyrmaýasyna siňip gidýän bolmaly. Bu hakykaty Giçgeldi Aşyrowyň kitaplaryny ele alanyňda, magat bilip bolýar.